Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÝAPYRMA
- ÝAPYRYŞ
- ÝAPYŞALGA
- ÝAPYŞMAK I
ÝAPYNJALYK, syp. Ýapynja etmek üçin
niýetlenen. ÝAPYNMAK, işl. 1. Üstüňi basyrmak, örtmek. Onsoň Hudaýberdi pälwan agşam possunyny ýapynyp ýatýar ( Türkmen halk ertekileri . 2. Özi üçin bişirmek. Tamdyra kakmaç ýapyndym. 463 ÝAPYR, at. ösüml. Gumda, dagda bitýän ýaprakly, sary gülli, ýere ýazylyp ösýän ot. ÝAPYRMA, iş ady. Ýapyrmak ýagdaýy. ÝAPYRMAK, işl. 1. Kellä geýilýän zatlary aşak basyp geýmek, çümürmek. Telpegini ýapyryp, tigrine mündi. 2. Gulak gypmak, ýatyrmak. Gyrat agzyny açyp, gulaklaryny ýapyryp, ýer peşeläp topulyp durýar ( Görogly ). 3. göç.m. Bir ýanyndan gypyrtmak, ýok etmek. Ata çykyp, ynsy-jynsy ýapyryp, Bir ujundan baryn gyrdy-da gitdi (Magtymguly). 4. Ýere ýykmak, egmek, ýazmak. Aýagyndaky ägirt ädikleri bir çogmak gamşy basyp, ýere ýapyrypdy (N. Jumaýew). ÝAPYRYLMAK, işl. 1. Aşak basylyp geýilmek, çümre geýilmek. 2. Egilmek. Çapyksuwar atyň uýanyny deňläp ýapyryldy. ÝAPYRYLYŞMAK [ýapyrlyşmak], işl. Birnäçe bolup, ýerli-ýerden ýapyrylmak. Kelleleri kiçijik papakly çapyksuwarlar bolsa ýapyrylyşdylar (A. Gowşudow). ÝAPYRYŞ, iş ady. Ýapyrmak ýagdaýy. ÝAPYŞ, iş ady. Ýapmak ýagdaýy. ÝAPYŞAK I, at. ösüml. Daşy tüýjümek, uzyn çogdam däneli haşal ot, bürmek. ÝAPYŞAK II, at. Enesiniň ýatgysyna ýapyşyp ölüp galan çaga. Emma aýal ýapyşagym bardy diýip, hilegärlik etdi (B. Seýtäkow). Ýapyşak ýaly ýapyşyp ýatan, sypdyrman ýören (adam hakynda). ÝAPYŞALGA [ýapyşalğa], at. 1. Ýapyşar, tutar ýaly zat, tutawaç. Basgançagyň iki gyrasynda ýapyşalga bar. 2. göç.m. Bir iş ýüze çykanda ýüz tutulýan, kömegine garaşylýan adam, kömek edip biljek adam. Bar ýapyşalgam sensiň. Ol ýapyşalga tapmady (B.Kerbabaýew). ÝAPYŞDYRMAK, işl. Bir ýan ujundan yzygiderli suratda ýapyp çykmak (hemme manysynda). Ol gowy görýän zatlarynyň üstüni ýapyşdyrdy (N. Saryhanow). Ol aýranly gaplaryň agzyny pugta ýapyşdyryp, işini birýüzli etdi-de, öýe girdi (Ý. Mämmediýew). ÝAPYŞMAK I, işl. 1. Ýapmaga kömek etmek. Gonşyma kümesiniň üstüni ýapyşdym. 2. Bilelikde ýapmak. Gazanyň başynda iki sany aýal çelpek ýapyşyp dur. ÝAPYŞMAK II, işl. 1. Biriniň bir ýerinden, elinde we s.m.pugta tutup aslyşmak. Eşek ýaly goýun itleri ala zenzele turzup, atlaryň guýrugyndan ýapyşyp, bir gapdala çekýärdiler (B. Seýtäkow). Çukurdan çykyp bilmeýän bolsaň, elimden ýapyş, çekeýin. 2. Bir zady ýerine ýetirmäge çynlakaý girişmek, tüýs ýürekden ýerine ýetirmäge çalyşmak. Tabşyrylan işe jogapkärçilikli ýapyş. ÝAP-ÝAŇY, hal. Sähel wagt mundan öň, ýaňyň özünde. Türkmen halky ýap-ýaňy Baýdak baýramyny belläp geçdi. ÝAR [ýa:r], at. 1. k.d. Ýoldaş, dost, medetkär. Ähli türkmen halky saňa ýar bolup, seni goldar, oglum! ( Görogly ). Alla ýaryň bolsun. 2. Iň eziz, mähriban, söýgüli, magşuk. Birisiniň ýary yzynda haýran, Gözleri ýoldadyr, bular gelmedi (Magtymguly). Gözel ýary wasp etmeýän ýekeje-de aýdym tapmarsyň (B. Pürliýew). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling