ÝANGYNLYLYK [ýanğynlylyk], at. Birinden
ýa-da bir zatdan ýangynly halda bolmaklyk, närazy
halda bolmaklyk.
ÝANGYR [ýanğyr], syp. Aňsatlyk bilen ýanýan,
çalt ýanagan. Ýangyr agaç.
ÝANGYT [ýanğyt], at. Aýdymyň belli bir
böleginiň gaýtalamasy. Ol ýaňky heňiň ýangydyny
janagyrylyk bilen berdi (N. Saryhanow).
ÝANJAMA, iş ady. Ýanjamak ýagdaýy.
ÝANJAMAK, işl. Birsyhly, üznüksiz
gaýtalap, nygtap durmak, köp aýtmak. Bu
ýerde göze görnüp duran pikir garşylygynyň
bardygyny ýanjap oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek
(
Edebiýat we sungat
).
ÝANJAMAKLYK,iş ady. Ýanjamak ýagdaýy.
ÝANJAÝYŞ, iş ady. Ýanjamak ýagdaýy.
ÝANJYK [ýa:njyk] I, at. Köplenç, çopanlaryň
çakmak, çakgy, otluçöp ýaly ownuk zatlaryny salyp,
ýanlary bilen göterýän gaýyş gaby. Hoşgeldi gaýyş
ýanjygyny omzundan asyp, jaýa girdi (A.
Gowşudow).
ÝANJYK [ýa:njyk] II, at, ser. Ýanbaş.
Ýanjygy ýazmazlyk bir işi ýerine ýetireniň
bilen hiç zat bolmazlyk. Et diýlenini edeniň bilen
ýanjygyň ýazasy ýok.
ÝANKEJEBE [ýa:nkejeve], at. Içine syrkawy
ýa-da wepat bolany salyp, ulaga ýükläp getirmek üçin
tagtadan gapyrjaga meňzeş edilip ýasalan esbap. –
Tizden bir ýankejebe bilen garry mamany ýeriň
teýinde bolsa-da alyp geliň – diýdi (
Nejep oglan
).
ÝANLYK [ýa:nlyk], at. Gatyk ýaýmak,
toşap guýmak üçin geçi derisinden ýörite
taýýarlanan gap. Aladaňdandan gatyklaryny
ýanlyga guýan Zyba howa gyzýança gatygyny ýaýyp
boldy (Ý. Mämmediýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |