Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝAÝKALMAK, işl.Çalarak ýaýkalmak.  ÝAÝKAMA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet766/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   762   763   764   765   766   767   768   769   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAÝKALMAK, işl.Çalarak ýaýkalmak. 
ÝAÝKAMA, iş ady. Ýaýkamak ýagdaýy. 
ÝAÝKAMAK, işl. Bir zady oňlamaýandygyňy 
aňlatmak üçin bir-iki gezek başyňy ikibaka – bir 
sagyňa, bir-de çepiňe tarap öwürmek. Gyz hyrçyny 
dişläp, başyny ýaýkady. 
ÝAÝKAMAKLYK, iş ady. Ýaýkamak ýagdaýy. 


474 
ÝAÝKANJYRAMA, iş ady. Ýaýkanjyramak 
ýagdaýy. 
ÝAÝKANJYRAMAK, işl. Çalajadan bir enaýy 
näzli hereket etmek. Gelin ýaýkanjyrap geçip gitdi. 
ÝAÝKANJYRAMAKLYK, 
iş 
ady. 
Ýaýkanjyramak ýagdaýy. 
ÝAÝKANJYRAÝYŞ, iş ady. Ýaýkanjyramak 
ýagdaýy. 
ÝAÝKANMAK, işl. Eýläk-beýläk yranmak, 
ikibaka çaýkanmak. Sona kimin ýaýkanar sen, Abat 
bolsun köller, Öwez (

Görogly

). 
ÝAÝKAŞMAK, işl. Birnäçe bolup ýaýkamak; 
yralamak, çaýkamak. Yrsaraşan bolan bolup
Kellelerni ýaýkaşýarlar (K. Gurbannepesow). 
ÝAÝKATMAK, işl. Ýaýkamagyna sebäp 
bolmak. Geň, täsin habaryň bilen adamlaryň başyny 
ýaýkatdyň. 
ÝAÝKAÝYŞ, iş ady. Ýaýkamak ýagdaýy. 
ÝAÝKYLDAMAK [ýaýkyllamak], işl. Berk 
durman, ýykylaýjak-ýykylaýjak bolup, ikibaka yraň 
atmak. Kenardaky gaýyk ýaýkyldap durdy.  
ÝAÝKYLDY [ýaýkylly], at. Ýaýkyldama 
hereketiniň ady.
ÝAÝLA [ýa:ýla], at. 1. Ýaz, tomus aýlary mal 
bakylýan otluk ýer, öri meýdan, ýaýlag. 2. Oturymly 
ýer-ýurt, sebit, etrap, oazis. Mary ýaýlasy taryhy 
ýadygärliklere baýdyr.
ÝAÝLAG [ýa:ýlağ], at, ser. Ýaýla. Dagtokga 
dagda bişer, Miweli bagda bişer, Owlak-guzy ýaýlaga 
Sürülýän çagda bişer (M. Garryýew).
ÝAÝLAMAK [ýa:ýlamak] I, işl. Ýazlamak. 
Üstüňde ýaýlaýyp, myrada ýetsek, Lälezar gülleriň 
bardyr, sen çölüň! (Seýdi).
ÝAÝLAMAK [ýa:ýlamak] II, işl. Ýaý bilen 
atmak. 
ÝAÝLAŞMAK [ýa:ýlaşmak], işl. 1. Biri-biriňe 
tarap ýaý atmak. 2. Bilelikde ýaýlamak. Çagalar guş 
ýaýlaşyp ýördi. 
ÝAÝLATMAK [ýa:ýlatmak], işl. Ýaýlamaga 
mümkinçilik bermek, ýol bermek. Guş ýaýlatmak. 
ÝAÝLYM I, at.1. Süri agym berer ýaly öri 
meýdany, öri. Şol ýaýlymly giň depäniň üstünde iki 
sany altyganat ak öý gümmezekläp otyrdy (A. 
Gowşudow). 2. Oglana dakylýan at. 
ÝAÝLYM II, at. Radio, telewideniýe arkaly 
gepleşikleriň, habarlaryň howa tolkunlary arkaly 
ýaýradylyş giňişligi. 
ÝAÝMA, iş ady. Ýaýmak ýagdaýy. 
ÝAÝMA [ýa:ýma] I, II,iş ady. Ýaýmak ýagdaýy. 
ÝAÝMAK, işl. 1. Iki tarapa germek, uzatmak, 
açmak. Soňra ol hem ganat ýaýyp, howlynyň 
depesine çykdy (B. Seýtäkow). 2. Uly ile mälim 
etmek, aýan etmek, jar etmek, ýaýratmak. Her kime 
syryn ýaýanyň, Sözünde iba bolarmy?! (

Şasenem – 
Garyp

). 3. Giňden açmak, ýazmak, ýaýratmak. 4. 
Örümini çözüp, seçelendirip goýbermek (saç 
hakynda).
ÝAÝMAK [ýa:ýmak] I, işl. Gatygyň ýagyny 
almak üçin, ony ýanlyga guýup, pişek bilen aşak-
ýokaryk hereketlendirip durmak. Bir gün men ir bilen 
daşarda ýanlyk ýaýýardym (H. Garabaýew). 
ÝAÝMAK [ýa:ýmak] II, işl. Hamyry oklaw 
bilen iki ýana sozup ýukaltmak, tokga hamyry 
ýazgyn hala getirmek. Ol çelpek ýaýmaga barýan 
diýdi (A. Durdyýew). 
ÝAÝMAKLYK [ýa:ýmaklyk] I, II, iş ady. 
Ýaýmak ýagdaýy. 
ÝAÝNAMA, iş ady. Ýaýnamak ýagdaýy. 
ÝAÝNAMAK, işl.1. Bolelinlikde erkana, azat 
ýaşamak. Şat watanyň saýasynda, Ýaýnaýan – men, 
ýaýnaýan (Aýdymdan). 2. gepl.d. Uzap, giňäp 
gitmek, giňemek, ýaýlyp ýatmak. Gündogardan 
günbatara ýaýnap gidýän giň dere. 3. göç.m. Hezil 
etmek, arkaýyn gezmek. Kenarynda durmuş joş alyp 
gaýnar, Otluk ýaýlalaňda mallarmyz ýaýnar (N. 
Annagylyjow).  
ÝAÝNAŞMAK, işl.1. Birnäçe bolup, köplük 
bolup ýaýnap ýörmek. Ýabylar giň sährada 
peýwagtyna ýaýnaşyp ýördüler (B. Kerbabaýew). 2.
gepl.d. Uzaşyp, giňeşip gitmek, ýaýlyşyp ýatmak. 
Ekin meýdanlarymyz çar tarapa ýaýnaşyp ýatyr. 
3.göç.m. Hezil edişmek, arkaýyn gezişmek. Çagalar 
ýaýnaşyp ýörler. 
ÝAÝNATDYRMAK, 
işl. 
Baýnatmak, 
gönendirmek, ýaýnatmak.
ÝAÝNATMAK, işl. Ýaýnamaga mümkinçilik 
bermek. 
ÝAÝNAÝYŞ, iş ady. Ýaýnamak ýagdaýy. 
ÝAÝRABERMEK [ýaýravermek], işl. Ýaýrap 
başlamak. 
ÝAÝRADYJY I, syp. Her bir zady köpçülige, 
ilata, daş-töwerege ýaýradýan. Bilim ýaýradyjy 
adam.  
ÝAÝRADYJY II, at. Üýşüp duran zady 
ýaýratmaga ýaraýan gural, enjam. Ýol işinde gum 
ýaýradyjylar ulanyldy. 
ÝAÝRADYLMAK, işl. 1. Ýaýraň ýagdaýa 
getirilmek, 
dagadylmak, 
pytradylmak. 
Ekin 
meýdanyna çekilen dersler ýaýradyldy. 2. Giň, arasy 
açyk 
ýerleşdirilmek, 
seýrekledilmek. 
Märeke 
ýaýradylansoň, dem almak ýeňilleşdi. 3. Köpçülige 
mälim edilmek. Habar köpe ýaýradyldy. 4. Giň gerim 
berilmek. Gowy görelde hemme ýere ýaýradyldy. 5. 
Howa goýberilmek. Howada hoştap ys ýaýradyldy. 
ÝAÝRADYŞDYRMAK, işl. Bir ýan ujundan 
ýaýradyp ugramak, hemmesini ýaýratmak. Ol 
elindäki hatlaryň bir toparyny biziň öňümize 
ýaýradyşdyrdy. 
ÝAÝRADYŞMAK, işl. 1. Ýaýratmaga kömek 
bermek. Gel, gum ýaýradyşsaň! 2. Bilelikde 
ýaýratmak. Adamlar giden meýdana ders ýaýradyşyp 
ýördüler.
ÝAÝRAMA, iş ady. Ýaýramak ýagdaýy. 
ÝAÝRAMAK, işl. 1. Dagamak, pytrap, dagap 
ýatmak. Otagyň bir künjündäki sekiniň üstünde dürli 
kitaplar ýaýrap ýatyrdy. 2. Çaýylmak, saçylmak. 
Ýaňy dogan Günüň şöhlesi dünýä ýaýrady (B. 
Gurbanow). 3. Ýaýraň, dagynyk halda bolmak. Häli 
arkaýynlykda ýaýrap ýatyrlar (

Görogly

). 4.


475 
Uzamak, uzalyp gitmek. Ynha, garpyzyň gollary çar 
tarapa ýaýrap başlady (N. Esenmyradow). 5. 
Köpçülige mälim bolmak, aýan bolmak, jar bolmak, 
hemmelere eşidilmek. Bu agyr habar uly ile ýaýrady. 
6. Giň gerim almak, aralaşmak. 7. Uzalyp, ýaýlyp 
gitmek, giňemek. 8. Howa garylyp, goşulyp gitmek. 
Gazyň ysy howla ýaýrady. 9. Arkaýynçylykda keýiňi 
kökläp oturmak. Işden soň Garagumuň giň 
sährasynda ýazylyp, ýaýrap otyrdyk. 10. Giň 
meýdanda ornaşmak, giň meýdany tutmak, eýelemek. 
Oguzyň nesli Aziýanyň köp ýerlerine ýaýrady. 

Köki ýaýramyş 

tohumyň ýaýrasyn

diýen 
manyly dileg. 
ÝAÝRAMAKLYK, iş ady. Ýaýramak ýagdaýy. 
ÝAÝRAŇ, 1. Dagynyk, pytraňňy. 2. Daş-
töwerege uzalyp giden, gabarasy uly. Ýol söküldigiçe, 
daglaryň başy golaýlaşýardy, dere daralyp, ýaýraň 
şahaly tal-daragtlar köpelýärdi (G. Kulyýew).  

Ýaýraň ýönekeý sözlem dil b. baş agzalardan 
başga-da, aýyklaýjy agzalary bar bolan sözlem. 
ÝAÝRAŞMAK, işl. 1. Dargaşyp, pytraşyp
ýatmak. Maral okalganyň içine göz aýlap, ýaýraşyp 
ýatan kitaplary tertibe salyşdyryp çykdy. 2. Dürli 
tarapa ýaýrap gitmek, çar tarapa ýaýramak. Başlaryny 
galdyrman, ýaýraşyp otlap ýören sygyrlaryň çopany 
mendim (A. Durdyýew).
ÝAÝRATDYRMAK, işl. Ýaýratmak işini başga 
birine etdirtmek. 
ÝAÝRATMA, iş ady. Ýaýratmak ýagdaýy. 
ÝAÝRATMAK, işl. 1. Dagynyk, pytraňňy 
ýagdaýa salmak, dagytmak. Ahmet derýanyň 
ýakasyna baryp, gülebendini düşürip, bu köne-
sanalaryň hemmesini ýakyp, külüni derýanyň 
gyrasyna ýaýratdy (

Türkmen halk ertekileri

). 2. 
Howa ýaýramak derejesine ýetirmek. Ähli miweler 
ýetişip, dört töwerege şeker-şerbet ysyny 
ýaýradýardy. 3. Paýlamak, bölüp bermek. Harytlary 
dükanlara ýaýratmak. 4. Ýazgyn hala getirmek, 
ýazmak. Çyg ýüňi güneşde ýaýratmak. 5. Gürrüňi, 
habary köpçülige mälim etmek, äşgär etmek. Goý, 
güýçli ýel meniň guwanjymy, aýdyň pikirimi bütin 
dünýä ýaýratsyn! (B. Kerbabaýew). 6. Ornaşdyrmak, 
giň gerim aldyrmak. Bilimleri köpçülige ýaýratmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   762   763   764   765   766   767   768   769   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling