Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝANBERMEZ [ýa:nmermez], syp.1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet730/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   726   727   728   729   730   731   732   733   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝANBERMEZ [ýa:nmermez], syp.1. Her hili 
kynçylyklara hötde gelip bilýän, ýeňilmeýän, 
sarsmaz, mizemez. Taryhda her näçe kynçylyklara 
duçar gelse-de, ýanbermez halkymyz Altyn asyra 
başyny dik tutup geldi. 2. Örän güýçli, edenli, 
gaýduwsyz. Ýanbermez pälwan. 
ÝANBERMEZLIK [ýa:nmermezlik], iş ady. 1. 
Her hili kynçylyklara hötde gelip bilijilik,
ýeňilmezlik, sarsmazlyk, mizemezlik. Watançy
şahyryň ýanbermezligi. 2. Örän güýçlülik, edenlilik, 
edermenlik, gaýduwsyzlyk. 
ÝANDAK [ýannak], at. Mal iýmiti, ýalaňy odun 
hem-de derman serişde hökmünde peýdalanylýan 
baldagy tikenli, ownuk gyzgylt gülli, kiçi ýaprakly 
ösümlik. Ýandak bada-bat güwläp ýandy (N. 


459 
Saryhanow). Ol küdelere köp ýandak çekdim (A. 
Gowşudow).

 Ýandak başynda çorba mugt. 
ÝANDAKGÜL [ýannakgül], at. Nagyş ady. 
ÝANDAKLYK [ýannaklyk], at. Ýandagyň 
köpbitýän, ösen ýeri, giden ýandak ösen meýdan. Bir 
salym ýöränlerinden soň, bularyň öňünden bir 
ýandaklyk, garaklyk meýdan çykdy (

Türkmen halk 
ertekileri

). 
ÝANDYRMAK [ýannyrmak] I, işl, 1. Ot 
bermek, otlamak, ýakmak, ýanar ýaly etmek. 2. Gaty 
gyzdyrmak, güýçli howur bermek. Tomsuň ot ýaly 
howry onuň näzik ýüzüni ýandyrýardy (N. 
Saryhanow). 3. göç.m. Uly horluga, gynanja sezewar 
etmek, içini ýakmak, gam-gussa çekdirmek, örtemek. 
Dilber, sen meni ýandyrdyň, Bir tükenmez köz biläni 
(Zelili). 
ÝANDYRMAK [ýannyrmak] II, işl. Wagtynda 
sagylmanlygy sebäpli, süýdüni yzyna çekmek 
(sagylýan mallar hakynda).  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   726   727   728   729   730   731   732   733   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling