Ýatan çöpi galdyrmazlyk hiç iş etmezlik,
bikär gezmek, eliňi işe urmazlyk. Ýatanyň üstüne
turan gelmesin parahatlyk bolsun, hiç zat, hiç
başagaýlyk rahatlygy bozmasyn. Ýatan ýeri ýagty
bolsun! pata barlanda, aradan çykan adamyň ady
tutulanda aýdylýan dileg. Ýatyp turmak uklap
oýanmak. Gözümiň awusyny alaýyn diýip ýatyp
turanyma salym geçmänkä meni işe çagyrdylar. Bir
(iki, üç...) ýatmak gepl.d. bir (iki, üç...) gün bolmak,
bir (iki, üç...) gijäni geçirmek. Men şäherde bary-
ýogy iki gün ýatdym.
ÝATMAKLYK,iş ady. Ýatmak ýagdaýy.
ÝATUW I, iş ady. Ýatmak ýagdaýy.
ÝATUW II, at. Ýatyp dynç alyş, uky. Ýatuw
aladasy ýetişen mesgensiz serçeler öz dillerinde biri-
birlerine habar gatýardylar (B. Kerbabaýew).
ÝATYLMAK, işl. 1. Tutuş bedeniň bilen bir
zadyň üstünde kese süýnülmek. 2. Uklanmak. Işläp
ýadanymyzdan soň kän ýatyldy.
ÝATYM, at. Ýüpek gurçugynyň nobatdaky
ukusy. Ýaňy oglanlaryň ýanyna baramda,
ýüpek gurçugy şu ýatymdan soň, pile sarap
başlar diýdiler.
ÝATYMLAÝYN, hal. Giden ýeriňde gijäňi
geçirip, ýatyp gelmek şerti bilen, günin däl,
ýatymlaýyn, ýatyrlaýyn. Biz obadan ýedi-sekiz
kilometr daşlykda ýatymlaýyn işleýärdik (R.
Gelenow).
ÝATYMLYK, hal. Birnäçe gün bolmaklyk,
birnäçe gün ýatyp gelmek şerti bilen, ýatymlaýyn. Ol
iş bilen ýatymlyk bir ýere gitmeli bolupdy.
ÝATYRLAÝYN, hal, ser. Ýatymlaýyn. Balyk
tutmaga ýatyrlaýyn giderdik.
ÝATYRMA, iş ady. Ýatyrmak ýagdaýy.
ÝATYRMAK, işl. 1. Bir zadyň üstünde
süýndürip
goýmak,
uzynlygyna
gyşartmak,
kesertmek. Ynha, birini aýry jaýa getirip, Açdylar
ýarasyn, arkan ýatyryp (A. Kekilow). 2. Düşek salyp,
uka gidermek, uklatmak. Häzir dogrudan hem ejem
sygrymyzy sagandyr, jigilerimi suwa düşürip
ýatyrandyr (
Edebiýat we sungat
). 3. Orup, ýygyp,
çapyp duran ýerinde serip goýmak. Ýorunja
ýatyrmak. Ot ýatyrmak. Ýandak ýatyrmak. 4.
Duruzmak, togtatmak. Maşynyň bir ýerinde
güwwüldi peýda bolandygyny aňyp, ony derrew
açaryny towlap ýatyrdy. 5. Hereket etmegini bes
etdirmek, güýçsüz hasap etmek. Şertnamany
ýatyrmak. 6. Öçürmek, söndürmek. Radiony ýatyr.
Do'stlaringiz bilan baham: |