Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝALAŇGAT [ýalaňňat], syp. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet719/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   715   716   717   718   719   720   721   722   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝALAŇGAT [ýalaňňat], syp. 1. Ýeke gat, 
içliksiz, diňe ýüzli matadan ybarat. Oda giräýjek 
bolup, ýalaňgat jalbaryny göwredere getirdi (N. 
Atdaýew). 2. Bir gat, ýeke gat (sapak, ýüplük we ş.m. 
hakynda). Biçilen geýime ýalaňgat sapak bilen kök 
atdylar. 
ÝALAŇY, syp. Töňňesiz ownuk odun, çöp-
çalam. Gazanyň aşagyndaky ýalaňy ot labyrdap 
ýanýardy (B. Kerbabaýew).
ÝALAŞDYRMAK, işl. Bir ýan ujundan
ýalamak, ýalap çykmak, yzly-yzyna ýalamak. 
ÝALAŞMAK, işl. Bile ýalamak.
ÝALATDYRMAK, işl. Ýalamagy başga birine 
etdirmek. 
ÝALATMAK, işl. Ýalamaga mejbur etmek.
Tebip duzy çaga ýalatmagy tabşyrdy.
ÝALAW [ýalow] I, at. 1. Örän güýçli hem ýiti 
ýagtylyk berýän enjam. Birden şol wagt şäher 
tarapyndan oba gyzyl ýalaw tutuldy (A. Durdyýew). 
2. Örän ýiti. Munyň-a tüýs ýalaw bolaýypdyr. 

 Ýalaw ýaly örän ýiti, ötgür.
ÝALAW [ýalow] II, at. harb., kön.s. Baýdak. 
ÝALAWAÇ [ýalowa:ç], at. Allanyň resuly, 
pygamber. 
ÝALAWUNÇ [ýalowunç], at, ser. Ýalawaç. 
Ýalawunç urugly zatly ýaranlar (Magtymguly). 
ÝALAÝYŞ, iş ady. Ýalamak ýagdaýy. 
ÝALAZY, syp. Hiç zat bitmedik boşluk, ot-
çöpsüz giňişlik. Amanaly öýüni ýoldan sowarak, 
gumagrak ýalazy ýerde dikipdir (S. Myradow). 
ÝALBARMA [ýalvarma], iş ady. Ýalbarmak 
ýagdaýy. 
ÝALBARMAK [ýalvarmak], işl. Bir zat hakda 
birine ejizläp ýüz tutmak, bir zady sorap haýyş 
etmek, özelenmek. Dursun naýynjar bir garaýyş 
bilen ogluna ýalbardy (B. Kerbabaýew).
ÝALBARMAKLYK [ýalvarmaklyk], iş ady. 
Ýalbarmak ýagdaýy. 
ÝALBARTDYRMAK [ýalvartdyrmak], işl., ser. 
Ýalbartmak. Çagaňy ýalbartdyrma, özüň öňüne 
düş-de, iş, ýol öwret. 
ÝALBARTMAK [ýalvartmak], işl. Ýalbarmaga 
mejbur etmek. Ol köp ýalbardyp, ahyry kitaby berdi. 


454 
ÝALBARYP-ÝAKARMAK 
[ýalvaryp-
ýakarmak], işl. Bir zat hakynda gaty özelenip haýyş 
etmek. Akja ikimiz ýalbaryp-ýakaryp, ony zordan 
raýyndan gaýtardyk (G. Gurbansähedow).
ÝALBARYŞDYRMAK [ýalvaryşdyrmak], işl. 
Gören kişä ýalbarmak, köp adama ýalbarmak. 
ÝALBARYŞMAK [ýalvaryşmak], işl. 1. Ýerli-
ýerden bilelikde ýalbarmak. Çagalar ýalbaryşyp 
duransoňlar dözmedim. 2. Ýalbarmaga kömek etmek. 
Menem ýalbaryşdym, ol şol kitaby bererli däl. 
ÝALBAR-ÝAKAR: ýalbar-ýakar etmek  
birini rahatlandyrmak, köşeşdirmek üçin ýalbaryp 
görmek. Çagajyk ýalbar-ýakar etsem-de, sesini 
goýman aglaýardy. 
ÝALBYRAMAK 
[ýalvyramak], 
işl. 
Lowurdamak, ýalbyr-ýalbyr etmek, ýaldyramak. 
Akjagül ýaňy dogan aý ýaly ýalbyrap çykanda, jaýyň 
içi öňküsinden ýagtylyp gitdi (B. Seýtäkow). 
ÝALBYRAŞMAK [ýalvyraşmak], işl. Birnäçe 
zat bilelikde ýalbyramak. 
ÝALÇAMAZLYK, iş ady. Gönençlik görmezlik. 
Howlugan gyz äre baryp ýalçamaz (Nakyl). 
ÝALÇARMAK, işl. Açyklykda mese-mälim
görnüp durmak. Sygryň maçjasy ýalçaryp ýatyrdy. 
ÝALÇARTMAK, işl. Açyklykda mese-mälim 
görner ýaly etmek. 
ÝALÇY I, syp. Ýaly gowy görýän, iýermen (it 
hakynda). Itim hem ýalçy, hem malçy. 
ÝALÇY II, at. Dagyň ot-çöp bitmedik, 
ýylmanak, ýylçyr ýüzi. Mesgen tutar çarwadarlar, 
Ýalçysynda ýatar marlar (Magtymguly). At ýene bir 
salym ýöredi-de, bir bolgusyz öwrümjikde ýapgyt 
ýalçy daş gaýa dyrmaşyp ugrady (A. Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   715   716   717   718   719   720   721   722   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling