ÝELMEŞDIRMEK, işl. 1. Ýelmäp çykmak,
ýelim bilen ýapyşdyryp çykmak. Bildirişleri
ýelmeşdiren talyplar edebi agşama taýýarlyk görüp
başladylar. 2. Ýapyşyp durar ýaly etmek.
ÝELMEŞEGEN [ýelmeşeğen], syp. Oňat
ýelmeşýän, derrew ýelmeşýän, ýapyşagan.
ÝELMEŞIK, syp., gepl.d. Ýelmeşip duran,
ýelmeşýän, ýelmeşegen häsiýeti bolan, şepbeşik.
Wepanyň eline bir hili ýelmeşik zat degdi (A.
Gowşudow).
ÝELMEŞMEK I, işl. 1. Bir zada ýelmenip
galmak, ýapyşmak, ýelim tutmak. Ýüzüme, saçyma
ýelmeşen külke agaç galyndylaryny kakyşdyrdym
(
Edebiýat we sungat
). Aýaga ýelmeşen toýun
palçyklar edil ýelim ýaly aýrylmaýardy. 2. göç.m. Biri
ýa-da bir zat bilen ýakyndan ysnyşmak. Çünki
ýüregimem, aňymam şol dutara ýelmeşdi. 3. göç.m.
Birine ýa-da bir zada daklyşmak, goşulyşmak. Ol öz
öňünden ilkinji çykan maşyna ýelmeşdi.
ÝELMEŞMEK II, işl. 1. Ýelmemäge kömek
bermek. Birnäçe bolup ýelmemek. Oglanlar
bildirişleri ýelmeşip ýördüler.
ÝELMETDIRMEK, işl. 1. Ýelmemek işini
biriniň üstüne ýükläp etdirmek. 2. Başga birine özüňi
urdurmak.
ÝELMETMEK, işl. Ýelim çalyp tutdurtmak,
ýelimletmek.
Kitabyň
ýyrtylan
sahypalaryny
ýelmetmek.
ÝELMEÝIŞ, iş ady. Ýelmemek ýagdaýy.
ÝELMÄBERMEK [ýelmä:vermek], işl. Ýelmäp
başlamak; ýelmemegi dowam etdirmek.
ÝELMIK, at. ösüml. Ýere ýaýrap, ýazgyn ösýän,
inçe ýapraklyja iýilýän meýdan oty.
ÝELPELMEK, işl. Ýelpewaç ýa-da başga bir zat
bilen ýelikdirilmek. Yssylaýan bäbek ýelpeldi.
Mergeniň sypjyrylan ýerine ýaşylja derman çalyndy,
ötmez ýaly ýelpeldi.
Do'stlaringiz bilan baham: |