Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝARPYLANMAK [ýa:rpylanmak], işl. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet751/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   747   748   749   750   751   752   753   754   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝARPYLANMAK [ýa:rpylanmak], işl. 1. Işiň 
ýarysy edilip gutarylmak. Işimiz ýarpylandy. 2. Bar 
bolan zadyň, serişdäniň we ş.m. ýarysy harçlanmak.
ÝARPYLAMAKLYK [ýa:rpylamaklyk], iş ady. 
Ýarpylamak ýagdaýy. 
ÝARPYLAŞMAK [ýa:rpylaşmak], 1. işl. Işiň 
ýarysyna çenli edilmegine kömek bermek. Jemal 
dokmany gelnejesine ýarpylaşdym edip, öz işine 
başlady. 2. Ýarysyna golaýlamak, ýarysyna 
ýetibermek. Biziňem işimiz ýarpylaşyp baran bolsa 
gerek. 
ÝARPYLATMAK 
[ýa:rpylatmak], 
işl. 
Ýarpylamak işini başga birine etdirmek, ýarpylamak 
derejesine ýetirmek, ýarysy bolýança işletmek. Men 
oglanlara döwek döwmegi ýarpylatdym. 
ÝARPYLAÝYŞ 
[ýa:rpylaýyş], 
iş 
ady. 
Ýarpylamak ýagdaýy. 
ÝARPY-ÝALTA [ýa:rpy-ýalta], hal. 1. Zordan, 
el ujundan, ýüzleý, doly däl-de, kem-käsleýin. Işi 
ýarpy-ýalta edip taşlamak gelşiksiz. 2. Hemmesi däl, 
ýek-tük; çalak-çulak, ýüzleý, düýpli däl. Bu mesele 
ylmy taýdan ýarpy-ýalta işlenen, ony ymykly işlemek 
gerek. 
ÝARSDYRMAK 
[ýaryssyrmak], 
işl. 
Ýarsmagyna sebäp bolmak, ýarsar ýaly etmek. Ygal 
tagtalary ýarsdyrypdyr. 
ÝARSDYRMAZLYK [ýaryssyrmazlyk], iş ady. 
Ýarsdyrman saklamak. 
ÝARSGYN 
[ýarysğyn], 
at.Ýarsyp, 
öňki 
durkundan üýtgän görnüşi. Bu tagtanyň ýarsgynyny 
düzlejek bolsaň, suwa ýatyryp, daşa basdyrmaly 
bolar. 
ÝARSGYNYNA [ýarysğynyna], hal. Ýarsgyn 
ýagdaýda. Egri agaç ýarsgynyna gider (Nakyl). 
ÝARSMA [ýarysma], iş ady. Ýarsmak ýagdaýy. 
ÝARSMAK [ýarysmak], işl. 1. Öňki durkundan 
üýtgemek; egrelmek. Gapy gowy ýapylanok weli, 
ýarsypdyr öýdýän. 2. Bir sebäbe görä, ýüz keşbi, 
gelşigi üýtgemek. Ol örän özgeripdir, dogrusy, gaty 
ýarsypdyr (G. Gurbansähedow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   747   748   749   750   751   752   753   754   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling