Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet742/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   738   739   740   741   742   743   744   745   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

 Alla ýaryň! hoşlaşylanda, ugradylanda edilýän 
dileg. 
ÝARA, at. Teniň bir ýerindäki çiş, baş, sypjyryk, 
kesik. 

Ýarasyna deglen ýaly bolmak gaty ynjamak
güýçli täsir etmek. Ýarasyna duz basmak (sepmek) 
adamyň keýpini gaçyrýan, gaty ynjydýan, mazasyny 
alýan bir zady aýtmak, derdini gozgamak, derdiniň 
üstüne dert goşmakkönäni agtaryp, oduny ölçermek. 
Ýarasyny gozgamak ýatdan çykyp barýan ünjüsini, 
azaryny, gaýgy-gamyny ýatlatmak, köne derdini 
ýadyna salmak, geçmiş hasraty ýatlamak. Ýarasy 
ýeňil şeýle bir kyn zat däl. Toýa bar äkitmeli zadyň 
bir goýun bolsa, ýarasy ýeňil-le. 
ÝARAG [ýarağ], at.1. Goranmak ýa-da hüjüm 
etmek üçin ýaraýan gural, serişde. 2. göç.m. Bir zady 
amala aşyrmak üçin serişde. Adam üçin iň güýçli 
ýarag bilimdir. 

Haram ýarag elinden hiç bir peýdaly iş
gelmeýän, hiç zat başarmaýan. – Ola-a bir tüýs 
haram ýaragdyr-la – diýip, ýaş gelin jorasynyň 
ýanynda zeýrenmek zeýrendi.  
ÝARAGLANDYRMAK [ýarağlannyrmak], işl. 
1. Birnäçe adamy, topary ýarag bilen üpjün etmek, 
ýarag şaýyny tutmak. 2.göç.m. Belli bir maksada 
ýetmek üçin, bir maksat ugrunda göreşmek üçin 
gerekli serişde bilen üpjün etmek. 
ÝARAGLANMA 
[ýarağlanma], 
iş 
ady. 
Ýaraglanmak ýagdaýy. 
ÝARAGLANMAK [ýarağlanmak], işl. 1. Ýarag, 
harby enjam edinmek, ýaragly bolmak. 2. göç.m. Bir 
işi ýerine ýetirmek üçin gerekli enjam, gural, bilim 
we ş.m. bilen üpjün bolmak. 
ÝARAGLANMAKLYK [ýarağlanmaklyk], iş 
ady. Ýaraglanmak ýagdaýy. 
ÝARAGLANYŞ 
[ýarağlanyş], 
iş 
ady. 
Ýaraglanmak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   738   739   740   741   742   743   744   745   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling