Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝELGINLI [ýelğinli], syp. Bady ýokary,  hyjuwly, badyhowa.  ÝELGINLILIK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet777/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   773   774   775   776   777   778   779   780   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝELGINLI [ýelğinli], syp. Bady ýokary, 
hyjuwly, badyhowa. 
ÝELGINLILIK [ýelğinlilik], at. Ýelgini barlyk, 
bady ýokarylyk, hyjuwlylyk, badyhowalyk. 
ÝELGUNÇ [ýelğunç], at, lukmanç. Adamyň çep 
böwründe ýel emele gelip, ýürege aralaşyp 
gusdurýan, iç geçirýän kesel. 
ÝEL-GUZ [ýel-ğuz], at. Ýel, şemal. Howada
ýel-guz, yssy-sowuk bolman, diňe azajyk salkynlyk 
syzylýardy (B.Kerbabaýew).
ÝELHARAZ, at. Ýeliň güýji bilen işleýän 
degirmen, ýel degirmeni. 
ÝELI, at. 1. Köşekleri kökermek üçin iki 
gazygyň arasyna gerlen ýüp. 2. deňizç. Iki ujy 
galtgaly, ortasyna birnäçe kiçi etlik düzülen balyk 
tutulýan enjam. 
ÝELIGIBERMEK 
[ýeliğivermek], 
işl. 
Ýelikmäge başlamak, ýelikmegi dowam etdirmek. 


482 
ÝELIGIŞ [ýeliğiş], iş ady. Ýelikmek ýagdaýy. 
Tutynyň ýeligişi ýeliň güýçlüdigini aňladýardy. 
ÝELIGIŞMEK [ýeliğişmek], işl. Ýel ýöräp 
çişmek, pökgermek. Gabaklary ýeligişipdir.. 
ÝELIKME,iş ady. Ýelikmek ýagdaýy.
ÝELIKMEK,işl. Birneme çişmek, ýellenmek, 
ýel ýöremek.  
ÝELIKDIRMEK, 
işl. 
Ýel 
çaldyrmak, 
şemallatmak. 
ÝELIM, at. Ýelmemek üçin ulanylýan suwuk 
madda. Tulparyň endam-janyna ýelim çalyp, ýene 
meýdana kowmakçy bolupdyr (B. Kerbabaýew).
ÝELIMLEME, iş ady. Ýelimlemek ýagdaýy. 
ÝELIMLEMEK, işl. Ýelim çalyp tutdurmak, 
ýelim bilen ýapyşdyrmak. Bukjany ýelimlemek. 
ÝELIMLEMEKLIK, iş ady. Ýelimlemek 
ýagdaýy. 
ÝELIMLEMEZLIK, iş ady. Ýelimlemek işini 
amal etmezlik.
ÝELIMLENMEK,işl.  Ýelim bilen tutdurylmak, 
ýelim çalyp ýapyşdyrmak. Dutaryň gapagy 
ýelimlendi. 
ÝELIMLEŞDIRMEK, işl. 1. Köp ýerini 
ýelimläp çykmak. 2. Bolşuna görä el ujundan 
ýelimlemek. 
ÝELIMLEŞMEK, işl. 1. Ýelimlemäge kömek 
bermek. 2. Bilelikde ýelimlemek. 
ÝELIMLETDIRMEK, işl., ser. Ýelimletmek. 
ÝELIMLETMEK, işl. Ýelimlemek işini başga 
birine etdirmek.
ÝELIMLEÝIŞ, iş ady. Ýelimlemek ýagdaýy. 
Ýelimleýşiň göwnejaý däl. 
ÝELIM-ÝÜPEK: ýelim-ýüpek bolmak biriniň 
ugrunda ölüp-öçüp barmak, daşynda perwana bolup 
aýlanmak, biriniň üstünde kökenek bolup, gaty gowy 
seretmek. Çagalaryna ýelim-ýüpek bolup seretdi, 
olara ýetimdiklerini bildirtmedi, adam etdi.
ÝELIN, at, Süýdemdiriji haýwanlaryň süýt işläp 
çykarýan emzikli agzasy. Meýdanda bakylyp getirilen 
sygyrlar 
ýelinlerini 
dyňzadyp, 
ýataklaryna 
sowulýardylar (N. Baýramow).

Ýelni gozgamak ýelnine süýt inip başlamak 
(ýakynda guzlamaly sygyr, goýun, geçi we ş.m. 
hakynda). Geçiniň ýelni gozgapdyr. 
ÝELINLEK, syp. Ýelni uly, uly ýelinli. Ýelinlek 
sygyr.
ÝELINLEME, iş ady. Ýelne süýt inip başlama. 
ÝELINLEMEK, işl. Malyň ýelni gozgamak, 
ýelnine süýt inip başlamak. Sygrymyz ýelinläpdir. 
ÝELINLEMEKLIK, 
iş 
ady. 
Ýelinlemek 
ýagdaýy. 
ÝELINLEÝIŞ, iş ady. Ýelinlemek ýagdaýy. 
ÝELINLÄBERMEK 
[ýelinlä:vermek], 
işl. 
Ýelinläp başlamak. 
ÝELINSE, at. Sagylýan mallaryň emişmezligi 
üçin, ýelnine geýdirilýän haltajyk.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   773   774   775   776   777   778   779   780   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling