Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÝEKESIREÝIŞ
- ÝEKE-ÝEKEDEN
- ÝEKIRIBERMEK
- ÝEKIRIŞ
- ÝEKSYRUN
- ÝEK-ÝARYM
- Ýel almak
ÝEKESIREMEKLIK, iş ady. Ýekesiremek
ýagdaýy. ÝEKESIREMEZLIK, iş ady. Özüňi ýeke duýmazlyk, ýalňyz duýmazlyk. ÝEKESIRETMEK, işl. 1. Birini ýeke, ýalňyz goýup, ýüregini gysdyrmak. Sary aga, seni ýekesiredip bolmaz ahyry (B. Kerbabaýew). Men bu garrylary ýekesiredip gidip bilmerin. ÝEKESIREÝIŞ, iş ady. Ýekesiremek ýagdaýy. ÝEKESIRÄBERMEK [ýekesirä:vermek], işl. 1. Ýekesiräp başlamak. Näme, birden ýekesiräberdiň- le? 2. Ýekesiräp oturmak. ÝEKE-TÄK [ýeke-tä:k], hal. Diňe bir özi, ýalňyz, ýeke özi. ÝEKE-TÄKLIK [ýeke-tä:klik], at. Ýekelik, ýeke-täk bolmaklyk, ýalňyzlyk. ÝEKE-ÝEKE, hal. Birin-birin, bir-birden, ýeke- ýekeden, ýekeme-ýeke, ýekän-ýekän, başdanaýak. Ol alan zatlaryny ýeke-ýeke sanap gördi (N. Pomma). ÝEKE-ÝEKEDEN, hal, ser. Ýeke-ýeke. Perman tamdakylary ýeke-ýekeden gözden geçirdi (G. Kulyýew). ÝEKÄNME-ÝEKÄN [ýekä:nme-ýekä:n], hal, ser. Ýekän-ýekän. Ýadymda hemmesi şu günki ýaly, Geçýär göz öňümden ýekänme-ýekän (M. Myşşyýew). ÝEKÄN-ÝEKÄN [ýekä:n-ýekä:n], hal. Birini sypdyrman, bir ýan ujundan, hemmesini birin-birin. Öý eýesi toýa gelen adamlar bilen ýekän-ýekän görşüp, güler ýüz bilen olaryň oturmaly ýerini görkezýärdi. ÝEKIRIBERMEK [ýekirivermek], işl. 1. Ýekirip başlamak. 2. Ýekirip ýörmek. ÝEKIRILMEK, işl., ser. Ýekirmek. Ýekirildiň mähribanym, geregim, Ajydy seň gören günüň, ajydy (B. Hudaýnazarow). ÝEKIRIŞ, iş ady. Ýekirmek ýagdaýy. ÝEKIRIŞMEK, işl. Başgalar bilen bilelikde ýekirmek. ÝEKIRME, iş ady. Ýekirmek ýagdaýy. ÝEKIRMEK, işl. Birini gysmak, ýanamak, çete çykarmak, ýekelemek. ÝEKIRMEKLIK, iş ady. Ýekirmek ýagdaýy. ÝEKIRTMEK, işl. Ýekirmek hereketini başga birine etdirmek, biriniň üsti bilen amala aşyrmak. ÝEKSYRUN [ýeksyru:n], syp., gepl.d. Erbet, diňe öz bähbidini bilýän, ýaramaz (adam). ÝEKŞENBE [ýeğşemme], at. Hepdäniň ýedinji gününiň ady, dynç güni, bazar güni. Biz ýekşenbe güni şähere bararys. ÝEKTAÝ [ýekta:ý], at. Ýeke gat, ýalaňgat don, halat. Nurjahan ak ýektaýy geýip, otaga giren wagty Myrat töweregine göz gezdirip ýatyrdy (B. Pürliýew). ÝEK-TÜK, hal. Örän az, ýek-ýarym, iki-ýeke, az-owlak, birlän-ikilän; seýrek. Gije birçene ýeten hem bolsa, ýek-tük öýleriň çyrasy öçmändi. ÝEK-ÝARYM, [ýek-ýa:rym], Seýrek, ýek-tük. Gijara öýüne gelen mahaly, Asmanda ýek-ýarym ýyldyz göründi (A. Kekilow). ÝEL, at. 1. Howanyň keseligine güýçli akymy, hereketi. Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny – dil (Nakyl). Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul, Akarda suw ýa öserde ýel bolgul! (Magtymguly). 2. lukmanç. Ýeljikmek bilen geçýän kesel. 3. göç.m. Batly gelen gahar-gazap. Ol içiniň ýeline çydap bilmän azgyryldy. 4. göç.m. Güýçli isleg, höwes, hyjuw, gylaw. Ol işe ýaňy gelen adam, entek onuň ýeli bar. Ýel almak gören zadyň, eşiden sözüň täsirinden gahar-gazaba münmek, gaharlanmak, çişmek. Ýel berlen tulum ýaly çişmek (gabarylmak) gaharyň örän gaty gelmek. Ýel bermek bir zatdan öýkeläp, gaharlanyp ýören adama meçew bermek, götergilemek, çişirmek, gop bermek. Ýel çalmak 1) akylyň üýtgemek, dälirän ýaly bolmak, ýeldirgemek. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling