Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝATDAN [ýa:tdan], hal. Ýazga seretmän,  ýadyňda galyşyna görä. Ýatdan goşgy aýtmak.  ÝATGY


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet761/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   757   758   759   760   761   762   763   764   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝATDAN [ýa:tdan], hal. Ýazga seretmän, 
ýadyňda galyşyna görä. Ýatdan goşgy aýtmak. 
ÝATGY, at. Aýallaryň, urkaçy haýwanlaryň 
önelgeleriniň ösüp, ulalýan ýeri bolan içki agza. 


472 
ÝATKEŞ [ýa:tkeş], syp. Eşiden, gören zadyny 
köp wagtlap ýadyndan çykarmaýan, ýadynda berk 
saklaýan. Çarwa aga zor yzçydy, örän tangyrdy hem 
diýseň ýatkeşdi (B. Gurbanow). 
ÝATKEŞLIK [ýa:tkeşlik], at. Ýatkeş bolmaklyk. 
Siziň ýatkeşligiňize men-ä telpek goýdum (A. 
Nazarow). Diňe adamlaryň çyn ýatkeşligi Üýtgänok 
geçse-de ýyllar içinden (Ş. Borjakow). 
ÝATLAMA [ýa:tlama] I, iş ady. Ýatlamak 
ýagdaýy. 
ÝATLAMA [ýa:tlama] II, at.1. Biri ýa-da bir zat 
barada hakydaňa gelýän, ýadyňa düşýän wakalar. Bu 
meýdançanyň her daban ýeri ýatlamalardan doly 
(

Edebiýat we sungat

). 2. Geçmiş hakyndaky 
ýazgylar ýa-da hekaýatlar. Ýatlama ýazmak. Atly 
bagşylar hakyndaky ýatlamalar kitaby
ÝATLAMA [ýa:tlama] III, at. Bir zat hakynda
gysga maglumatlar, düzgünler, görkezmeler ýazylan 
ýygyndy, 
şeýle-de 
şonuň 
ýaly 
düzgünleriň 
ýygyndysyny öz içine alýan gollanma. Sözleri we 
adalgalary millileşdirmek hem-de tertibe salmak 
boýunça ýatlama. 
ÝATLAMAK [ýa:tlamak], işl. 1. Öň bolup geçen 
wakany, hadysany ýada salmak, hakydaňa getirmek. 
Mergen öz düşbüje ogluny ýatlap köp oturdy (Ç. 
Aşyrow). 2. Ölen adamyň belli günlerini etmek, 
ýatlanylyp ys edilmek. 3. gepl.d. Ýat tutmak. 
ÝATLAMAKLYK [ýa:tlamaklyk], iş ady. 
Ýatlamak ýagdaýy. 
ÝATLAMAZLYK [ýa:tlamazlyk], iş ady. Ýada 
salmazlyk. 
ÝATLANMAK [ýa:tlanmak], işl. 1. Ýada 
salynmak. 2. Hatyrasy tutulyp, ýörite duşuşyk 
geçirilmek. Dabarada alymlaryň ikisi ýatlandy. 3. 
Agzap geçilmek, ady tutulmak. Işde ýatlanyp geçilen 
eserler dürli döwürlere degişli. 
ÝATLAŞMAK [ýa:tlaşmak], işl. Bilelikde 
ýatlamak. Olar öteni-geçeni ýatlaşyp, esli oturdylar. 
ÝATLAŞYK [ýa:tlaşyk], at. Kimdir birini biräçe 
bolup ýatlamaklyk.
 
Her gezekki ýatlaşykda-da 
söhbet: “Aý, olar ýaly gudrat indi döremez-le”diýlip 
tamamlanýar (Gurbanguly Berdimuhamedow, Alem 
içre at gezer, 16 s.). 
ÝATLATMAK [ýa:tlatmak], işl. 1. Aýdyp 
ýadyna düşer ýaly etmek, ýadyna salmak. Dostum 
maňa ertir gezelenje gitmelidigimizi ýatlatdy. Size 
töleg etmegiň möhletiniň geljek aýyň bäşine 
dolýandygyny ýatladýarys. 2. Birine meňzeş bolup 
görünmek. Ol oglan gelnejemiň jigisini ýatladyp dur. 
ÝATLAÝYŞ [ýa:tlaýyş], iş ady. Ýatlamak 
ýagdaýy. 
ÝATLYK [ýa:tlyk] I, at. Garyndaşlyk, dostluk 
ýa-da ýoldaşlyk gatnaşygy ýokluk, kesekilik. 
ÝATLYK [ýa:tlyk] II, at. Gowlukdan bolan çaga. 
ÝATMA, iş ady. Ýatmak ýagdaýy. 
ÝATMAK, işl.1. Bütin bedeniň, göwräň bilen bir 
zadyň üstünde aýagyňy uzyn salyp süýnmek.
Çyg ýerde ýatmaň, onuň tutuş bedene
zyýany bar. 2. Gozganman durmak. Kitabyň,
ynha, öňümde ýatyr. 3. Uklamak, uka gitmek. Gije 
ýarymdan geçenden soň ýatdylar. 4. Kesilmek, 
togtamak. Ýel birden turşy ýaly, birdenem ýatdy. 5.
Süllerip gurap başlamak, guramak, ösüşden galmak. 
Hyýaryň pazyly ýatypdyr. 6. Keselläp, syrkawlap 
ýorgan-düşekli ýagdaýda bolmak. Giden gelsin, 
ýatan galsyn (Alkyş, dileg). 7.göç.m. Bir ýerde köp 
wagtlap bolmak, köp eglenmek. Suw diýip gitdiň-de, 
ýataýdyň-la! 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   757   758   759   760   761   762   763   764   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling