Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet755/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   751   752   753   754   755   756   757   758   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝASAŞDYRMAK, işl. 1. Bir görnüşdäki 
zatlaryň birnäçesini ýasamak. Gapy ýasaşdyrmak. 
Gapak ýasaşdyrmak. 2. El ujundan, bolşuna görä 
ýasap çykmak. 
ÝASAŞMAK, işl. 1. Ýasamaga kömek bermek. 
Myrat aga maňa äpişge ýasaşdy. 2. Bilelikde 
ýasamak. Agaç ussalary gapy ýasaşyp durdular.
ÝASATDYRMAK, işl., ser. Ýasatmak. Men 
ussa haýyş edip, gowy penjire ýasatdyrdym. 
ÝASATMAK, işl. Ýasamak işini başga birine 
etdirmek. Hojanepes ogluna laýyk dutar ýasadyp 
berdi (H. Garabaýew).
ÝASAW [ýasow] I, at. Her bir adamyň özüne 
mahsus daş görnüşi, sypaty, ýasalyşy. Ol gözüniň 
gytagy bilen olaryň ýasawlaryny, hereketlerini 
synlaýardy (

Edebiýat we sungat

). 

 Ýasaw tapmak hereket tapmak. Ol gün ýasaw 
tapar bary gyzlaryň (Kemine). 
ÝASAW [ýasow] II,at. Söweş nyzamy. Ýasaw 
birle niçe kim desse-desse (Abdysetdar Kazy). 

 Ýasaw dartmak at-ýaragyňy jemläp ugramak, 
ýola düşmek. Gylyç ursa, duşman bary gyrylýar. 
Ýasaw dartyp, biziň şirler ýetişdi (

Görogly

). 
ÝASAWUL [ýasowul], at. 1. Ýoly saklaýan atly, 
nöker. 2. Tertip-düzgüne seredýän, hanyň, emeldaryň 
buýruklaryny ýerine ýetirýän adam. Soltansöýüniň 
buýrugyna görä, ýasawullar Myralyny köşge alyp 
gelipdirler (

Myraly

).
ÝASAWULBAŞY 
[ýasowulvaşy], 
at. 
Ýasawullaryň 
ýolbaşçysy, 
ýasawullaryň 
işine 
gözegçilik edýän adam. 
ÝASAÝJY, at. 1. Bir zady ýasamak bilen 
meşgullanýan adam, bir zat ýasaýan ussa. 2. dil b. 
Täze söz ýa-da onuň şekilini emele getirýän goşulma
Söz ýasaýjy goşulma. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   751   752   753   754   755   756   757   758   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling