Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet723/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   719   720   721   722   723   724   725   726   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝALYNMAKLYK, iş ady. Ýalynmak ýagdaýy. 
ÝALT-ÝULT: ýalt-ýult etmek edebi saklaman
barýan, oturan ýerinde hemme zady görjek bolup, 
eýläk-beýläk tiz-tiz öwrülip garanjaklamak. 
ÝAMA, at. Geýim-gejimleriň, aýakgabyň we 
ş.m. zatlaryň ýyrtylan ýerine salynýan bölek mata, 
gaýyş. 

Ýamasy bitmek ýerini dolmak, öwezine 
gelmek, keminiň üsti ýetirilmek, durmuş ýagdaýy 
gowulanmak. Pul bolsa, ýamasy bitjek ýalydy, 
Maksat-myradyna ýetjek ýalydy (B. Kerbabaýew).  
Ýamasy ýerinde zyýany ýok, deregini dolsa bolar; 
öz-özünden biter. Onuň goly ýaman dilnipdir, şeýle 
bolsa-da, ýamasy ýerinde, biter. 
ÝAMAÇ, at. 1. Derýanyň, çaýyň, ýabyň we ş.m. 
iki gyrasy, kenary. Ala jaryň ýamajyndaky ýylgynlar 
ýyldyz bilen bäs edişýärdi (Ş. Taganow). 2. Ýapy. 
Ýamaçlaryň üstünde harman ýerleri bolan. 
ÝAMAK, at, ser. Ýama. Durluklaryna näçe 
ýamak basylan bolsa-da, deşiklerinden görünýän 
yşlaryň sany ýok (B. Kerbabaýew). 
ÝAMALMAK, işl. Ýama edilmek, ýama 
salynmak. 
ÝAMALY, syp. Ýyrtygyna ýama salnan, ýama 
urlan. Ol gelende, egninde bir köne ýamaly horjuny 
bardy (A. Gowşudow).
ÝAMALYK I, syp.Ýamamak üçin gerekli, ýama 
etmek üçin niýetlenen (mata ýa-da gaýyş bölegi). 
Gedaýa çaryk berseň, ýamalygyny hem dilär (Nakyl). 
ÝAMALYK II, at, maldarç. Düýe çökende, yzky 
aýaklarynyň ýere degýän gaty ýeri.
ÝAMAMAiş ady. Ýamamak ýagdaýy.
ÝAMAMAK, işl. Geýim-gejimiň, aýakgabyň 
ýyrtylan ýerine ýama salmak, ýama urmak.
ÝAMAMAKLYK,iş ady. Ýamamak ýagdaýy.
ÝAMAMAZLYK, iş ady. Ýama salmazlyk, ýama 
tikmezlik. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   719   720   721   722   723   724   725   726   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling