Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝARAKLYK [ýa:raklyk], at. Ýarmak häsiýeti,  gylygy barlyk, dişleklik.  ÝARALAMA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet744/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   740   741   742   743   744   745   746   747   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝARAKLYK [ýa:raklyk], at. Ýarmak häsiýeti, 
gylygy barlyk, dişleklik. 
ÝARALAMA, iş ady. Ýaralamak ýagdaýy 
ÝARALAMAK, işl. Biriniň ýa-da bir jandaryň
bedenine ýara salmak. Emma ol art aýagynyň birini 
ýere basyp bilmeýärdi, möjekler ony ýaralapdyrlar 
(A.Gowşudow).
 
ÝARALAMAKLYK, 
iş 
ady. 
Ýaralamak 
ýagdaýy. 
ÝARALANMAK, işl. Ýara salynmak, ýaradar
bolmak. 
ÝARALAÝYŞ, iş ady. Ýaralamak ýagdaýy. 
Gylyç mergen öz sygryny ýaralaýşyny we awçylykda 
gören başga gyzykly zatlaryny gürrüň berdi (A. 
Gowşudow). 
ÝARALY, syp. Ýara salnan, ýaradar, ýaraty. 
ÝARALYLYK, at. Ýaraly halda bolmaklyk
ýarasy barlyk, ýaraly bolmaklyk, ýaradarlyk, 
ýaratylyk. 
ÝARAM, at. Ýakym. Ýagly-ýüzli naharyň 
adama kän bir ýaramy ýok. 
ÝARAMA, iş ady. Ýaramak ýagdaýy. Bu işlere 
ýarama gerek. 
ÝARAMAK, işl. 1. Peýda etmek, ýaramly 
bolmak, ýakmak. Bu ýeriniň howasy maňa oňat 
ýaraýar (

Edebiýat we sungat

). 2. Peýdaly bolmak, 
islegi kanagatlandyrmak, talabalaýyk bolmak. 
Gowaça köp zada ýaraýan çig mal. 3. Göwnünden 
turmak, gowy görmek, halamak. Aýdym maňa gaty 
ýarady 4. Taby, gurby bar bolmak; bir zady ýerine 
ýetirmegi oňaryp bilmek. Ol indi kömek etmäge 
ýaraýar. 

Yzyýarasyn! merhumyň patasy alnanda 
aýdylýan dileg. 
ÝARAMAKLYK, iş ady. Ýaramak ýagdaýy. 
ÝARAMAZ, syp. 1. Amatsyz; bolmalysyndan 
pes. Howa ýaramaz bolansoň, birneme eglenmeli 
bolduk. 2. Hil taýdan pes, talabalaýyk däl. Baglara 
ýaramaz ideg edilmeli däldir. 3. Gowy däl, erbet. 
Ýaramaz hereketÝaramaz gylyk.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   740   741   742   743   744   745   746   747   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling