Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet706/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   702   703   704   705   706   707   708   709   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ýabana gitmek aýak ýoluna gitmek. Ýaban 
ýatmak başga ýerde ýatmak, gijesine öýüňde 
ýatmazlyk. Meniň känbir ýaban ýatarym bolmazdy 
(A. Gurbanow). 
ÝABANTOWUK [ýa:vantowuk], at. Sülgün. 
ÝABANY [ýa:vany], syp. 1. Öý, adam bilen 
öwrenişmedik, meýdanda erkin ýaşap ýören 
(haýwanlar, 
guşlar 
hakynda). 
2. 
Ösdürilip 
ýetişdirilmedik, ekilmedik, özi gögerip ösen (ösümlik 
hakynda). 
Ir-iýmişli 
ösümlikleriň 
ýabany 
bitýänleriniň-de sany ýok. Ýabany üzüm. Ýabany 
alma. 
ÝABANYLAŞMA [ýa:vanylaşma], iş ady. 
Ýabanylaşmak ýagdaýy. 
ÝABANYLAŞMAK 
[ýa:vanylaşmak], 
işl. 
Ýabany bolup gitmek, ýabany hala öwrülmek. 
ÝABANYLAŞMAZLYK [ýa:vanylaşmazlyk], iş 
ady. Ýabany bolup gitmezlik. 
ÝABANYLAŞYŞ 
[ýa:vanylaşyş], 
iş 
ady. 
Ýabanylaşmak ýagdaýy. 
ÝABANYLYK [ýa:vanylyk], at. Ýabany halda 
bolmaklyk. 
ÝABŞYRDYLMAK 
[ýavşyrdylmak], 
işl. 
Ýabşyrmak işi başga birine etdirilmek. 
ÝABŞYRMA [ýavşyrma],1. iş ady. Ýabşyrmak 
ýagdaýy. 2at. Biçilen geýimiň bölekleriniň iki gyraň 
tarapyny deňräk tutup depjäp, gyrasyny içine epip 
tikmegiň bir görnüşi. 
ÝABŞYRMAK [ýavşyrmak], işl. 1. Ýabşyrma 
tikini bilen tikmek, gyrasyny içine epläp tikmek. 
Köýnegiň etegini ýabşyrmak. 2. Ýelmemek. Nyşana 
alynjak 
derileri 
gaýanyň 
ýüzüne 
ýabşyryp 
goýupdyrlar. 
ÝABŞYRMAKLYK [ýavşyrmaklyk], iş ady. 
Ýabşyrmak işi, ýagdaýy. 
ÝABŞYRMAZLYK [ýavşyrmazlyk], iş ady. 
Ýabşyrmak işini etmezlik. 
ÝABŞYRTMAK [ýavşyrtmak], işl. Ýabşyrmak 
işini başga birine etdirmek. Köýnegiň ýanyny 
ýabşyrtmak.
ÝABŞYRYBERMEK [ýavşyryvermek], işl
Ýabşyrmaga 
başlamak; 
ýabşyrmagy 
dowam 
etdirmek. 
ÝABŞYRYLMAK [ýavşyrylmak], işl. Ýabşyrma 
tikini bilen tikilmek. 
ÝABŞYRYŞ [ýavşyryş], iş ady. Ýabşyrmak 
ýagdaýy. 
ÝABŞYRYŞMAK 
[ýavşyryşmak], 
işl. 
1
Ýabşyrmaga kömek bermek. 2. Birnäçe bolup 
ýabşyrmak. 
ÝABŞYRYŞDYRMAK [ýavşyryşdyrmak], işl. 
Bir ýanyndan ýabşyryp çykmak; ýabşyrmaly ýerlerini 
ýabşyrmak. 
ÝABY [ýavy], at. Iş, ulag maly hökmünde 
ulanylýan iri öý haýwany, gylýal. Ýaby loňkuldamaga 
başlady (A. Durdyýew).
ÝABYGORLY [ýavyğorly], syp. Bolmalysyndan 
pes, ýaramaz, gowşak, ugursyz, ýagdaýly. Aý, ýok, 
gözleýşiňiz ýabygorludyr. 
ÝADABERMEK [ýa:da:vermek], işl. Ýadap 
ugramak.
ÝA-DA [ýa:-da], bagl., ser. Ýa 1. Ýa men 
baraýyn, ýa-da sen gel. 
ÝADAGAN [ýa:dağan], syp. Çalt ýadaýan. 


447 
ÝADAGYÇ [ýa:dağyç], syp. Basym-basymdan 
ýadaýan, ýadagan. Köp münülmeýän at ýadagyç 
bolýar. 
ÝADALMAK [ýa:dalmak], işl. Köp işläp, ýöräp 
güýç-kuwwatdan gaçmak, armak. Işleseň ýadalýan 
wagtlary-da bolýar
ÝADAMA [ýa:dama], iş ady. Ýadamak ýagdaýy. 
Onuň işden ýadamasy ýok. 
ÝADAMADYKSYRAMAK 
[ýa:damadyksyramak], işl. Ýadasa-da,ýadamadyk 
bolmak. 
ÝADAMAK [ýa:damak], işl. 1. Köp işläp, ýöräp, 
güýç-kuwwatdan gaçmak, ýadaw, argyn halda 
bolmak, armak. Magtymguly ertirden bäri körügiň 
başyndan aýrylman, işläp oturanlygy üçin gaty 
ýadapdy (T. Taganow). 2. göç.m. Bizar bolmak, 
irmek, ýürege düşmek. Şu bolgusyz igençlerden 
ýadapdyryn.

Ýadan bolmak ýadamasa-da, özüni ýadan 
şekilde görkezjek bolmak. Az işlejek bolup, ýadan 
bolup oturma
ÝADAMAKLYK 
[ýa:damaklyk], 
iş 
ady. 
Ýadamak ýagdaýy. 
ÝADAMAZAK [ýa:damazak], syp. Ýadawlygy 
duýmaýan, 
ýadamaýan, 
armazak, 
irmezek. 
Ýadamazak ýigit. 
ÝADAMAZLYK 
[ýa:damazlyk], 
iş 
ady. 
Ýadaman ýörmek, ýadaman işlemek. 
ÝADAŇKYRLAMAK [ýa:daňkyrlamak], işl. 
Çalarak ýadamak, ýadap ugramak. 
ÝADAŞMAK [ýa:daşmak], işl. Ýuwaş-ýuwaşdan 
ýadamak (birnäçe adam hakynda). Adamlar 
ýadaşypdylar. 
ÝADATMAK [ýa:datmak], işl. 1. Birini köp 
işledip, güýç-kuwwatdan aýyrmak, ýadaw, argyn hala 
salmak. 2. göç.m. Bizar etmek, irizmek, ýüregine 
düşmek. Ejesiniň soraglary Myrady bir ýandan 
ýadatsa, 
ikinji 
ýandan 
onuň 
agyr 
oýuny 
güýçlendirýärdi (B. Kerbabaýew). 
ÝADATMAZLYK [ýa:datmazlyk], iş ady.
Ýadamagyna sebäp bolmazlyk; ýadamak katdyna 
ýetirmezlik. Kitabyň ýadatmazlygy mazmunyna, 
gyzyklylygyna bagly. 
ÝADAW [ýa:dow], syp. Köp işländigi sebäpli
ýadan, argyn. Garry awçy örän ýadaw gelipdi (B. 
Gurbanow).
ÝADAWLYK [ýa:dowluk], at. Ýadaw halda 
bolmaklyk. Iki günüň ýadawlygy. 
ÝADAWRAK [ýa:dowra:k], syp. Birneme 
ýadaw. 
ÝADAWSYZ [ýa:dowsuz], syp. Irmän-arman, 
ýadaman, irginsiz. Ýadawsyz zähmet çekmek.  
ÝADAWSYZLYK [ýa:dowsuzluk], at. Ýadaw 
dällik, ýadaw bolmazlyk. 
ÝADAÝYŞ [ýa:daýyş], iş ady. Ýadamak 
ýagdaýy. 
ÝADYGÄR [ýa:dyğä:r], at, ser. Ýadygärlik 1, 2. 
Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, Senden soňkulara 
ýadygär bolar (Magtymguly). Kimde-kim bir agaç 
ekse ýadygär, Dünýäň kitabynda onuň ady bar (G. 
Seýitliýew).
ÝADYGÄRLIK [ýa:dyğä:rlik], at. 1.Ýatdan 
çykarmazlyk üçin, ýatlap durar ýaly birine berlen zat, 
galan nyşan. Ýadygärlik berlen surat. 2. Biriniň ýa-
da bir zadyň hatyrasyna bina edilen, dikeldilen 
bina, heýkel. Ýunus Emräniň ýadygärligi. 3. Gadymy 
medeniýetiň yzlary, galyndylary, häzirki wagta çenli 
saklanyp galan binalary. Türkmen topragy gadymy 
ýadygärlikleriň mesgenidir (Jürdekow T. Ata 
arzuwyny amala aşyrýan Agtyk). 
ÝADYRGABERMEK [ýa:dyrğa:vermek], işl. 
Ýadyrgap başlamak. 
ÝADYRGAMA 
[ýa:dyrğama], 
iş 
ady. 
Ýadyrgamak ýagdaýy. 
ÝADYRGAMAK [ýa:dyrğamak], işl. Ýat 
adamlaryň arasynda ýa-da nätanyş ýerde çekinjeňlik 
etmek. Onuň bolup durşy ýadyrgaýan adamyň 
görnüşindedi (B. Soltannyýazow). 
ÝADYRGAMAKLYK [ýa:dyrğamaklyk], iş ady. 
Ýadyrgamak ýagdaýy. 
ÝADYRGANMAK [ýa:dyrğanmak], işl., ser. 
Ýadyrgamak. 
ÝADYRGAŞMAK [ýa:dyrğaşmak], işl. Birnäçe 
adam bolup ýadyrgap durmak. 
ÝADYRGAÝYŞ 
[ýa:dyrğaýyş], 
iş 
ady. 
Ýadyrgamak ýagdaýy.  
ÝAG [ýa:ğ], at. 1. Käbir haýwanlardan, 
ösümliklerden alynýan azyk önümi. Gury sözden 
palaw bolmaz, ýag bilen tüwüsi bolmasa (Nakyl). 2. 
Maşynlar we enjamlar üçin ulanylýan suwuk madda. 
3. gepl.d. Nebit; kerosin. Çyranyň ýagy. Ine, çyrasyna 
ýag damdy, indi ol senden öýkelemez – diýip ýylgyrdy 
(B.Gurbanow). 

Ýagdan gyl sogran ýaly etmek hiç kime 
bildirmän, duýdurman almak, çykarmak, hereket 
etmek. Ýag düşmek ýanlykda gatyk ýaýylanda ýag 
peýda bolmak. Ýag guýup ýalap oturmaly arassa, 
tämiz. Ýag iýip, ýalaňaç ýatmak mätäçlik çekmän 
ýaşamak, hiç zady azar edinmezlik. Ýag iýip, ýüpek 
geýmek bolelinlikde ýaşamak, eliň uzadan ýeriňe 
ýetmek. Ýag iýip, ýüpek geýerin diýseň, yhlas bilen 
zähmet çekmeli. Ýag ýaly adam mylaýym sözli, 
mylakatly adam. 
ÝAGDAN [ýa:ğda:n], at. Ýag guýmak üçin 
niýetlenen gap, ýag salynýan gap, ýag gaby. 
ÝAGDAÝ [ýağdaý], at. 1. Biriniň, bir zadyň 
boluş, ýaşaýyş derejesi, hal-ahwal. 2. Jemgyýetçilik-
syýasy 
gatnaşyklaryň 
jemi, 
jemgyýetçilik 
durmuşynyň barşy. Halkara gatnaşyklarymyzyň 
ýagdaýy. 3. Pursat, maý, wagt. Indi bolsa ýagdaý 
düýbünden başgaçady (Ş. Borjakow). 4. Adamyň 
beden, ruhy taýdan mümkinçilikleri. Işlemäge 
ýagdaýym bar. 5. Ýaşaýyş, durmuş akymynda 
döreýän şert.
ÝAGDAÝBAP [ýağdaýva:p], syp.gepl. Ýagdaýa 
düşünýän, ýagdaýa görä hereket edýän. Görsek, bir 
ýagdaýbap adam ekeni. 


448 
ÝAGDAÝLAŞMA [ýağdaýlaşma], iş ady. 
Ýagdaýlaşmak ýagdaýy. El kömegi gerek bolanda, 
ýegeniniň ýagdaýlaşmasy bardy. 
ÝAGDAÝLAŞMAK 
[ýağdaýlaşmak], 
işl. 
Ýagdaýa görä hereket etmek, ýagdaýa seredibräk iş 
görmek, eglişik etmek. Ol işden galmajak bolýardy, 
ýolbaşçylaram onuň bilen ýagdaýlaşýardy. 
ÝAGDAÝLAŞMAKLYK [ýağdaýlaşmaklyk], iş 
ady. Ýagdaýlaşmak ýagdaýy. 
ÝAGDAÝLAŞYŞ 
[ýağdaýlaşyş], 
iş 
ady. 
Ýagdaýlaşmak ýagdaýy. Onuň ýagdaýlaşyşy şeýle: 
gerek bolanda, ogullary bilen gelip kömekleşýär. 
ÝAGDAÝLY [ýağdaýly], syp. 1. Onçakly 
ýeterlik 
däl, 
ýeter-ýetmez, 
azrak; 
hakyky 
bolmalysyndan pes. Gün-güzeranlary hem ýagdaýly. 
2. ser. Ýabygorly. Hasyly köpeltmek üçin gören 
çäreleriňizi ýagdaýly hasap edýän bolsaňyz, 
günübirin aladasyny etmeli. 
ÝAGDAÝSYZ [ýağdaýsyz], syp. Mümkinçiligi 
bolmadyk, ýagdaýy ýok. 
ÝAGDAÝSYZLYK 
[ýağdaýsyzlyk], 
at. 
Ýagdaýy ýokluk, ýagdaýsyz bolmaklyk. 
ÝAGDYRMAK [ýağdyrmak], işl. 1. Ýagar ýaly 
etmek. Emeli ýagyş ýagdyrmak. 2. Yzly-yzyna 
zyňmak, yzyny üzmän keseklemek. Öňünden 
taýynlanyp duran ýaş-ýeleňler atbaşçylaryň üstüne
kesek ýagdyrdylar (B. Kerbabaýew). 3.göç.m. Ýerli-
ýerden seslenmek, gygyryşmak. Sorag baryny 
ýagdyrdylar. 
ÝAGDYRTMAK [ýağdyrtmak], işl. Ýagmagyna 
getirmek, ýagmagyna sebäp bolmak.
ÝAGDYRYLMAK [ýağdyrylmak], işl. 1. 
Ýagmaga başladylmak, ýagar ýaly edilmek. Ekinlere 
suw endigan ýeter ýaly, meýdanlaryň içinden turba 
bilen getirilip, ýagyş ýaly ýagdyryldy. 2. Yzly-yzyna 
zyňylmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   702   703   704   705   706   707   708   709   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling