Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet763/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   759   760   761   762   763   764   765   766   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝATYRMAKLYK, iş ady. Ýatyrmak ýagdaýy. 
ÝATYRTMAK, işl. Ýatyrmak işini başga birine 
etdirmek. Ýorunjany ýatyrtmak.


473 
ÝATYRYLMAK, işl. 1. Bir zadyň üstünde 
uzaboýuna süýndürilip goýulmak, keserdilmek, 
gyşardylmak. Iki adam boýy pürsler ýatyrylyp 
goýuldy. 2. Düşek ýazylyp, üstüne geçirilmek, 
ukladylmak. Çagalar ýatyryldy. 3. Tä guraýança 
orlan, ýyglan, çapylan ýerinde serlip goýulmak. 
Meýdanyň 
otlary 
ýatyryldy. 
4. 
Durzulmak, 
togtadylmak (tok, ýangyç we ş.m. bilen işleýän enjam 
hakynda). Ähli enjamlar ýatyrylan soň, töwerek imi-
salalyk boldy. 5. Hereket etmegi bes etdirilmek
güýçsüz hasap edilmek. Şertnamanyň ýatyrylmagy. 
ÝATYRYŞ,iş ady. Ýatyrmak ýagdaýy. 
ÝATYRYŞDYRMAK,işl. Hemmesini ýatyrmak, 
ählisini ýatyryp çykmak. Çagalary ýatyryşdyrmak. 
ÝATYRYŞMAK, işl.1.Ýatyrmaga kömek etmek. 
Men gelnejeme çagasyny ýatyryşdym. 2. Bilelikde 
ýatyrmak. Biz ot ýatyryşyp ýördük.  
ÝATYŞ, iş ady. Ýatmak ýagdaýy. 
ÝATYŞMAK, işl.1. Hemmesi ýataňkyrlamak, 
ýatyp başlamak. Adamlar ýatyşan eken.2. Köşeşmek, 
peselişmek, gowşaşmak, kem-kemden ýatmak. Ýel 
ýatyşdy. Howur kem-kemden ýatyşdy. 
ÝATYŞTELPEK, at. Ýatylanda geýmek üçin 
ýörite 
tikilýän 
telpejik, 
şypyrma, 
şyrdak. 
Ýatyştelpegi, köplenç, garrylar geýýärler. 
ÝAÝ [ýa:ý], at. 1. Uçlaryna dartdyrylyp kiriş 
daňylan, berk, maýyşgak agaçdan edilen, ujuna 
peýkam geýdirilen ok atýan gadymy ýarag. Ýaýyň iki 
başy eplenip, biri-birine ýetip tapyşyp gelýär 
(

Görogly

). 2. zergärç. Çaga kürtesiniň arkasyna 
dakylýan ujy düwme şelpeli, gyzyl çaýylan bezeg 
şaýy. 3. Toýnugyň iki ujuna rezin daňlyp, daş salnyp 
atylýan oýnawaç ýarag. 4. dil b. Daşky görnüşi ýaýa 
çalymdaş dyngy belgi [()]. Ýaýyň içinde söze 
düşündiriş berlipdir. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   759   760   761   762   763   764   765   766   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling