Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet724/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   720   721   722   723   724   725   726   727   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAMAN I, syp. 1. Islenilýän talaby ödemeýän, 
kanagatlanarly däl, erbet. Ýaman araba ýol bozar 
(Nakyl). Açlyk ýaman zat, az-owlak garbandy (A. 
Gowşudow). 2. Örän, gaty, has, juda. – Myradaly 
aga, bu gün ýaman irläpsiň-le – diýip, ondan 


457 
ýuwaşlyk bilen sorap, onuň ýanynda oturdy (N. 
Pomma). 3gepl.d. Ederini bilýän, dogumly. Ol gaty 
ýaman adam, hiç haçan hor bolar öýdemok. 

Ýaman ada galmak iliň öňünde abraýdan 
düşmek, ýaman atly bolmak. Ýaman ada goýmak 
biriniň ýüzüni gara etmek, abraýyny gaçyrmak. 
Başlan işini ahyryna ýetirip bilmedi diýen ýaman ada 
goýaýmasyn, gowy işläliň! Ýaman algyly ýaly 
hemişe ary köýen ýaly. Ýaman atly bolmak gepe 
ýakyn bolmak, gara donly bolmak. Ýamandan 
boýuňy satyn almak erbet adamdan göwne 
degişmän, usul bilen araňy açmak, başyňy gutarmak. 

Ýamandan boýuňy satyn al

diýipdirler, üzäýmek 
gerek, başga alaç ýok! – diýdi (A. Gowşudow). 
Ýaman 
gözden 
saklasyn! 
göz 
degmesin, 
betbagtçylyga uçramasyn, erbet niýetlä duçar 
bolmasyn. Ýaman öwrenmek ýeriň giňinde, 
mümkinçilik bar wagtynda bir zada halys endik 
etmek, endik bolmak (azajyk kinaýa bilen aýdylýar). 
Eneň-ataň arkasyndan süýjüje zatlary saýlap iýmegi 
ýaman öwrenensiňÝamandan ýarty agyz  adamyň 
tabakda galdyran azajyk naharyny iýdirmek üçin 
aýdylýan durnukly söz düzümi. Ýamanyň ýüzi
aňryk bolsun!  erbet adam size ýamanlyk etmesin, 
sizi ýaman pällä duçar etmesin! Ýaman ýerde gaý 
tutmak gyssagara bir zerur zat ýüze çykmak. Ýaman 
ýerde gaý tutdy diýleni boldy, ýanymyza ätiýaçlyk 
teker hem alaýmandyrys. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   720   721   722   723   724   725   726   727   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling