Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÝARSMAKLYK [ýarysmaklyk], iş ady. Ýarsmak ýagdaýy. ÝARSYŞ
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÝARTY
- Ýarty tüýnük
- ÝARY
- ÝARYK
ÝARSMAKLYK
[ýarysmaklyk], iş ady. Ýarsmak ýagdaýy. ÝARSYŞ,iş ady. Ýarsmak ýagdaýy. 467 ÝARTMAÇ [ýa:rytmaç], at. Donuň, çäkmeniň, kürtäniň we ş.m. egne geýilýän, başa atylýan eşigiň eteginiň iki gapdalyndaky, yzyndaky dilik ýer. Donuň ýartmajyndan çykyp duran dutaryň dessesine bir mahaldan soň Harmandäliniň gözi düşdi ( Görogly ). ÝARTMAÇLY [ýa:rytmaşly], syp. Ýartmaç edilen, ýartmajy bar bolan. Olaryň aşak etegi gadymy türkmen donlary ýaly ýartmaçly ( Edebiýat we sungat ). ÝARTY [ýa:rty], syp.1. Tutuş zadyň ýarysy, bitin zadyň deň ýary. Ýarty garpyz. 2. Bir synasyndan jyda düşen, eliniň ýa-da aýagynyň ýarysyny aldyran, maýyp (adam hakynda). Men indi öňki Garýagdy däl, men ýarty! (H. Ysmaýylow). Ýarty tüýnük keçäniň gyrasyna tüýnüge meňzedilip salynýan ýarym tegelek nagyş, gül. ÝARTYLYK [ýa:rtylyk], at. Maýyplyk. ÝARTY-ÝURTY [ýa:rty-ýu:rty], syp. Ownuk- uşak, bölek-büçek. Ýarty-ýurty kerpiç. ÝARY, at, ser. Ýargak I. Ol gapyrjak tapyp, onuň agzyna ýary tutup, agaçdan sap etdi, gyjak ýasady ( Edebiýat we sungat ). ÝARY [ýa:ry], hal. Bir zadyň iki deň bölünen bir bölegi, ýarysy. Onuň ýaryny maňa goý, ýaryny äkit ( Görogly ). ÝARYK [ýa:ryk], syp. Çat açan, jaýryk emele gelen, ýarylan. Ýaryk gawunlary bir ýere, bitinlerini bir ýere üýşürdiler. At aýlanyp gazygyn tapar, suw aýlanyp – ýarygyn (Nakyl). ÝARYK, syp., kön.s. Ýagty; owadan, gözel. Husny aýdan ýaryk, katdy nahaldyr ( Seýpelmelek – Medhal- jemal ). ÝARYKLY [ýa:rykly], syp. Ýarygy bar bolan. ÝARYKLYK [ýa:ryklyk], at. Ýaryk ýagdaýynda bolmaklyk. Gawunyň bu ýeriniň ýaryklygy onuň süýjüligindendir. ÝARYKLYK [ýaryklyk], at. Ýagtylyk; gowulyk. Men jebir üçin ýarapdyryn, ömrümde ýaryklyk görmedim. ÝARYK-ÝARYK [ýa:ryk-ýa:ryk], syp. Köp ýeri ýarylan. Oldurygy süýrenýär, Ökjesi ýaryk-ýaryk (B. Kerbabaýew). ÝARYLAGAN [ýa:rylağan], syp. Ýarylmaga ýakyn, ýarylmasy aňsat. ÝARYLMAK [ýa:rylmak], işl. 1. Çapylyp, kesilip açylmak; bölünmek; bozulmak (bitewi zat hakynda). 2. Partlaýjy madda bilen weýran edilmek, ýykylmak, ýumrulmak. 3. Jaýyň içine girilip, gowy zatlar ogurlanmak. 4. Içinden böwsülip çykmak, böwsülmek. Pyntyklar ýarylýardy. 5. Bir zada urlup ýaralanmak. Ol garaňkyda barýarka, büdräp maňlaýy ýarylypdyr. 6. göç.m. Biri ýa-da bir zat hakda gynançly zeýrenmek, ýangynly söze başlamak, içiňi dökmek. Amanbibi eje onuň peýwagtyna gelmändigini oturyşyndan aňdy. Onýança Hydyrly aganyň özi ýaryldy ( Edebiýat we sungat ). 7. göç.m. Aýdylan sözi, edilen hereketi gaty görüp, öýkelemek, çişmek. Kakasy gurjak getirmändigi sebäpli, bäş ýaşly gyz öýkeläp, tas ýarylypdy. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling