Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ÝAŞALMAK [ýa:şalmak] II, işl., gepl.d.
Öňküsinden ýaş görünmek, ýigdelen ýaly bolmak. ÝAŞAMA [ýa:şama], iş ady. Ýaşamak ýagdaýy. Her halda ýaşamak gyzykly örän / Näçe ýaşa, / Ýaşamadan ganma ýok (G.Ezizow). 470 ÝAŞAMAK [ýa:şamak], işl. 1. Şu dünýäde diri gezip ýörmek, ömür sürmek. Ýüz ýaşan adam. 2. Güzeran görmek, eklenmek. 3. Mekan tutmak, oturymly durmuş gurmak. ÝAŞAMAKLYK [ýa:şamaklyk], iş ady. Ýaşamak ýagdaýy. ÝAŞARMA [ýa:şarma] I,iş ady. Ýaşarmak ýagdaýy (adamyň daşky görnüşi hakynda). ÝAŞARMA [ýa:şarma] II, iş ady. Ýaşarmak ýagdaýy (göz hakynda). ÝAŞARMAK [ýa:şarmak] I, işl., gepl.d. Ýigdelmek, hakyky ýaşyndan ýaş, ýigit görünmek; ýaşalmak. Tüweleme, dynç alyp ýaşarypsyň! ÝAŞARMAK [ýa:şarmak] II, işl. Gözünde ýaş peýda bolmak, gözünden ýaş çykmak. Durdy aga özüniň aýaza ýaşaryp duran gözünden käýindi (A. Gowşudow). ÝAŞARMAKLYK [ýa:şarmaklyk] I, iş ady. Ýaşarmak ýagdaýy (daşky keşp hakynda). ÝAŞARMAKLYK [ýa:şarmaklyk] II, iş ady. Ýaşarmak ýagdaýy (göz hakynda). ÝAŞARMAZLYK [ýa:şarmazlyk], I, iş ady., gepl.d. Ýigdelmezlik. ÝAŞARMAZLYK [ýa:şarmazlyk], II, iş ady. Ýaşaryp durmazlyk. ÝAŞARTMAK [ýa:şartmak] I, işl. Adamy öňküsinden ýaş görnüşe getirmek, ýigdeltmek. ÝAŞARTMAK [ýa:şartmak] II, işl. Gözüňe ýaş getirmek, ýaş aýlamak; gözüňden ýaş çykarmak. Ýatlamalar şadyýan äheňde başlanan gürrüňi bozup, Dursun ejäniň gözlerini bada-bat ýaşartdy (B. Kerbabaýew). ÝAŞARYŞ [ýa:şaryş] I, iş ady. Ýaşarmak ýagdaýy (göz hakynda). ÝAŞARYŞ [ýa:şaryş] II, iş ady. Ýigdeliş ýagdaýy (adamyň daşky keşbi, ýüzi hakynda). ÝAŞAŞMAK [ýa:şaşmak], işl. Bile ýaşamak; maşgala gurup ýaşamak. Size agzybir ýaşaşmagy arzuw edýäris. ÝAŞATMAK [ýa:şatmak], işl. Ýaşamaga mümkinçilik bermek, ýol bermek. Meni ýaşadýan, maňa aýak üstünde gezmäge güýç berýän diňe sensiň, Akjagül! (B. Seýtäkow). ÝAŞATMAZLYK [ýa:şatmazlyk], işl. Ýaşamaga goýmazlyk, ýaşamaga mümkinçilik bermezlik. ÝAŞAÝYŞ [ýa:şaýyş], 1. iş ady. Ýaşamak ýagdaýy. 2. at. Adamlaryň, haýwanlaryň maddy dünýädäki durmuşy, gün geçirişi. Suw ýok ýerinde ýaşaýyş hem ýok. ÝAŞDAŞ [ýa:şdaş], at, ser. Ýaşyt. Bularyň ikisi- de ýaşdaş, ikisi-de goňşy, ikisi-de bir mekdepde okaýar. ÝAŞKIÇI [ýa:şkiçi] I, at. Ýaşy kiçi. ÝAŞLAMA [ýa:şlama],iş ady. Ýaşlamak ýagdaýy. ÝAŞLAMAK [ýa:şlamak], işl. Gözüňe ýaş getirmek, ýaş aýlamak. Zübeýdam, ýaşlasaň gözüň, Harytsyz dükanym galdy (Magtymguly). ÝAŞLAMAKLYK [ýa:şlamaklyk], iş ady. Ýaşlamak ýagdaýy. ÝAŞLAMAZLYK [ýa:şlamazlyk], iş ady. Göze ýaş getirmezlik. ÝAŞLAÝYŞ, iş ady. Ýaşlamak ýagdaýy. ÝAŞLYK [ýa:şlyk], at. 1. Ýetginjeklikden kämillige çenli bolan aralyk. 2. Ýigitlik, jahyllyk, juwanlyk. Ýaşlyk ýyllary. ÝAŞLAR [ýa:şlar], at. Ýaş nesil; ýaş adamlar. ÝAŞMA, iş ady. Ýaşmak ýagdaýy. ÝAŞMAK I, işl. Gözýetimden aňryk inmek, batmak (Gün, Aý we ýyldyzlar hakynda). Gün ýaşdy, garaňky düşdi. ÝAŞMAK II, at.1. Aýallaryň, gelinleriň adamsynyň ýaşy uly dogan-garyndaşlaryna, özünden ululara hormat goýup, agzynyň üsti bilen aýlaýan gyňajujusy. Elinde çagasy – bar güýmenjesi, Ýaşmagyň astyndan eşdildi sesi (A. Kekilow). 2. Iki tarapa açylýan gapylar ýapylanda, arada galýan yşy ýapmak üçin kakylýan insizje uzyn tagta. Ýaşmak ujy aýal maşgalalaryň gyňajynyň ujy we oňa dakylýan ildirgiçli kümüş şaýjagaz. ÝAŞMAKLYK I, iş ady. Ýaşmak ýagdaýy. ÝAŞMAKLYK II, syp. Gabsa, äpişgä ýaşmak eder ýaly (insizje uzyn tagta). ÝAŞOWA [ýa:şowa], syp. Ýaş. Ol wagtlar ýaşowarak oglandy. ÝAŞSYRAMAK [ýa:şsyramak], işl. Ýaş görünjek bolmak. ÝAŞULY [ýa:şuly], at. 1. Ýaşy uly, gartaşan (adam). Ýaşuly adam. 2. Gepi-gürrüňi diňlenýän, diýenine-aýdanyna gulak asylýan, sylanýan, durmuş tejribesi uly adam. 3. Ýaşy birçene baran adama ýa-da wezipeli adama ýüz tutulyp aýdylýan söz. Bagyşlaň, ýaşuly, size kim diýerler? (B. Japarow). ÝAŞULULYK [ýa:şululuk], at. 1. Ýaşulynyň ýagdaýy. Ýaşululyga ýetmegem hemme kişä nesip edenok. 2. Toýda-tomaşada we ş.m. märekede ýolbaşçylyk, bekewülçilik etmeklik. Bu üýşmeleňde siz ýaşululyk etmeli bolarsyňyz. ÝAŞYL [ýa:şyl], syp. Otuň reňkine meňzeş reňkdäki, otuňky ýaly reňkli, şonuň ýaly-da şol reňkiň ady. Ýaşyl baýdagyň ruhy baýdagyň baky buýsanjyň bolsun, agzybir, jepakeş halkym, Döwlet tuguň, takdyr tuguň hiç haçan synmasyn ( Türkmenistan ). ÝAŞYLBAŞ [ýa:şylvaş], at. haýwanat d. Ganatlarynyň üsti, boýunlary ýaşyl öwsüp duran ördek. Bagymda saýraşar guşlar, Kölde ýüzer ýaşylbaşlar (G. Ezizow). ÝAŞYLJA [ýa:şylja] I, syp. Ýaşyl reňklije. ÝAŞYLJA [ýa:şylja] II, at. Ýara çalynýan ýaşyl reňkli suwuk derman, mawuja. ÝAŞYLLYK [ýa:şyllyk], at. Ýaşyl reňklilik. ÝAŞYLRAK [ýa:şylyra:k], syp. Reňki ýaşyla ýakyn; beýlekä görä has ýaşyl reňkli. ÝAŞYLYMTYL [ýa:şylymtyl], syp. Ýaşyl öwüsýän, açyk ýaşyl reňkli, çalarak ýaşyl. Ýaşylymtyl mata. ÝAŞYMSY [ýa:şymşy], syp., gepl.d., ser. Ýaş II. Ol gelin deň-duşlaryndan has ýaşymsy görünýär. 471 ÝAŞYNDYRMA [ýaşynnyrma], iş ady. Ýaşyndyrmak ýagdaýy. ÝAŞYNDYRMAK [ýaşynnyrmak], işl. Agzyna ýaşmak aýlatmak. ÝAŞYNDYRYŞ [ýa:şynnyryş], iş ady. Ýaşyndyrmak ýagdaýy. Merjen ejäniň gelnini ýaşyndyryşy üýtgeşikdi. ÝAŞYNDYRMAZLYK [ýaşynnyrmazlyk], iş ady. Ýaşynmaga mejbur etmezlik, ýaşmagyny aýyrtmak. ÝAŞYNMA, iş ady. Ýaşynmak ýagdaýy. ÝAŞYNMAK, işl. Türkmenleriň köneden gelýän däp-dessuryna görä özüňden ululara hormat goýup, agzyňa ýaşmak aýlamak. ÝAŞYNMAKLYK, iş ady. Ýaşynmak ýagdaýy. ÝAŞYNMAZLYK, iş ady. Agzyna ýaşmak almazlyk . ÝAŞYNYŞ, iş ady. Ýaşynmak ýagdaýy. ÝAŞYRMA, iş ady. Ýaşyrmak ýagdaýy. ÝAŞYRMAK, işl. Ýaşyryn saklamak, gizläp saklamak, gizlemek, bukmak. Aýybyny ýaşyran aýňalmaz (Nakyl). ÝAŞYRMAKLYK, iş ady. Ýaşyrmak ýagdaýy. ÝAŞYRMAZLYK, iş ady. Ýaşyryn saklamazlyk, gizläp saklamazlyk. ÝAŞYRYN [ýaşyry:n], syp. Hiç kime bildirmän, assyrynlyk bilen, ogryn, gizlin. Ýaşyryn iş. ÝAŞYRYNLYK [ýaşyry:nlyk], at. Ýaşyryn halda bolmaklyk, gizlinlik, assyrynlyk, ogrynlyk. ÝAŞYRYŞ, iş ady. Ýaşyrmak ýagdaýy. ÝAŞYT [ýa:şyt], syp. Ýaşlary bir, deň, doglan ýyllary meňzeş. Ikimiz ýaşytdyrys, ikimiziňem ýylymyz goýundyr. ÝAŞYTDAŞ [ýa:şytdaş], syp., gepl.d. Ýaşyt. Seniň bilen ýaşytdaş oglum bar. ÝAŞ-ÝELEŇ [ýa:ş-ýeleň], at. Ýetginjek, jahyl, ýaş-ýuş. Gelin-gyzlar, ýaş ýeleňler hiňňildik uçýardy (B. Kerbabaýew). ÝAŞ-ÝUŞ [ýa:ş-ýu:ş], at. Ýaş oglan-gyzlar, ýaş-ýeleň. Seň ýaly hünäri beýik adamyny tapyp duran gyzlar ýaş-ýuşa barjak gümany barmy?! (A. Durdyýew). ÝAT [ýa:t] I, at. Öň bolup geçen wakalary, täsirleri, duýgulary huşa getirip bilmek ukyby, huşda, pikirde saklap bilmek ukyby, hakyda. Onuň ýady kütelişipdir. Ýada salmak ýatlamak; ýada getirmek. Sag kenaryň sümmülleri şemala adaja tolkun atyp, birgeňsi sary deňzi ýada salýar ( Türkmenistan ). Ýadyndan çykarmak ýadyna düşmezlik, ýadyna salyp bilmezluik. Tolgunmadan ýaňa ol birbada şeýle pursatlarda uzyn gije taýýarlanyp oturan etsem- petsemlerini-de ýadyndan çykardy (Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 9 s.). Ýat beklemek ser. Ýat tutmak. Ýat etmek häzir ýok adamy ýatlamak. Ýat edeýin, agam, seni ( Görogly ). Ýat tutmak sözleri, goşgyny, aýdymy ýadyňda galar ýaly derejede özleşdirmek. ÝAT [ýa:t] II, at. 1. Garyndaşlyk, ýakynlyk gatnaşygy bolmadyk, garyndaş däl; keseki. Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy (Magtymguly). 2.Tanyş bolmazlyk. Daýhançylyk, günlükçilik ýaly zatlar oňa ýatdy, pil-de, palta-da ýatdy (B. Seýtäkow). 3. göç.m. Ýassykdaş, ýanýoldaş. Başyň ýassyga ýetende, ogul-gyzyň ýatça bolmaz (Magtymguly). Oglumyň ýanynda ot bar, gyzymyň ýanynda – ýat (Atalar sözi). Ýedi ýat ýedi arkadan aňyrky, garyndaşlyk taýdan daşlaşan adamlar; bigäne, keseki. Ol ýedi ýat bilen guda bolup, ogluny öýermegi ýüregine düwdi. ÝATA, syp. 1. Akman duran, akaba bolmadyk, akmaýan. Ýata suw. 2. Ýorgan-düşekli ýatan. Munuň özi ýata hassa-da däl (B. Kerbabaýew). Ýata şärik bolmak zähmet çekmän, hak aljak bolmak. Şeýdip hasylyň ýarysyna ýata şärik bolýarlar. ÝATAGAN [ýatağan], syp. Köp ýatmagy halaýan, kän ýatmagy endik edinen, ukuçyl, ýatak. Japbaklar bir obada ýatagan bar sesini eşitdiler (B. Kerbabaýew). Ýatagan gözlerini ýalpa açanda, Görýär özün köne ýorgan içinde (K.Gurbannepesow). ÝATAGANLYK [ýatağanlyk], at. Ýataganyň gylyk-häsiýeti, ukuçyllyk, ýataklyk. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling