Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝANDYRYJY [ýannyryjy], syp.1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet731/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   727   728   729   730   731   732   733   734   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝANDYRYJY [ýannyryjy], syp.1. Ot beriji, 
ýangyn dörediji, otlaýjy. 2. Güýçli gyzdyrýan, ýakyp-
ýandyryp barýan; epgekli, howurly. Ýasy ýapraklary 
bilen miwelerini ýandyryjy günden goraýarlar (A. 
Gowşudow). 3. göç.m. Gynandyryjy, gam-gussa 
çekdiriji. 
ÝANDYRYLMAK [ýannyrylmak] I, işl. 1. Ot 
berilmek, otlanmak, ýakylmak. 2. Gaty gyzdyrylmak, 
güýçli howur berilmek. 3. göç.m. Horluga, gynanja 
sezewar edilmek, gam çekdirilmek. 
ÝANDYRYLMAK [ýannyrylmak] II, işl. 
Süýdüni yzyna çeker ýaly edilmek, süýdi çekiler ýaly 
ýagdaýa salynmak. Gijä galyp, sygryň süýdi hem 
ýandyryldy. 
ÝANGAZYK 
[ýa:nğazyk], 
at. 
Dokma 
ýüwürtmek üçin kakylýan dört sany gazyk. 
Ýangazyklary oňatja kakyň. 

 Ýangazyga degmezlik päsgelsiz geçmek. 
ÝANGYÇ [ýanğyç], 1. syp., ser. Ýangyr. 2. at. 
Motorlary herekete getirmek üçin ulanylýan suwuk 
ýa-da gaz şekilli madda (nebit, benzin we ş.m.). 
Maşyna ýangyç guýmak.  
ÝANGYN [ýanğyn], at. 1. Ýakmak üçin 
niýetlenmedik ýerlere, zatlara ot düşmegi netijesinde 
tutaşyp, daş-töwerege çabyrap ýanýan, weýran ediji 
uly ot. 2. göç.m. Gaýgy-gam, hasrat, gussa. 
Göroglynyň öňki ýangynynyň üstüne bu hem dag 
bolup degdi (

Görogly

). 3. göç.m. Jöwza, güýçli 
yssy, ösýän gyzgyn epgek. Ýaldyragyň ýangyny. 
ÝANGYNLY [ýanğynly], syp. 1. Çendenaşa yssy, 
jöwzaly. Ýangynly howa. 2. göç.m. Birinden ýa-da bir 
zatdan närazy bolup, jany ýanyp ýören. Bu näme üçin 
meniň bilen ýangynly sözleşýärkä? (B. Pürliýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   727   728   729   730   731   732   733   734   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling