Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÝELPEME, iş ady. Ýelpemek ýagdaýy. ÝELPEMEK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ÝELPEME, iş ady. Ýelpemek ýagdaýy.
ÝELPEMEK, işl. Ýelpewaç ýa-da başga bir zady galgadyp ýelikdirmek, ýel çaldyrmak. Ol içki syryny töwerekdäkilere duýdurmazlyk niýeti bilen, 484 pyşdylýaka köýnegini ýelpedi (B. Kerbabaýew). Synladym men agşam Hazar kenaryn, Ýelpedi ýüzümi çygly şemaly (M. Seýidow). ÝELPEMEKLIK, iş ady. Ýelpemek ýagdaýy. ÝELPEMEZLIK, iş ady. Ýelpäp durmazlyk. ÝELPENMEK,işl. Öz-özüňi ýelpemek. Yssy alyp barýan ýaly ýelpendi ( Edebiýat we sungat ). ÝELPESE, at. Uzyn saply uly ýelpewaç. ÝELPESELEMEK, işl. Ýelpewaç, ýaglyk we ş.m. bilen ýelpemek. ÝELPESELENMEK, işl. Ýeliň we ş.m. täsiri bilen tertipsiz galgamak. Allahym ýetirsin şol däli başa, Elinde ýaglygy ýelpeselendi (Halk aýdymyndan). ÝELPESELEŞDIRMEK, işl. Birnäçe zady ýelpeselemek. ÝELPESELEŞMEK, işl. 1. Ýelpeselemäge kömek bermek. 2. Bilelikde ýelpeselemek. ÝELPESELETDIRMEK, işl., ser. Ýelpeseletmek. ÝELPESELETMEK, işl. Ýelpeselemek işini başga birine etdirmek; ýelpeselemek üçin mümkinçilik bermek. ÝELPEŞDIRMEK, işl. Birnäçe zady ýelpäp çykmak. ÝELPEŞMEK, işl. 1. Ýelpemäge kömek bermek. 2. Biri bilen bile ýelpemek. Syrkawyň ýüzüni ýelpeşip otyrdylar. ÝELPETDIRMEK, işl., ser.Ýelpetmek. ÝELPETMEK, işl. Ýelpemek işini başga birine etdirmek. ÝELPEWAÇ [ýelpewa:ç], at. 1. Ýelpemek üçin eplenip-ýazylýan ýa-da ýarym aýlaw görnüşli enjam. Ýüzüni ýelpedi ýüpek ýelpewaç, Säher ýeli degip, ülpüllendi saç (Ý. Nasyrly). 2. Çaganyň ýüzüne siňek gonmazlyk we ýel çalyp durar ýaly sallançagyň üstünde gerlen ýüpe atylýan ýaglyk, mata. 3. Jaýlaryň howasyny täzelemek üçin tok bilen işleýän, aýlanýan enjam. Agyp-dönüp sowuk şemal öwüsdürip duran ýelpewajyň gabat garşysyna geçdi- de, birsellem ýelejiredi. ÝELPEÝIŞ, iş ady. Ýelpemek ýagdaýy. ÝELPEZEK, at. 1. Balygyň guýruk ýüzgüji. 2. Düýäniň burun boşlugy. ÝELPÄBERMEK [ýelpä:vermek], işl. Ýelpäp başlamak; ýelpemegi dowam etdirmek. ÝELÝYRTAN, at. Maňlaýa, kellä daňylýan gyzyl gülli ýuka nah ýaglyk. ÝEMEK, at, kön.s. Nahar, iýmit. Ýemek bolmak 1) aş saýlamak. Ol aýal ýemek bolýar. 2) öňkiniň üstüne goşant bolmak. Onuň üstüne-de gelniniň ölmegi ýemek boldy (B. Kerbabaýew). Ýene onuň üstüne başga bir zat ýemek boldy duruberdi (R. Gelenow). ÝEMEKLENMEK, işl. Ýemek bolmak, üstüne goşulmak, urna bolmak. Ýaňky görgüliniň körlügem- ä daş ýany bilen ýeterlikdi, garrylyk derdeserem üstüne ýemeklendi ( Nesil ). ÝEMIK, at. Çaganyň kellesiniň üstündäki soň gataýan ýumşajyk ýeri. Ýemigi (beýnisi) bekemedik aga-gara düşünmeýän (çaga). ÝEMIRME, iş ady. Ýemirmek ýagdaýy. ÝEMIRMEK, işl. 1. gepl.d. Bir zady ýemşertmek. Mytaranyň gapdalyny ýemrip getiripdir. 2. Ýüzüni gätmek, erňegini ýykmak, gyrasyny döwmek. Pyçagyň ýüzüni ýemirmek. ÝEMIRMEKLIK, iş ady. Ýemirmek ýagdaýy. ÝEMIRMEZLIK, iş ady. Ýemrip zaýalamazlyk. ÝEMIRTDIRMEK, işl. Ýemşertdirmek. ÝEMIRTMEK, işl. 1. Ýemirmek hereketini başga birine etdirmek. Galaýy gutynyň agzyny çalarak içine ýemirdip, üstüne gapak ýapdyk. 2. Ýemirmäge mümkinçilik bermek. ÝEMPEMEK, işl. Göwresiniň agramyny gysgarak aýagyna atyp ýöremek. Ony başdanaýak gözden geçirdi we ýempäp ugrady. Ol indi çala ýempeýärdi. ÝEMPILDEMEK [ýempillemek], işl. Bir aýagy ýempik adam çalt-çaltdan ýempäp, ýemp-ýemp edip ýöremek. ÝEMPILDI [ýempilli], at. Bir aýagy ýempik adam çalt ýörände döreýän şekiliň ady. ÝEMP-ÝEMP, s.ş. aňl.söz. Bir aýagy ýempik adam çalt ýörände döreýän şekil. Ýemp-ýemp etmek. ÝEMPI, syp., ser. Ýempik. ÝEMPIK, syp. Ýörände bir aýagyny ýempäp alýan, çalarak agsaýan, keýtik. ÝEMPIKLEMEK, işl. Ýempeýän ýaly ýöremek, ýempemek, keýtiklemek. Agaçlaryň arasy bilen ýempikläp, ýokarlygyna bakan ugrady (G. Kulyýew). ÝEMRIK, syp. Gyrasy, erňegi ýemrilen, ýykylan, gädilen. Köne galanyň köçäň üstüne abanyp duran ýemrik burçunyň üstünde bir gara peýda boldy (A. Gowşudow). ÝEMRILMEK, işl. Içine ýykylmak, ýüzi gaýtmak. Piliň agzy daşa degip ýemrilipdi ( Edebiýat we sungat ). ÝEMRIŞ, iş ady. Ýemirmek ýagdaýy. ÝEMŞERILMEK, işl. Içine ýemşermek, gyrasy içine gyşarmak. ÝEMŞERIŞMEK, işl. Ýemşerip başlamak (köp zat hakynda). ÝEMŞERME, iş ady. Ýemşermek ýagdaýy. ÝEMŞERMEK, işl. Gyrasy iç tarapyna egilmek (demir ýaly gaty zatlar hakynda). ÝEMŞERMEKLIK, iş ady. Ýemşermek ýagdaýy. ÝEMŞERMEZLIK, iş ady.Ýemşermän durmak. ÝEMŞERTDIRMEK, işl. Ýemşermegine ýol bermek. Jamlarymyzyň ählisini ýemşertdiräýipsiň-le? ÝEMŞERTMEK, işl. Ýemşik etmek, iç tarapyna çökermek, içine epmek. Maşynyň tigri bedräni ýemşertdi. ÝEMŞIK, syp. 1. Maşşardylyp epilen, içine çöken, ýemrik. Ýemşik bedre. 2. Maşşaryp duran, maşşyk, ýapbaşyk, ýasy. Burny ýemşik. ÝENÇDIRMEK [ýenişdirmek], işl. Ýençmek işini başga birine etdirmek. 485 ÝENÇGILEMEK [ýeniçğilemek], işl. 1. Usullyk bilen yzygiderli çekiçlemek, çekiçläp sozmak. Ol çym gyzyl bolup duran uzyn demri körükden çykaryp, ony ýekedaban bilen ýençgiläp durdy (B. Pürliýew). 2. göç.m. Köp gaýtalamak, gaýtalap durmak. Gep ýençgilemek. ÝENÇGILENMEK [ýeniçğilenmek], işl. Usullyk bilen, ýuwaş-ýuwaşdan çekiç bilen urulmak. ÝENÇGILEŞDIRMEK [ýeniçğileşdirmek], işl. Birnäçe zady ýençgiläp çykmak, çekiçläp, sozuşdyryp çykmak. ÝENÇGILEŞMEK [ýeniçğileşmek], işl. 1. Ýençgilemäge kömek bermek. 2. Birnäçe bolup ýençgilemek. ÝENÇGILETMEK [ýeniçğiletmek], işl.1. Ýençgilemek işini başga birine etdirmek. Şu demri ussa ýençgiledip gelsene. ÝENÇME [ýeniçme], iş ady. Ýençmek ýagdaýy. ÝENÇMEK [ýeniçmek], işl. 1. Yzygiderli urmak; birnäçe wagtlap urmak. 2. Çekiçläp sozmak, çekiçlemek. Tejribeçiler demir kesmegi, gyzdyrmagy, sandalda ýençmegi öwrendiler. ÝENÇMEKLIK [ýeniçmeklik], iş ady. Ýençmek ýagdaýy. ÝENÇMEZLIK [ýeniçmezlik], iş ady. Ýençmek işini etmezlik. ÝENE, hal. 1. Ýamaşgan, täzeden, gaýtadan. Bahar ýüregine düwen bir zadyny ýene soramakçy boldy (A.Gowşudow). 2. Ikinji gezek, ikinji ýola, ýene-de. Şu ýylyň bahary daýhanlaryň gaýratyny ýene bir gezek synlap gördi ( Türkmenistan ). 3. Bolsa-da, diýseňem, gaýta. Ýaltarak diýäýmeseň, ýene şonuň iş başarjaňlygy ýaman däl. Ýenäň ýenesi bar her bir zadyň gaýtargysy bardyr, her bir zadyň başgaçarak soňy-da bardyr. Ýersiz ýere oňa igäňi sürtüp durma, ýenäň ýenesi bardyr. ÝENEKI, syp. Geljekki, indiki, soňraky. Ýeneki aýlara, Ýeneki günlere özi ýetirsin! (Alkyş). Galanyny bolsa ýeneki ýyllarda hasaplaşarys gideris (B. Kebabaýew). ÝENE-ÝENELER, at. Birentekler, birnäçeler, şuňa meňzeş adamlar. Ýene-ýeneler näme diýerlerkä diýip ýaýdanyp durma-da, işiň bilen boluber. ÝENJIBERMEK [ýenjivermek|, işl. Ýenjip başlamak, birini urmaga başlamak; ýençmegi dowam etmek. ÝENJIK, syp. Urlup ýemşerdilen, ýemşik-ýemşik bolan, ýenjilen. Tüňçäniň ýenjik ýerini ussa düzetdi. ÝENJILMEK, işl.1. Yzygiderli urulmak, birnäçe wagtyň dowamynda urulmak. Gelniniň yzyndan giýewçilemäge baran ýigitler gaýyn obasynyň oglanlary tarapyndan ýenjilerdi diýip, garry atam gürrüň bererdi. 2. Çekiçläp sozulmak, çekiçlenmek. Ýenjilýän demriň sesi at gaýtarym ýerden eşidilýärdi. 3. göç.m. Köp gezek maslahatlaşylyp, nähili bolmalydygy çözülen (iş, mesele we ş.m. hakynda). Bu mesele öň hem köp gezek ýenjilipdi. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling