Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet765/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   761   762   763   764   765   766   767   768   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAÝDANJAŇ, syp. 1. Käbir ýagdaýlarda belli 
bir karara gelip bilmeýän, ederini bilmeýän. Ol şeýle 
bir ýaýdanjaňdyr welin, diýip-aýdar ýaly däldir (A. 
Nazarow). 2. Ätiýaç ediji, çekinjeň. Ýaýdanjaň adam. 
ÝAÝDANJAŇLYK, at. 1. Ýaýdanjaň halda 
bolmaklyk, ýaýdanjaň häsiýetlilik. Ýaýdanjaňlygyň 
üçin, ulagdan gijä galdyň. 2. Ätiýaç edijilik, gorky 
etmeklik, çekinjeňlik. 
ÝAÝDANJYRAMAK,işl. Çalarak ýaýdanmak, 
az-kem ýaýdanmak. Ol birhili özüni ýitirip, näme 
diýjegini bilmän ýaýdanjyrady (B. Gurbanow). 
ÝAÝDANMA, iş ady. Ýaýdanmak ýagdaýy. 
ÝAÝDANMAK, 
işl. 
1. 
Ederini bilmän 
ikirjiňlenmek, belli karara gelip bilmän durmak.
Men-ä guzy ýaly myrlap ýatyşyna dözmänem 
ýaýdandym (R. Gelenow). 2. Gorka hereket etmek
çekinjeňlik etmek. Öýüňize baranymda welin 
ýaýdanyp bardym (R. Gelenow). 
ÝAÝDANYŞ, iş ady. Ýaýdanmak ýagdaýy. Onuň 
ýaýdanyşy çakyň däldi. 
ÝAÝDANYŞMAK, işl. Birnäçe bolup ýaýdanyp 
durmak. 
ÝAÝDYRMAK, işl. 1. Iki tarapa gerdirmek
uzatdyrmak, açdyrmak. Ýaraly leglegiň ganatyny 
ýaýdyrdylar. 2. Köpe mälim etdirmek, aýan etdirmek, 
jar etdirmek. Maglumaty ýaýdyrmak. 3. Giňden 
ýazdyrmak. Supra ýaýdyrmak. 4. Örümini çözdürmek 
(saç hakynda). Saç ýaýdyrmak. 
ÝAÝDYRMAK [ýa:ýdyrmak] I, II. işl. Ýaýmak 
işini başga birine etdirmek. Ýanlyk ýaýdyrmak. 
Pişmelik hamyr ýaýdyrmak. 
ÝAÝJYK [ýa:ýjyk], at. 1. Döşüň ýokary 
tarapyndaky iki omza garşy aýrylyp gidýän süňk, 
bukaw süňki. 2. Burum-burum towlanan, maýyşgak, 
gysylyp-açylýan çeýe polat sim, puružyn. Diwanyň 
ýaýjygy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   761   762   763   764   765   766   767   768   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling