Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet716/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   712   713   714   715   716   717   718   719   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝALAK II, at. 1. Jykyryň dik okuny göterip 
durýan kese agaç. 2. Bosagada gabsanyň girip durýan 
ýeri. 
ÝALAKÇA, at. 1. Degirmende doludan 
dökülýän bugdaýy gora kadaly guýmak üçin
hyzmat edýän şeýtan agajy arkaly herekete
gelýän ýalpak gap. Ýalakçanyň erňekleri gädilipdir. 
2. Demir ussahanasynda suw guýlup goýulýan gap. 
ÝALAMA I, iş ady. Ýalamak ýagdaýy. 
ÝALAMA II, at. 1. Yssydan dodagyň ýanmagy 
netijesinde emele gelýän ýara. Dodagy ýalama 
bolupdyr. 2. gepl.d. Gysganç, gysyk. 
ÝALAMA III, at. 1. Derýanyň içindäki öňe 
çykyp durýan ýer. 2. Tekiz, takyr. Onuň süýr depesi 
bolsa ýylaksyz ýalama ýapa meňzeýärdi (A. 
Gowşudow). 
ÝALAMAÇ, at. Gök garylan bulamak. 
Gaýnadylýan ýalamajyň düşerine howlugýarlar (R. 
Gelenow). 
ÝALAMAK, işl. 1. Bir zadyň ýüzünden
diliňi ýöretmek, bir zadyň daşyny diliň bilen
arassalamak, bir zady diliň bilen syrmak. Bal 
tutan barmagyny ýalar (Nakyl). 2. göç. m. Çala
degip geçmek, gyltyz degmek, sypap geçmek. Ok 
meniň hem egnimi ýalap geçdi (N. Pomma). 3. göç.m. 
Iýmek, kertmek. Boýuntyrygyň samaçawlaryndan hiç 
biri galman, käbir ýerini sarygarynja ýalapdyr (B. 
Kerbabaýew).

Ýalap barmak örän sowuk bolmak (howa 
hakynda). 
ÝALAN, syp. Çyn däl, galp, nädogry. Ýalan 
gürrüň. Ýalan sözleseň, tutularsyň, düz sözleseň, 
gutularsyň (Nakyl). 


453 

Ýalana çykarmak – puja çykarmak, hakykata 
dogry gelmeýändigini äşgär etmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   712   713   714   715   716   717   718   719   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling