Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝAZLAMA [ýa:zlama], iş ady. Ýazlamak  ýagdaýy


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet769/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   765   766   767   768   769   770   771   772   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAZLAMA [ýa:zlama], iş ady. Ýazlamak 
ýagdaýy. 
ÝAZLAMAK [ýa:zlamak], işl. 1. Ýazlagda 
ýaşamak, ýazlag ýerine göçüp barmak. Ýazlaýan 
çarwalaryň arasynda gezmäniň-de, aw yzynda 
ymtylmanyň-da 
aýratyn 
lezzeti 
bardy! 
(B. 
Kerbabaýew). 2. göç.m. Bolelinlikde ýaşamak, erkin 
ýaşamak. Bir gün bular: 

Pylan ýerde bir otluk 
meýdan bar, şoňa ýazlamaga gideliň

 diýip, maslahat 
edýärler (

Türkmen halk ertekileri

). 
ÝAZLAMAKLYK [ýa:zlamaklyk], iş ady. 
Ýazlamak ýagdaýy. 
ÝAZLATDYRMAK 
[ýa:zlatdyrmak], 
işl. 
Ýazlatmaga mümkinçilik berdirmek. 
ÝAZLATMAK [ýa:zlatmak], işl. Maly ýazlagda 
bakmak. Bu ýyl goýunlarymyzy gowy ýazlatdyk. 
ÝAZLAÝYŞ [ýa:zlaýyş], iş ady. Ýazlamak 
ýagdaýy. 
ÝAZLYK [ýa:zlyk], syp. Ýazda ekilýän, ýaz 
paslynda ekilip, soň hasyly ýygnalýan. Ýazlyk 
bugdaý. 
ÝAZMA I, II, iş ady. Ýazmak ýagdaýy. 
ÝAZMA [ýa:zma], iş ady. Ýazmak ýagdaýy. 
ÝAZMAÇA, hal. Ýazylyp beýan edilýän, hat 
üsti bilen. Ýazmaça haýyş. 
ÝAZMAK I, işl. 1. Kagyzyň ýa-da başga bir 
zadyň ýüzüne belgiler (harplar, sanlar we ş.m.) 
şekillendirmek. 2. Eser döretmek. 3. Birine bir zat 
hakda ýazmaça habar bermek, ýüzlenmek. Ol 
hatynda basym bize myhmançylyga geljekdigini 
ýazypdyr. 4. Bir zat üçin biriniň adyny sanawa 
goşmak, girizmek. Meniň adymy hem ýazyň! 5.
gepl.d. Biriniň üstünden şikaýat edip, ýokary 
guramalara ýazmaça ýüzlenmek. 
ÝAZMAK II, işl. 1. Düşäp goýmak, düşek 
atmak, düşemek. – Uly halymyzy ol tamymyza ýazdyk 
– diýip, ol garrylary ikinji otaga çagyrdy (N. 
Saryhanow). 2. Ýaýradyp goýmak, pytratmak. Ol 
kaky teläriň üstüne ýazdy. 3. Ýygyrdyny, epinini 
düzlemek, ýazgyn etmek, gatyny açmak. Ol çermelgi 
ýeňini ýazyp, üst-başyny düzedişdirdi. 4. göç.m. 
Gaçmak, ökje götermek, ýazzyny bermek. Gümmürdi 
çykan wagty men arkanlygyna ýazdym (A. 
Gowşudow). 

 Penjäni ýazmak 1) dyrnakly ýyrtyjy haýwanlar 
hakda: penjäni ýazyp gaçmak. 2) göç.m. gaçmak. 
Bagbany gören çagalar penjäni ýazdylar. 
ÝAZMAK [ýa:zmak], işl. 1. Ildirilen, gurlan 
ýerinden sypmak, boşamak. Gapan ýazypdyr. 2. 
Duran ýerinden çykmak, bölünip aýrylmak, sypmak. 
Eňeklerim ýazyp gelýär. 3. Başga ýana sowulmak, 
başga tarapa ugrukmak, üýtgemek. Oturylyşygyň 
soňy aýdyma ýazdy.  
ÝAZMAKLYK I, II,iş ady. Ýazmak ýagdaýy. 
ÝAZMAKLYK [ýa:zmaklyk], iş ady. Ýazmak 
ýagdaýy. 
ÝAZMAZLYK, iş ady. Ýazmak işini ýerine 
ýetirmezlik. Öýlänçi ýene turup ugrady, bu bizi asyl 
ýazmajakmyka?! (A. Gowşudow). Içiniň agyrysy 
Batyry ýazmady (B. Kerbabaýew). 
ÝAZSYRAMAZLYK, iş ady. Ýazy ýaza 
meňzemezlik, 
ýazy 
ýaz 
bolmazlyk. 
Gyş
gyşsyramadygyň ýazy ýazsyramaz (Nakyl).
ÝAZUW I, syp., at. Ýazmak bilen bagly (iş). 
Ertesi irden ýazuw işlerini gutaryp, Şiriniň ýanyna 
gitdi (B. Pürliýew). 
ÝAZUW II, at. Ýazmak üçin ulanylýan belgiler 
ulgamy, ýazgy, hat. Arap ýazuwy. 
ÝAZU-GYŞ [ýa:zu:-ğyş], at. Ýaz we gyş, ýaz 
hem gyş. Bu bag ýazu-gyş gök salyp otyr. 
ÝAZUW-BOZUW [ýazuw-pozuw], at. 1. Hat-
ýazuw. 2. gepl.d. Çeper döredijilik. 
ÝAZY [ýa:zy], at. 1. kön.s. Ýalazy meýdan. 
Çyrag ýanmaz ýazy ýerde (Hoja Ahmet Ýasawy). 2. 
Oglana dakylýan at. 
ÝAZYBERMEK [ýazyvermek], işl. Ýazyp 
başlamak; ýazmagy dowam etdirmek. Şeýt-de 
düzmäniň yzynam ýazyber. 
ÝAZYJY, at. Çeper, edebi eserleri ýazmak bilen 
meşgullanýan adam. 2. gepl.d. Şikaýat ýazmagy 
endik edinen. 
ÝAZYJYLYK, at. Ýazyjynyň käri. 
ÝAZYK [ýa:zyk], at. Nädogrulyk, ýalňyşlyk 
bilen edilen hereket, etmiş, günä, aýyp. Gurban 
ýalbardy Näzige, Sütem etme men ýazyga (Ç. 
Aşyrow). 

Ýazygy ýaman kysmaty ýaman, biçäre, pahyr, 
görgüli. 


477 
ÝAZYKLY [ýa:zykly], syp.1. Jenaýat iş eden, 
etmişli, günäli. Sen meni ýazykly etjek bolýarmyň? 
(N. Pomma). 2. Aýyply, müýnli. Onsoňam ol, näme 
üçindir, ýazykly ýylgyrýardy (

Edebiýat we sungat

). 
ÝAZYKLYLYK [ýa:zyklylyk], at. Ýazygy 
barlyk, ýazykly bolmaklyk. 
ÝAZYKSYZ [ýa:zyksyz], syp. Ýazygy ýok, 
ýazygy bolmadyk. Ony ýazyksyz ýere ýazgarýardy 
(G. Kulyýew). 
ÝAZYKSYZLYK [ýa:zyksyzlyk], at. Ýazygy 
ýokluk, ýazykly dällik, ýazyksyz bolmaklyk. 
ÝAZYLGANÇYLYK [ýazylğançylyk], at, ser. 
Ýazylganlyk
ÝAZYLGANLYK 
[ýazylğanlyk], 
at. 
Arkaýynlyk, erkinlik. Han küýli her ýere barsa-da, 
işlemese, özüne ýazylganlyk ýokdugyny bildi (A. 
Durdyýew). 

Ýazylganlyk bermezlik öz gününe, erkine 
goýmazlyk. 
ÝAZYLGY [ýazylğy], syp.,hal. 1. Kagyzyň we 
ş.m. zadyň ýüzüne ýazgy ýazylan, ýazgy geçirilen. 
Onuň alanlarynyň bary mende ýazylgy durandyr (A. 
Durdyýew). 2. Düşek düşelen, düşek atylan. Ol näme 
ederini bilmän, ýazylgy duran düşegiň üstüne özüniň 
ýadaw göwresini goýberdi (N. Saryhanow). 
ÝAZYLMAK I, işl. 1. Kagyzyň, daşyň, agaç
gabygynyň, deriniň we ş.m. ýüzüne bir zady aňladýan 
ýazgy şekillendirilmek. Biziň ata-babalarymyz 
tarapyndan geçmişde daşlaryň ýüzüne uzynly-gysgaly 
ýazgylar ýazylyp galdyrylypdyr. 2. Beýan edilmek. 3. 
Ýazmaça habar berilmek, ýüzlenilmek. Ylmy 
maslahat geçirilýänligi hakynda ýerlere öňünden hat 
ýazylyp habar berildi. 4. Bir zada goşulmak, almak 
we ş.m. üçin adyň berilmek. Men 

Türkmen dili

 
gazetine ýazyldym. 5.göç.m. Biriniň üstünden şikaýat 
edilmek. 6. göç.m. Nesip etmek, miýesser bolmak, 
duşmak. Seniň ýaly maşgala meniň ogluma-da 
ýazylsyn-da hudaýym! (A. Durdyýew). 
ÝAZYLMAK II, işl. 1. Düşelip goýulmak, 
düşelmek. Ýere ilki palas düşelip, üstündenem uly, 
galyň keçeler ýazyldy, her keçäniň gyrasyna ikiden-
üçden ýassyk taşlandy. 2. Ýaýradylyp goýulmak, 
pytradylmak. Gök ýapraklaryň aralary bilen geçen 
gün şöhleleri ýol üstüne ýazylan apbasy-çapraz ýaly 
ýylpyldy bilen oýnaýardy (B. Kerbabaýew). 3. 
Ýazgyn edilmek, epini, ýygyrdy düzedilmek. Ütük 
basylandan soň, ýygyrtlar ýazyldy. 4. Ýazzyny 
bermek, gaçylmak, ökje göterilmek. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   765   766   767   768   769   770   771   772   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling