Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet760/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   756   757   758   759   760   761   762   763   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝATAK I, at. 1. Mallaryň saklanýan ýeri, gijesine 
olaryň ýatýan ýa-da saklanýan ýeri, agyl. Ýataklara, 
öýleriň töwereklerine aýlaň-çaýlaň ederdi (Ý. 
Mämmediýew). 2. Tebigy ýerasty gazylyp alynýan 
baýlyklaryň gözbaşy, toplanan ýeri, ojagy. Nebit 
ýataklary. 3. gepl.d. Ýaşalýan ýer, jaý, öý. Soňky 
wagtlarda ykmaga başlady welin, ol tä ýarygijä çenli 
ýatagyna köwlenenok (A. Gowşudow). 

Ýatagyňy çapmak öz iliň, öýüň zadyna el 
garmak, oba ogrusy bolmak. Seret, ol haramzadanyň 
ýatagyny çapyşyny, hakyt, duzuňy iýip, nähili kast 
edýärler (A. Durdyýew). 
ÝATAK II, syp., ser. Ýatagan I. Iki ýatak ýol 
çalypdyr (A. Gowşudow). 
ÝATAKHANA [ýatakha:na], at. Okuwçylaryň, 
talyplaryň, hünär okuwyna gelenleriň umumy 
ýaşaýyş jaýy, ýatakjaý, ýatalga. Ol ýolboýy Bossanyň 
pikirini edip, ýatakhana gelende, Wellek hor çekip 
ýatyrdy (G. Gurbansähedow). 
ÝATAKLAMA, iş ady. Ýataklamak ýagdaýy. 
ÝATAKLAMAK, işl. Guzlajak bolmak, guzlajak 
bolup, ýatar ýaly ýer gözlemek, bimaza bolmak (mal 
hakynda). Goýnumyz-a ýataklap başlady. 
ÝATAKLAÝYŞ, iş ady. Ýataklamak ýagdaýy. 
ÝATALGA [ýatalğa], at. 1. Deňizde harasat 
gopanda, gaçylyp atylýan asuda giňişlik. Torlaryň 
baryny çekip almaly, Gaýdan çykyp, bir ýatalga 
barmaly (A. Kowusow, N. Amanow). 2. ser. 
Ýatakhana. Ol institutyň umumy ýatalga jaýynda 
taýýarlanýar (H. Ysmaýylow). 
ÝATAŞÄRIK [ýataşä:rik], syp. Zähmet çekmegi 
halaman, işiň netijesine şärik (adam hakynda). 
ÝATAŞÄRIKLIK [ýataşä:riklik], at. Zähmet 
çekmän, işiň netijesine şärik bolmaklyk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   756   757   758   759   760   761   762   763   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling