Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet750/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   746   747   748   749   750   751   752   753   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝARMAK [ýa:rmak] II, işl. Dişlemek, dişläp 
ýara salmak (it hakynda). It gudurasa, eýesini ýarar 
(Nakyl). 
ÝARMAKLYK [ýa:rmaklyk], iş ady. Ýarmak 
ýagdaýy. 
ÝARMALYK [ýa:rmalyk] I, at. Gumda bitýän 
şaha-şaha baldakly ot. Titir, köwreýik, akýowşan, 
guşgözi, ýarmalyk, köjelik güberip tegelenip ugrapdy 
(Ç. Matalow).
ÝARMALYK [ýa:rmalyk] II, syp. Ýarma etmek 
üçin niýetlenen (däne). Ýarmalyk bugdaý. 
ÝARMAŞMAK, işl. Ýapgyt beýiklige çykmak, 
dyrmaşmak. Oglanlar depäniň üstüne ýarmaşyp 
çykdylar. 
ÝARNA, at.1. Bir zada goşant bolar ýaly zat. 
Mallaryna ot taýýarlaýar, çörege ýarna bolar diýip, 
el degirmeninde mellek ýerlerinden önen jöweni 
ýarýar (A. Gowşudow). 2. Urna, ýama. Şonuň bilen 
garybyň garnyna ýokna, ýyrtygyna ýarna bolar diýip 
hasap edýärdi (B. Kerbabaýew). 
ÝARPA [ýa:rpa:], hal. Eden işiň hakynyň, 
öndüren önümiň ýarysyny bermek şerti bilen, 
ýarpasyna. Ýetim aşy ýarpa bişer (Nakyl). 
ÝARPASYNA [ýa:rpa:syna], hal. Düşýän haky 
deň paýlaşmak ýa-da ýarysyny almak şerti bilen 
ekilýän, ýerine ýetirilýän (ekin, iş we ş.m. zat). 
ÝARPAÇY [ýa:rpa:çy], at. Ýarpasyna işleýän 
adam. 
ÝARPY [ýa:rpy], syp. 1. Bir zadyň ýary, ýarysy. 
2. Bitinden galan, ýarty, dolynyň ýarysyna ýeten. 
Unumyz hem ýarpy bolupdy. 
ÝARPYLAMA 
[ýa:rpylama], 
iş 
ady. 
Ýarpylamak ýagdaýy. 
ÝARPYLAMAK [ýa:rpylamak], işl. 1. Işiň 
ýarysyny edip gutarmak, ýarpysyna ýetmek. 
Halyçylaryň birentegi dokmalaryny ýarpylapdylar, 
birentegi bolsa gutaryp barýar (

Edebiýat we 
sungat

). 2. Bar bolan serişdäniň, puluň we ş.m. 
ýarysyny harçlamak, ýarpy etmek. Ýanymyza göteren 
azygymyzy ýarpylapdyk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   746   747   748   749   750   751   752   753   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling