Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝANYŞ, iş ady. Ýanmak ýagdaýy.  ÝANYŞDYRMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet735/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   731   732   733   734   735   736   737   738   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝANYŞiş ady. Ýanmak ýagdaýy. 
ÝANYŞDYRMAK, işl. Edilen ýagşylyga 
ýagşylyk bilen jogap bermek, edilen kömegiň 
aşagyndan çykmak, ýagşylygy gaýtarmak. Siziň eden 
ýagşylygyňyzy nädip ýanyşdyrjagymy bilemok. 
ÝANÝODA [ýa:nýo:do], at. Uly köçäniň 
gapdalyndan pyýada ýöremek üçin edilen ýol. 
ÝAŇ, at. Sesiň gaýa, boş gaba we ş.m. degip, 
serpilip gaýtalanmasy; dowamly ýaňlanyp çykýan 
ses. Gije-gündiz olaryň sesi arlap, oba ýaň salýardy 
(H. Garabaýew).
ÝAŇA [ýaňa:], 1. Tarap, ugur görkezýän 
kömekçi söz. Süri bir ýaňa dyzamagy meýil hem 
etmeýärdi (B. Gurbanow). 2.

Üçin, sebäpli, ötri

ýaly 
manylary aňladýan kömekçi söz. Ýoluň iki 
gyrasyndaky baglykdan ýaňa aňyrsyndaky ekin 
meýdanlary görünmeýär. 
ÝAŇADAN [ýaňada:n], hal, ser.Ýaňadandan. 
ÝAŇADANDAN 
[ýaňada:nnan], 
hal. 
Ýamaşgandan, täzeden. Ýagmyr ýolboýy gürrüň berip 
gelen habaryny ýaňadandan gaýtalady 
(G. 
Kulyýew). 
ÝAŇAK I, at. Çekge süňkleriniň aşak ýany. 
Tegelek ak ýüzünde gyrmyzy ýaňaklary gyzyl almany 
ýadyňa salýardy (A. Gowşudow). 
ÝAŇAK II, at. Owsara berkidilen, ýüzi dişli ýasy 
demirjik. Ýaňak bet düýelere salynýar (

Edebiýat we 
sungat

). 
ÝAŇALAK: bir ýaňalak etmek (bolmak) 
bellisini etmek, bir ýüzli etmek, belli bir netijä 
gelmek. Şu meseläni bir ýaňalak etmek gerek. 
ÝAŇKALAŞMA, iş ady. Ýaňkalaşmak ýagdaýy. 
ÝAŇKALAŞMAK, işl. Her kim öz diýenini 
tutup, oňuşman, ownuk gürrüň edip durmak, ýaňka-
ýaňka edişmek. Biderek ýankalaşyp durmaly, işläli.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   731   732   733   734   735   736   737   738   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling