Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÝALÇY III, at. Jaryň ugrundaky oý ýerlerde ýygnanyp galan bölek suw. ÝALDYRAK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ÝALÇY III, at. Jaryň ugrundaky oý ýerlerde
ýygnanyp galan bölek suw. ÝALDYRAK [ýallyrak], at. Awgust aýynda, tomus bilen güýzüň sepgidinde dogýan ýaldyrawuk ýyldyz. Ýaldyrakda tün sowar, Üç ýyldyzda gün sowar (Nakyl). Ýaldyragyň ýangyny, Üç ýyldyzyň galgyny (Nakyl). Ýaldyrak-da dogdy, epgek ýatyşdy, Indi gijelerne howa çigreýär (M. Seýidow). ÝALDYRAMA [ýallyrama], iş ady. Ýaldyramak ýagdaýy. ÝALDYRAMAK [ýallyramak], işl. 1. Mese- mälim, güýçli öwşün atmak, ýalkym salmak, lowurdap durmak, ýalpyldamak. Çaklaňrak börüginde, Gyzyl egme ýaldyrap dur (K. Gurbannepesow). 2. Şöhle bermek, şöhle saçmak, yşyk salmak. Uzakdaky dag gaýalary ýaly bolup, seleňläp oturan gum depeleriniň üstünde tegelek Aý ýaldyrap göterildi (B. Seýtäkow). ÝALDYRAMAKLYK [ýallyramaklyk], iş ady. Ýaldyramak ýagdaýy. ÝALDYRAŞMAK [ýallyraşmak], işl. Çar ýandan, ýerli-ýerden ýaldyramak. Ýyldyzlar ýaldyraşýardylar. ÝALDYRATMAK [ýallyratmak], işl. 1. Ýaldyrar ýaly etmek. Ýüzügi pamyk bilen süpürip ýaldyratdym. 2. Öwşün atdyrmak, lowurdatmak. Saçyma ýag çalyp ýaldyratdym ( Edebiýat we sungat ). ÝALDYRAWUK [ýallyrowuk], syp. Ýaldyrap duran, şöhle saçyp duran, ýalpyldawuk. Ýaldyrawuk ýüzük. ÝALDYRAÝYŞ [ýallyraýyş], iş ady. Ýaldyraşmak ýagdaýy. ÝALHOR [ýalho:r], syp. Ýal ýagysy, iliň hasabyna ýaşaýan. ÝALHORLYK [ýalho:rluk], at. Ýalhoryň ýagdaýy, ýalhor bolmaklyk. Haçana çenli özüňe ýalhor diýdirip ýörjek?! ÝALKAMA, iş ady. Ýalkamak ýagdaýy. ÝALKAMAK, işl. Ýagşylyk etmek, gowulyk bagyşlamak. Ýalkasa – ýaz, gargasa – gyş (Atalar sozi). ÝALKAMAKLYK, iş ady. Ýalkamak ýagdaýy. ÝALKANMAK, işl. Allanyň rehimdarlyk etmegine mynasyp bolmak. – Bir pire gol bersem, günämiň ötülmegine, ýalkanmagyma sebäpkär bol! – diýip, ýalbarsam diýýän ( Myraly ). ÝALKAW [ýalkow], at, ser. Ýalkama. Gudraty güýçliniň ýalkawy. ÝALKAÝYŞ,iş ady. Ýalkamak ýagdaýy. ÝALKY, syp., gepl.d. Täk, ýeke. ýalňyz. Sen bir ýalky dogan är sen, Orazym (Kemine). ÝALKYM, at. Ýagtylyk şöhlesi, şöhle. Çar tarapa ýalkym saçar ýüzleri, Ak ýüzüňize çöken nurmy, gelinler (Baýram şahyr). Gabsasyz açyk işikden dolan Aý üstümize ýalkym salýardy (A. Gowşudow). ÝALKYMLY, syp. Şöhle saçýan, şöhle salyp duran. Ýalkymly salam gadyr-gymmat bilen berilýän dabaraly, joşgunly salam. ÝALKYMLYLYK, at. Ýalkymy barlyk. ÝALKYMSYZ, syp. Ýalkym salmaýan. ÝALKYMSYZLYK, at. Ýalkymy ýokluk. ÝALLAKLAMA, iş ady. Ýallaklamak ýagdaýy. ÝALLAKLAMAK, işl. Ýaranjaňlyk etmek, gülüm-ýalym edip ýaranjak bolmak. ÝALLAKLAMAKLYK, ş ady. Ýallaklamak ýagdaýy. ÝALLAKLAMAZLYK, iş ady. Ýaranjaňlyk etmezlik, ýaranjak bolmazlyk. ÝALLAKLAŞMAK, işl. Ýerli-ýerden ýallaklamak. Itleriň her haýsy hem Durdy çopanyň öňünde ýallaklaşdylar (A. Gowşudow). ÝALLAKLATMAK, işl. Ýallaklamaga mejbur etmek. ÝALLAKLAÝYŞ, iş ady. Ýallaklamak ýagdaýy. ÝALLAMA, iş ady. Ýallamak ýagdaýy. ÝALLAMAK, işl. 1. Ite ýal bermek, ýal berip naharlamak. Çoluk itleri ýallady. 2. göç.m. Birini öz garamagyňda ekläp-saklamak (gödek äheňde aýdylýar). Garnyň ýallap, iýdirip, Men sizi adam etdim (Ş. Kekilow). ÝALLAMAKLYK, iş ady. Ýallamak ýagdaýy. ÝALLAMAZLYK, iş ady. Ýal bermezlik. ÝALLANMAK,işl. Nahar edinmek (kinaýaly). 455 ÝALLAÝYŞ, iş ady. Ýallamak ýagdaýy. ÝALLYK, syp. Ýal üçin niýetlenen. Ol ite ýallyk bäş-alty goşawuç arpa ununy-da getiripdi ( Edebiýat we sungat ). ÝALMAMA, iş ady. Ýalmamak ýagdaýy. ÝALMAMAK, işl. Berlen naharyň, iýmitleriň we iýmiň hemmesini zat goýman, açgözlük bilen çalt iýmek, ýuwutmak. Sygyr öňüne dökülen oty ýalmap goýberýärdi. Döw: Iki üzüp, bir ýalmardym (Ertekiden). ÝALMAMAKLYK, iş ady. Ýalmamak ýagdaýy. ÝALMAN, at, haýwanat d. Öň aýaklary gysga, art aýaklary we guýrugy uzyn syçan, atýalman. Ýalmanlar-da gaçyp-gaçyp, Hinlerine urýar kürsäp (M. Seýidow). ÝALMANDYRMAK [ýalmannyrmak], işl. Ýalmanar ýaly etmek, ýalmanmaga mejbur etmek. Dillerini ýalmandyrýarlar, ýuwaşrak mallaryň otlaryny demlerine dartyşyp barýarlar (B. Kerbabaýew). ÝALMANMAK, işl. Nahara ymsynyp, diliň bilen dodagyňy ýalamak, tamşanmak. – Hawa, pirim, getirdim, hanha gapyda ýalmanyp ýatyr! – diýdi (Keminäniň adyna aýdylan şorta sözlerden). ÝALMANYŞMAK, işl. Ýerli-ýerden bilelikde ýalmanmak. Garawuly görenden itler ýalmanyşyp başladylar. ÝALMAWUZ [ýalmowuz], syp. Näme tapsa, ýalmap-ýuwdup barýan, horan, doýmazak, hajymelik, iýermen (kinaýaly). Ol naharlaryň baryny edil ýalmawuz açan ýaly, şol bada lak-luk atýar (N. Pomma). ÝALŇY, at. Öýüň üzügine goşmaça bolar ýaly ýeke gamyşa salnyp basylýan keçe önümi. ÝALŇYŞ, 1. at. Işde, pikirde goýberilýän nädogrulyk, hata. Ol özüniň ýalňyşyny düzederin, arzuwyma ýeterin hasap edipdi (B. Kerbabaýew). 2. at. Hasaplaýyş, ýazuw işlerinde we ş.m. ýagdaýlarda ýüze çykýan kemçilik, nädürslük. Şu ikinji işi köpiňiz ýalňyş işläpsiňiz. Harp ýalňyşy. 3. syp. Nädogry. Ýalňyş jogap. ÝALŇYŞDYRMAK, işl. Birini ýalňyşar ýaly etmek, ýalňyşmagyna sebäp bolmak. ÝALŇYŞLYK, at. Işde, ýazuwda, pikirde goýberilýän nädogrulyk, nätakyklyk. ÝALŇYŞMA, iş ady. Ýalňyşmak ýagdaýy. ÝALŇYŞMAK, işl. 1. Ýalňyş hereket etmek, ýalňyşlyk, nätakyklyk goýbermek. Bibijemalym, indi sen meniň günämi geç, men ýalňyşypdyryn! (A. Durdyýew). 2. Biri ýa-da bir zat hakda nädogry pikir etmek. Sen gaty ýalňyşýarsyň! 3. Azaşmak, ugruňy üýtgetmek. Myhman ýalňyşandygyny soň duýup galdy. ÝALŇYŞMAKLYK, iş ady. Ýalňyşmak ýagdaýy. ÝALŇYŞMAZLYK, iş ady. Ýalňyş hereket etmezlik, ýalňyşlyk goýbermezlik. Adam bir çig süýt emen, ýalňyşmanam bolanok. ÝALŇYŞSYZ, syp. Ýalňyşy bolmadyk, ýalňyş goýberilmedik. Onuň çeper, çalasyn elleri her iki erşiň daşyndan dolap alan çitimlerini eltip, ýalňyşsyz öz ýerine gondurýar (H. Derýaýew). ÝALŇYŞYŞ, iş ady. Ýalňyşmak ýagdaýy. ÝALŇYZ [ýalňy:z], syp. Ýeke, ýeke-täk, bir özi. Ýeke-tägim, ýalňyzym, Türkmenistanym meniň! (B. Hudaýnazarow). Çagajyk aýylganç ýer titremesinde ene-atasyny ýitirip, ýalňyz galdy. ÝALŇYZLYK [ýalňy:zlyk], at. Ýalňyz ýagdaýda bolmaklyk. Magtymgulynyň häzir hem il gözünden uzakda, ýalňyzlykda pikirini durlap, açyk howada göwnüne ýeňillik beresi gelýärdi (G. Kulyýew). ÝALP: ýalp etmek birden ýalpyldap gitmek, birden ýalpyldy peýda bolmak. Uzakdan bir zat ýalp edip gitdi. ÝALPA: ýalpa gözüňi açmak gözüňi birden açmak, çaltlyk bilen açmak. Ýatagan gözlerini ýalpa açanda, Görýär özün köne ýorgan içinde (K. Gurbannepesow). ÝALPAK, syp. 1. Çuň däl, saý. Ýalpak kenar. 2. Çukur däl, çuň bolmadyk, telper. Ýalpak tabak. ÝALPAKLANMAK, işl. Suwy azalyp, ýalpak, saý bolmak. Ýapdaky suw gitdigiçe ýalpaklanýardy. ÝALPAKLAŞMAK, işl. Kem-kemden ýalpak bolup başlamak, suwy azalyşmak. Howdanyň suwy ýalpaklaşyp gidip otursa, balyklara zyýan ýetirmegi mümkin diýip, derrew çäresini tapdylar. ÝALPAKLATMAK, işl. Ýalpak bolar ýaly etmek. ÝALPAKLYK, at. Çuň dällik, saýlyk. Hazar deňziniň ýalpaklygy. ÝALPARMA, iş ady. Ýalparmak ýagdaýy. ÝALPARMAK, işl., gepl.d., ser. Ýalpaklaşmak. Ýabyň gyralary opurylansoň, suwy öňküsinden ýalparypdyr. ÝALPARMAKLYK, iş ady. Ýalparmak ýagdaýy. ÝALPARTMAK, işl. Ýalparar ýaly etmek. Käliň ugruna bäş-alty ýyldan bäri pil agzy degmäni üçin, oňa gyrmança urup ýalpardypdy (B. Kerbabaýew). ÝALPARYŞ, iş ady. Ýalparmak ýagdaýy. ÝALPOŞ [ýa:lpo:ş], at. Atyň boýnuna ýapylýan, ony çybyn-çirkeýden goraýan eşik. ÝALPYLDAMA [ýalpyllama], iş ady. Ýalpyldamak ýagdaýy. ÝALPYLDAMAK [ýalpyllamak], işl. 1. Güýçli öwşün atmak, lowurdamak. Onuň döşündäki medal ýalpyldaýardy. 2. Bezenip-beslenmek. Ol ýalpyldap öýden çykdy. ÝALPYLDAMAKLYK [ýalpyllamaklyk], iş ady. Ýalpyldamak ýagdaýy. ÝALPYLDAMAZLYK [ýalpyllamazlyk], iş ady. Güýçli öwşün atmazlyk, lowurdamazlyk. Alan gülli köýnegiň aýdylyşy ýaly-ha ýalpyldanok. ÝALPYLDAŞMAK [ýalpyllaşmak], işl. 1. Ýerli- ýerden ýalpyldamak; hemme ýeri ýalpyldamak; birnäçe zat ýalpyldamak. Çäýnek-käseler ýalpyldaşyp dur. 2. Birnäçe bolup bezenip-beslenmek. Gyzlar ýalpyldaşyp, gülşüp-degşip gelýärler. ÝALPYLDATMAK [ýalpyllatmak}, işl. Ýalpyldap durar ýaly etmek, ýalpyldamak derejesine ýetirmek. Ol ýigit ýaglygyny çalt-çalt gezdirip, ädigiň 456 gonjuny aýna ýaly ýalpyldatdy (B. Kerbabaýew). Näçe ýalpyldatsaň, mis ýene misdir, Ýüregi garanyň gözlegi pisdir (M. Seýidow). ÝALPYLDAWUK [ýalpyllowuk], syp. Hemişe ýalpyldap duran, ýaldyraýan. Başynda sury telpek, aýagynda ýalpyldawuk gara ädigi bardy ( Edebiýat we sungat ). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling