Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet745/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   741   742   743   744   745   746   747   748   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝARAMAZÇYLYK, at, ser. Ýaramazlyk 1. 
ÝARAMAZLANMAK, işl. 1. Öňküsinden 
ýaramaz, erbet bolmak, ýaramazlaşmak. Häsiýeti 
ýaramazlanypdyr. 2. Hili pes bolmak, hil taýdan 
erbetlenmek. Näme üçindir, öndürilýän önümiň hili 
ýaramazlanypdyr. 
ÝARAMAZLAŞMAK, işl. 1. Kem-kemden 
ýaramaz bolup başlamak, erbet bolup ugramak
gitdigiçe erbetleşmek. Hassanyň ýagdaýy sagat saýyn 
ýaramazlaşýardy. 2. Hili, ýagdaýy dura-bara peselip 
başlamak, hili pese gaçyp başlamak. Üzümiň hili 
ýaramazlaşdy, şol sebäpden oňa ideg etmekde 
goýberilen kemçilikler düzedildi. 
ÝARAMAZLYK I, at. 1. Ýakymy bolmazlyk, 
ýaramaz gylyk-häsiýetlilik, dereksizlik, erbetlik. 
Nurjahan hem öz doganynyň ýaramazlygy hakynda
edilýän gürrüňi diňlemäge onçakly höwesli däldi (B. 
Pürliýew). 2. Hil taýdan pese düşen ýagdaýda 
bolmaklyk, gowy dällik. Men ol matany hiliniň 
ýaramazlygy sebäpli almadym. 3. Nähoşluk, gurat 
dällik, tapsyzlyk, ýarawsyzlyk. 
ÝARAMAZLYK II, işl. 1. Nähoşlamak, 
ýarawsyz bolmak. Ol ýaranok, şonuň üçinem 
okuwdan galdy. 2. Gowy görmezlik, ýakmazlyk, 
halamazlyk, pisindiň oturmazlyk. Onuň bolşy, özüni 
alyp barşy maňa ýaranok. 3. Talaby ödemezlik, 
talaba laýyk gelmezlik. Seniň ýazan makalaň derde 
ýaranok. 
ÝARAMLY, syp.1. Derde ýaraýan, peýdaly. 
Enesine, atasyna, dost-ýaryna, iline-gününe ýaramly 
bolsun (N. Pomma). 2. Derman häsiýetli, ýokumly, 
lezzetli. Ýaramly içgiler. 3. Bir zat üçin ýaraýan, 
amatly, oňaýly. Gaýraky gyryň eteginde ekine 
ýaramly, özleşdirip boljak ýer köp. 
ÝARAMLYLYK, 
at.Ýaramly 
bolmaklyk, 
ýaramsyz dällik. Baýramalynyň howasynyň aýratyn 
ýaramlylygy sebäpli, bu ýerde böwrek şypahanasy 
guruldy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   741   742   743   744   745   746   747   748   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling