Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝAŇZYDYŞ, iş ady. Ýaňzytmak ýagdaýy.  ÝAŇZYTMA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet738/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   734   735   736   737   738   739   740   741   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAŇZYDYŞ, iş ady. Ýaňzytmak ýagdaýy. 
ÝAŇZYTMA, iş ady. Ýaňzytmak ýagdaýy. 
ÝAŇZYTMAK, işl. Gönüläp aýtman, çala 
duýdurmak, çala aňlatmak, ýatlatmak.
ÝAŇZYTMAKLYK, 
iş 
ady. 
Ýaňzytmak 
ýagdaýy. 
ÝAŇZYTMAZLYK, 
iş 
ady. 
Ýaňzydyp 
aýtmazlyk. 
ÝAP I: ýagdaýyny, ýapyny bilmezlik bir iş 
ediljek bolnanda onuň nähili edilişini, amala 
aşyrylyşyny bilmezlik. Her bir işiň ýagdaýyny, 
ýapyny bilmeseň, kynçylyk çeken ýeriň köp bolýar. 
ÝAP II, ownuk b. Başy

ýa

bilen başlanýan 
käbir 
hallaryň, 
sypatlaryň 
öňünden 
gelip, 
güýçlendiriji öwüşgin berýän bölek. Ýap-ýagty jaý. 
Ýap-ýaşyl ýaprak. Ýap-ýaňy gördüm. 
ÝAP [ýa:p], at. Suw akdyrmak, goýbermek üçin 
çuň bolmadyk aryk, salma.
ÝAPAÇ, at.1. Pessejik, kiçijik ýatyş telpegi. 2. 
Pessejik ýapgyt ýer. 3. Düýäniň örküç ýüňi. 
ÝAPAGA [ýapağa], at. Ýaşajyk taý. Eşek 
kürresini küle getir, ýaby ýapagasyny – çöle (Nakyl). 
ÝAPAK, at, ser. Ýapaga. Baýtal ýapagyny 
çekermiş çöle, Eşek kürresini küle getirmiş 
(Magtymguly). 
ÝAPAŞAK [ýapaşa:k], syp. Eňňit, ýapgyt ýer. 
Ýapaşak ýer. 
ÝAPAŞAKLYK [ýapaşa:klyk], at. Eňňitlik, 
ýapgyt halda bolmaklyk. Ol baýyrdan ýapaşaklygyna 
eňdi. 
ÝAPBAŞDYRMAK, işl. Içi boş zadyň üstünden 
basyp, ýere ýazmak, ýapbaşyk etmek. 
ÝAPBAŞMAK, işl. Ýapbaşyk bolmak, ýapbaşyk 
hala öwrülmek. 
ÝAPBAŞYK, syp. 1. Agyr zadyň aşagynda galyp 
ýapbaşan. Ýapbaşyk bedre. 2. Beýik däl, pes. Gelen 
inçe uzyn, gaşlak, egni çäkmenli, ýapbaşyk telpeklidi 
(B. Soltannyýazow). 
ÝAPBAŞYKLYK, 
at. 
Ýapbaşyk 
halda 
bolmaklyk, ýepbeşiklik, ýemşiklik. 
ÝAPBYLDAK [ýapbyllak], syp. 1. Pes heň bilen 
aýdylýan (aýdym hakynda). Bagşy ilki bilen 
Nowaýydan ýapbyldak heňlerden başlady (B. 
Kerbabaýew). 2. Çyplaň, ýeňil eşikli. Aty ýapbyldak 
münmek. 3. Öz maýdalyna, öz ýöreýşine. Ol atyny 
ýapbyldak sürüp barýardy. 
ÝAPDYRMAK, işl. 1. Ýapmak işini başga birine 
etdirmek. Ol ýel ýatýança penjireleri, gapylary 
ýapdyrdy. 2. Ýasalan hamyry gyzan tamdyryň ýüzüne 
ýapmak işini başga birine etdirmek. Oglunyň ýola 
gitjekdigi üçin, ejesi gelinlere iki tamdyr çörek 
ýapdyrdy. 
ÝAPGYT, syp. Birneme eňňit, dik däl, ýapaşak. 
Gumuň bäri ýapgydynda hiç hili ösümlik ýokdy (B. 
Seýtäkow). 
ÝAPGYTLAMAK, işl. Ýapgyt bilen ýöremek. 
Ol baýyrdan ýapgytlap aşak indi. 
ÝAPJA, syp. Birine garaşly, bagly bolup gün 
görýän (adam). 
ÝAPJALYK, at. 1. Gün-güzerany birine garaşly 
halda bolmaklyk, birine baglylyk. 2. ser. 
Ýaranjaňlyk. - Belki, bu hem täze gelen ýigide 
ýapjalyk edip salam berýändir – diýip, kinaýasyny 
ýetirdi (B. Kerbabaýew). 
ÝAPLAMA, iş ady. Ýaplamak ýagdaýy. 
ÝAPLAMAK, işl. l. Bir zady ikinji bir zada 
söýemek, diräp goýmak. Ýykylmaz ýaly, bugdaýly 
çuwallary biri-birine ýaplap goýdy. 2. gepl.d., göç m. 
Birine günä ýüklemek, gara sürtmek, ýapmak. 
Annadurdy oňa şyltak baryny ýaplap, hondan bärsi iş 
eden däldirin öýdenok (N. Pomma). 3. gepl.d. 
Urmak, ýelmemek, ýençmek. Onuň kebzesine 
ýaplady. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   734   735   736   737   738   739   740   741   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling