Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet770/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   766   767   768   769   770   771   772   773   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ýere ýazylmak ser. Ýer. Ol ylgap gelşine 
aýagy bir zada büdräp, ýere ýazylyp gitdi. 
ÝAZYLMAK III, işl. Aýak ýoluna gitmek, 
ýazynmak, ýeňläp gelmek. Ýazylaýyn hem odun alyp 
geleýin diýip, daş çykdym (N. Pomma). 
ÝAZYLYŞMAK [ýazlyşmak],işl. Biri bilen 
nikalaşmak. Pökgen öz ýanyndan gyzy Baharyň 
söýşüp 
ýazylyşyny 
Hoşgeldidendir 
öýdüp 
pikirlenýärdi (A. Gowşudow). 
ÝAZYNMAK I, işl. Özüň üçin ýazmak. Biz 
gum depesiniň üstünde aşagymyza oýluk ýazynyp 
otyrys (

Edebiýat we sungat

). 
ÝAZYNMAK II, işl. Aýak ýoluna gitmek, 
ýazylmak. 
ÝAZYNYŞMAK, işl., gepl.d. Dynç almak, 
ýadawlykdan aýňalmak. Aşyk Aýdyň pir hem: — 
Kerem jan, dem-dynç alyp ýazynyşyň – diýip, ýene 
bäş-alty gün boldy (

Görogly

). 
ÝAZYŞDYRMAK I, işl. Hat işlerini edişdirmek. 
Hat-petek işlerimi ýazyşdyrdym. 
ÝAZYŞDYRMAK II, işl.1. Hemmesini ýere 
düşeşdirmek, ýere ýazyp çykmak. Sen hol keçäni, 
ýorgan-düşekçäni, 
ýassygy 
al-da, 
gapynyň 
gündogaryndan ýazyşdyr 
(S. Myradow). 
2. 
Ýygyrdyny, epinini düzedişdirmek, gatyny açyp, 
ýazgyn hala öwrüp çykmak. Kagyzyň epinlerini 
ýazyşdyrmak. 
ÝAZYŞMAK I, işl. 1. Biri-biriňe jogap 
hökmünde hat alyşmak. Biri-birine kän-kän hatlar 
ýazyşdylar (N. Saryhanow). 2. Ýazmaga kömek 
etmek. Ogly enesine hat ýazyşdy. 
ÝAZYŞMAK II, işl. 1. Ýazmaga kömek bermek. 
Düşek ýazyşmak. 2. Bilelikde ýazmak. Olar düşek 
ýazyşyp ýör. 
ÝAZYŞMAK [ýa:zyşmak], işl. Ildirilen, gurlan 
ýerlerinden sypmak. Petleler ýazyşypdyr.  
ÝAZZY: ýazzy maňlaý çat maňlaý, gabat öň 
tarap. Gyzyň ýazzy maňlaýyna bardy (

Görogly

). 
Ýazzyny bermek gaçmak, ökje götermek. Emma ol 
birden turdy-da, ýykanda-sürän bolup ýazzyny 
beräýdi (

Görogly

). 
ÝE [ýe:], Türkmen milli elipbiýiniň 

Ý

harpynyň ady. 
ÝEDI, san. 7 belgisiniň ady we onuň aňladýan 
sany.

 Ýedi arka  adamyň özünden başlap
öten ýa-da geljek ýedi nesli. Ýedi arka 
meňzemän, ýerden göterene meňzärin ene-ata, 
nesliň beýleki adamlaryna çekmän, göbek enä 
meňzemek (çaga barada). Çaga: 

Ýedi arka 
meňzemerin, ýerden göterene meňzärin

diýermişin. 
Ýedi batman unuň hamyrmaýasy ähli zadyň
sebäpkäri, belanyň körügi. Ýedi batman unuň
hamyrmaýasy şu el ýaly garry aýal bolaýdymy? 
Ýedi bigäne ser. Ýedi ýat. Ýedi derýanyň suwuny 
içen diýseň mekir, durmuş tejribesi uly, etjegi içinde, 
köpi gören, köp çarşenbäni başyndan geçiren. Ol
jansyzlaryň içinde hem ýedi derýanyň suwuny
içen, köpbilmiş garry bardy (

Görogly

). Ýedi 
gapyda ýer tapmadyk baran ýerinde ýüz tapmaýan, 
orun tapmaýan, hemme ýerden kowlup ýören; 
bozgak, ýaramaz adam. Ýedi gat ýere salmak 
(sokmak) 1) il masgarasy etmek. 2) ýok etmek, 
öldürmek. Päk adamy goýmaz ýaly azarda, Ony men 
ýedi gat ýere salardym (B.Kerbabaýew). Ýedi jynyň 
biri bolmak gaty halamazlyk, ýigrenmek, ýekirmek.
Ýediň enesi ýaly özüni gaty arkaýyn, erkin alyp
barýan, özüne göwni ýetýän, janyna agram
salmaýan. Ýedi ojagy düzlän baran ýerine 
agzalalyk salýan, aýagy düşümsiz, oňşuksyz. Ýedi 
ölçe (biç) bir kes maslahatly, geňeşli bol, 
oýlanyşykly bol, çigini goýma. Babalarymyzyň 

Ýedi 


478 
ölçe-de bir kes

diýen sözüni ýatdan çykarmalyň 
(H.Derýaýew). Ýedi pyşdyna ýetmek biriniň tohum-
tijine sögmek. Ýedi pyşt ser. Ýedi arka. Men bu 
adamlaryň ýedi pyşdyna belet, gowy ýerdir. Ýedi 
uklaňda ýada düşmezlik hiç ýadyňa gelmezlik, 
ýadyňda-oýuňda ýokluk. Ýedi yklym gadym 
zamanlarda 
Gündogar 
ýurtlarynyň 
ýaşalýan 
ýerleriniň ýedi sany şertli bölegi. Ýedi yklymdan paç 
alyp oturan bir uly patyşa bardy (

Görogly

). Ýedi 
ýaşardan ýetmiş ýaşla çenli uludan-kiçä hemme 
kişi, ýerden ýörär. Ýedi ýoluň bendi ýollaryň 
çatrygy. Ýedi ýat ýedi arkadan aňyrky, garyndaşlyk 
taýdan daşlaşan adamlar; bigäne, keseki. 

Dogan 
bilen guda boldum, Doganlykdan jyda boldum

 
nakylynyň ündeýan pikirine eýerip, ol ýedi ýat bilen 
guda boldy. Ýedi ýoluň ustünde köpüň gözüniň 
öňünde, hemmä äşgär. Ýedi ýoluň üstünde irkilmek 
wakalaryň bolup geçýän ýerindekäň hiç zatdan 
habarsyz galmak. 
ÝEDIÇILLE, at. 1. Tarada dokalýan matanyň 
inini kesgitleýän ölçeg birligi. 2. Ýediçille keteni 
dokalanda ulanylýan darak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   766   767   768   769   770   771   772   773   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling