Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝARANMA,iş ady. Ýaranmak ýagdaýy.  ÝARANMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet747/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   743   744   745   746   747   748   749   750   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝARANMA,iş ady. Ýaranmak ýagdaýy. 
ÝARANMAK,işl. Biriniň göwnüni tapjak 
bolmak, biriniň göwnüne garap hereket etmek.. 
Neneň 
edip 
ýaranaýyn, 
ýar, 
saňa 
(Halk 
aýdymyndan). Walla, Nurtäç eje, men-ä size ýaranyp 
bilmedim (A. Durdyýew). 
ÝARANMAKLYK, iş ady. Ýaranmak ýagdaýy. 
ÝARANMAZLYK, iş ady. Ýaranjak bolmazlyk. 
ÝARANYŞ, iş ady. Ýaranmak ýagdaýy.
ÝARAR [ýara:r], syp., ser. Ýararly. Jigitler 
çuwallaryň ýarar goşlaryny dökmek bilen bile
Babahan arçyny agtardylar (B. Kerbabaýew). 
Mallylar howul-hara ýarar goşlaryny aldylar (B. 
Kerbabaýew). 
ÝARARLY [ýara:rly], syp. Derege ýaraýan, bir 
zat üçin gerekli, ýaramly. Bu dükanda seniň ulagyňa 
ýararly zat ýok ýaly.  

Derde ýararly bir zat üçin peýdalysy, bir zadyň 
gowuragy. Ätiýaçlyk şaýlarynyň derde ýararlysyny ýa 
satyşdyrdy, ýa geregi çykaýmasyn diýip, özi ýygnap 
goýdy
ÝARAR-ÝARAMAZ [ýara:r-ýaramaz], syp. Bir 
zadyň hil taýdan pesi, gowusy däl. Ol ýygan 
garpyzlarynyň ýarar-ýaramazyny mala bererin-dä 
diýip, gyrada üýşürip goýdy. 
ÝARAŞDYRMAK,işl. Tersleşen iki adamy 
barlyşdyrmak, biri-biriniň garşysyna duşmançylykly 
hereket etmez ýaly etmek. Çagalar biri-biri bilen 
tersleşen wagtlarynda bolsa olaryň näme üçin 
tersleşendiklerini sorap bilerdi we ýaraşdyrardy (A. 
Durdyýew). 
ÝARAŞDYRYJY , syp. Iki tarapy barlyşdyryjy, 
ylalaşdyryjy.Ýaraşdyryjy merkez. 

Ýaraşdyryjy kazyýet taraplaryň özara erk-
islegi esasynda hukuk ulanyş işini (raýat-hukuk 
jedellerini çözmegi) amala aşyrýan öz-özüni 
düzgünleşdirýän raýat jemgyýetiniň instituty.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   743   744   745   746   747   748   749   750   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling