ÝAŇKALAŞMAKLYK, iş ady. Ýaňkalaşmak
ýagdaýy.
ÝAŇKALAŞYŞ, iş ady. Ýaňkalaşmak ýagdaýy.
ÝAŇKA-ÝAŇKA: ýaňka-ýaňka edişmek biri-
biriniň sözüne jogap gaýtaryp, oňuşman oturmak.
ÝAŇLANDYRMAK [ýaňlannyrmak], işl. Ses
düşürip owazlandyrmak, ýaňlanar ýaly etmek. Bagşy
säheri ýaňlandyryp aýdym aýtdy.
ÝAŇLANMA, iş ady. Ýaňlanmak ýagdaýy.
ÝAŇLANMAK, işl. 1. Güýçli ses çykyp
ýaýrap gitmek, ses düşüp ýaň bermek. 2.göç.m.
Söz bilen beýan edilmek.
ÝAŇLANDYRMA [ýaňlannyrma] 1. iş ady.
Ýaňlandyrmak ýagdaýy. 2.at, sazç. Dutarda
sazandanyň kakuwdaky eliniň tirsegi kädä ykjam
direlip, eliniň ýazgyn aýasy gapagyň üstünde esli
wagtlap hallanladylyp duran halatynda emele gelýän
ses tilsimi.
ÝAŇLANDYRMAK [ýaňlannyrmak], işl. 1.
Owaz gatyşykly güýçli ses çykaryp, daş-töwerege
ýaýratmak.
ÝAŇLANYŞ, iş ady. Ýaňlanmak ýagdaýy.
ÝAŇRA, syp. Biderek köp gürleýän, geplemsek.
Ol: – Iliň-günüň gözünden, ýaňralaryň gürrüňinden
çekinmeseňiz,
özüňiz
biliň
–
diýdi
(G.
Gurbansähedow).
ÝAŇRALYK, at. Ýaňranyň gylyk-häsiýeti,
kesbi. Ylýas töre özüniň öwünjeň ýaňralygy bilen
gürrüňe kellesini gyzdyryp, güni öýländen agdyrdy
(A. Gowşudow).
ÝAŇRAMA, iş ady. Ýaňramak ýagdaýy.
ÝAŇRAMAK, işl. Biderek gürrüň etmek, agzyňa
gelenini aýdyp oturmak.
ÝAŇRAMAKLYK, iş ady. Ýaňramak ýagdaýy.
ÝAŇRAŞMAK, işl. Ýerli-ýerden, birden köp
bolup bilelikde ýaňramak.
ÝAŇRATMAK, işl. 1. Ýaňramaga mümkinçilik
bermek. Ony ýaňradyp oturma, goý tizräk gitsin. 2.
Bilgeşleýin gepledip, gerek maglumatyňy almak. Ony
birsalym ýaňratsaň, hemmesini özi aýdyp berer.
Do'stlaringiz bilan baham: |