461
Ýaňsa almak kesä çekmek, üstünden gülmek,
göwnüýetmezçilik etmek.
Atamyrat gotur gojanyň
sözüni ýaňsa alyp, ajy ýylgyrdy (B.Seýtäkow).
ÝAŇSYLAMA, iş ady. Ýaňsylamak ýagdaýy.
ÝAŇSYLAMAK, işl. Ýaňsyly gürrüň etmek.
üstünden gülmek maksady bilen biriniň sözüni kesä
çekmek.
ÝAŇSYLANMAK,
işl. Ýaňsa sezewar bolmak.
Sen, Atajyk, ýeke özüň gidiberdiň, çöpden-çöre
uruberdiň! – diýip, ýaňsylap gülüşdiler (A.
Durdyýew).
ÝAŇSYLAŞMAK, işl. Ýerli-ýerden ýaňsylamak;
birnäçe bolup ýaňsylamak.
Gaýtam, onuň gürrüňini
ýaňsylaşyp, gülşüp, her kim öýli-öýüne gitdi
(
Görogly
).
ÝAŇSYLATMAK, işl. Ýaňsa aldyrmak.
ÝAŇSYLAÝYŞ, iş ady. Ýaňsylamak ýagdaýy.
ÝAŇSYLY, syp. Ýaňsa alynýan, ýaňsylanýan.
Ýigidiň ýaňsyly sözleri hasapçy gyzlaryň çetine degdi
(N. Jumaýew).
ÝAŇY I, syp., kön.s. Täze.
Ýörişini ýalňyş
basdyr, Ýaňy don geýmän ýigide (Magtymguly).
ÝAŇY II, hal.1. Az wagt mundan öň; ýakynda.
2.
Bary-ýogy, diňe.
Onuň ýaňy on alty ýaşy bar.
ÝAŇYJA,
hal. Azajyk wagt mundan öň, ýaňyň
özünde.
Çarwa mergen ýaňyja demlän tüňçesini bir-
iki gezek agdardy (B. Gurbanow).
ÝAŇYLMAK, işl., k.d. Ýalňyşmak.
Bihasap
uçan guş gonan ýerini ýaňylar (Nakyl).
Ýaňylmagaý
sen, eý köňül (Andalyp).
ÝAŇYLTMAÇ, at, edeb. Içinde birmeňzeş
sözler, sesler gaýtalanyp getirilip, çagalaryň
dilini
ýençmek üçin hyzmat edýän halk döredijiliginiň bir
görnüşi.
Birje çemçe şorja serçe çorbasy
diýen
ýaňyltmajy bir demde üç gezek gaýtalaň.
ÝAŇY-ÝAKYNDA
[ýaňy-ýaky:nna],
hal.
Mundan biraz öň, öňräk, täzelikde.
Ol ýaňy-ýakynda
kyrk ýaşynyň toýuny toýlady.
ÝAŇY-ÝAŇY,
hal. Soňky döwürde, soňky
wagtda.
Dodagy ýalama oglanyň herremsekligine ol
ýaňy-ýaňy düşünýärdi (B. Kerbabaýew).
Ol ýaňy-
ýaňylaram aýak ýalaňaç ylgap ýören oglanjykdy.
Do'stlaringiz bilan baham: