Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝARAMSAK, syp. Häsiýetinde ýaranjaňlyk alamatlary duýulýan, sözlände biriniň göwnünden  turjak bolýan. Ýaramsak adam


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet746/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   742   743   744   745   746   747   748   749   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝARAMSAK, syp. Häsiýetinde ýaranjaňlyk
alamatlary duýulýan, sözlände biriniň göwnünden 
turjak bolýan. Ýaramsak adam. 
ÝARAMSAKLYK, at. Ýaramsak häsiýetlilik. 
Keçjal gülüp ýaramsaklyk etdi (H. Ysmaýylow).  
ÝARAMSYZ, syp. 1. Zada ýaramaz, peýdasyz.
Biz ýaramsyz serişdeleri üzül-kesil suratda zyňyp
taşlaýarys. 2. Ýokumsyz, lezzetsiz, biderek. 
Ýaramsyz iýmit.3. Amatsyz, oňaýsyz. Ekiş üçin 
ýaramsyz ýer. 
ÝARAMSYZLYK, at. 1. Zada ýaramazlyk, 
peýdasyzlyk. Enjamlaryň işe ýaramsyzlygy köp zady 
bökdeýär. 2. Ýokumsyzlyk, peýda bermezlik, 
oňaýsyz täsir etmeklik. 3. Oňaýsyzlyk, ulanar ýaly 
dällik. Bu zatlar işe ýaramsyzlygy sebäpli taşlandy. 
ÝARAN [ýa:ra:n], at. 1. Ýakyn gatnaşykda
bolýan adam, ýoldaş, hemra. Bimynasyp ýara ýaran 
eýlediň (

Leýli – Mejnun

). 2. Pikirdeş, duýgudaş 
adam, tarapyňy tutýan adam. Ol öz ýaranlary bilen 
bir çukura tüýkürdi. 3. göç.m. Hemra, ýoldaş. Size 
hemişe üstünlikler ýaran bolsun. 4. Iki tarap bolup 
oýnalýan çaga oýunlarynda bir toparda bolan 
çagalaryň biri-birine gatnaşygy. 5. Oglana dakylýan 
at. 
ÝARANJAŇ, at, syp. Ýaranmagy ýarag edinen, 
bähbit arap ýaranýan, ýalynjaň.


465 
ÝARANJAŇLYK, at. Ýaranjaň bolmaklyk, 
bähbit arap ýaranmaklyk, ýalynjaňlyk. Edil seniň 
ýaranjaňlyk edişiň ýaly, ol hem özüni gowy görkezjek 
bolýardy (N. Jumaýew). 
ÝARANLYK [ýa:ra:nlyk], at1. Ýakyn dostluk, 
ýakyn ýoldaşlyk. 2. Biriniň tarapyny tutmaklyk, 
tarapdarlyk, duýgudaşlyk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   742   743   744   745   746   747   748   749   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling