Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet748/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   744   745   746   747   748   749   750   751   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝARAŞMAK I, işl. 1. Tersleşen, gatnaşygyňy 
kesen adamyň bilen barlyşmak, ylalaşmak, ýaraşyk 
etmek. Men seniň bilen ýaraşmak üçin geldim. 2. 
Urşy ýatyrmak üçin ylalaşyga gelmek. Taraplaryň 
ikisi hem ylalaşyga gelip ýaraşdylar. 
ÝARAŞMAK II, işl. 1. Gowy gelişmek, gelşikli 
bolmak, gelüwli bolmak. Ýoldaşyndan ýaraşýamy 
diýip gaýta-gaýta sorady (

Görogly

). Akja gelin 
eline akja bäbek ýaraşar (Sanawaçdan).
ÝARAŞMAZLYK I
iş ady. 
Tersleşen, 
gatnaşygyňy kesen adamyň bilen barlyşmazlyk; 
ylalaşmazlyk, ýaraşyk baglaşmazlyk, ylalaşyga 
gelmezlik. Iki ýoldaş az zadyň üstünde tersleşip, uzak 
wagtlap ýaraşmadylar
ÝARAŞMAZLYK II, iş ady. Gelşiksiz bolmak, 
mynasyp bolmazlyk, gelişmezlik. Tilki awun iýmek 
şire ýaraşmaz (Zelili).
ÝARAŞYK I, at. 1. Gatnaşyklary bozulan 
toparlaryň arasyndaky barlyşyk, düşünişmezlikleriň 
aradan aýrylan ýagdaýy. 2. Söweşýän taraplaryň urşy 
ýatyrmak üçin gelýän özara ylalaşygy. 
ÝARAŞYK II, at. Görk, görmek, owadanlyk, 
gelşik. Dünýäniň ýaraşygy, durmuşyň gelşigi 
ynsandyr (B. Hudaýnazarow).
ÝARAŞYKLY, syp. Ýaraşyp duran, gelşik 
berýän, gelşikli. Inçe biliň, türpe näzik eliň bar, Ak 
ýüzüňde ýaraşykly halyň bar (Seýdi). 
ÝARAŞYKLYLYK, at. Gowy gelişmeklik, 
gelşikli bolmaklyk. 
ÝARATMAK, işl.1. Emele getirmek, döretmek. 
2. Bir zat üçin ulanmak, peýdalanmak. Meni 
goşunçylyga ýaratsalar, dagy men zor edip 
ýaratdyraýynmy? (A. Gowşudow). Munça gumy 
nämä ýaratjak! 
ÝARATY, syp. Ok, gülle, ýyrtyjy degip, 
mejalsyz, gözgyny hala düşen, ýaraly (haýwanlar 
hakynda). Garaguşlar on bäş goýny zaýalapdyrlar, üç 
sanysyny bolsa ýaraty edipdir diýen habary getirdi 
(A. Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   744   745   746   747   748   749   750   751   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling