Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet707/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   703   704   705   706   707   708   709   710   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAGDYRYLYŞMAK 
[ýağdyrlyşmak], 
işl. 
Ýerli-ýerden ýagdyrylmak. 
ÝAGJARMA [ýa:ğjarma], iş ady. Ýagjarmak 
ýagdaýy. 
ÝAGJARMAK [ýa:ğjarmak], işl. Ýagy çykyp 
durmak, ýag ýokundysy bolmak. Süzme haltanyň 
daşy ýagjaryp dur. 
ÝAGJARMAZLYK [ýa:ğjarmazlyk], iş ady. 
Ýagjaryp durmazlyk. 
ÝAGJARTDYRMAK [ýa:ğjartdyrmak], işl., ser. 
Ýagjartmak. 
ÝAGJARTMAK [ýa:ğjartmak], işl. Ýagjarar 
ýaly etmek, ýüzüne çykyp duran ýag ýokundysyny 
aýyrman goýmak. 
ÝAGJYMAK [ýa:ğjymak], syp. Ýagjaryp duran, 
ýagy çykyp duran, ýag siňen. Bu sabyn ýagjymak 
ýüzli adamlara peýdaly. Onuň ýüzi edil çirtibermeli 
bolup, ýagjymak ýaňaklaryndan gan görünýärdi 
(B.Kerbabaýew). 

 Ýagjymak ses örän mylaýym, asuda ses. Onuň 
ýagjymak sesi bardy. 
ÝAGLABERMEK [ýa:ğla:vermek], işl. Ýaglap 
başlamak; ýaglamagy dowam etdirmek. 
ÝAGLAK [ýa:ğlak], syp., ser. Ýagly. 
ÝAGLAMA [ýa:ğlama], iş ady. Ýaglamak 
ýagdaýy. Maşynlaryň enjamlaryny ýaglama. 
ÝAGLAMAK [ýa:ğlamak] I, işl. 1. Enjamyň, 
guralyň we ş.m. böleklerine ýag çalmak. Tigriň okuny 
ýaglamak. 2. Ýag çalyp arassalamak, ýag çalyp 
ýalpyldatmak. Ädigi ýaglamak. 3. Bir ýeriňe ýag 
degirmek. 
Penjegiňi 
 
ýaglapsyň, 
seresap 
bolaýmazlarmy?  
ÝAGLAMAK [ýa:ğlamak] IIişl. Pyçak we ş.m.
zat bilen eýlenmeli deriniň ýagyny aýyrmak. Derini 
ýaglap eýlemeli. 
ÝAGLAMAKLYK [ýa:ğlamaklyk], iş ady. 
Ýaglamak ýagdaýy. 
ÝAGLAMAZLYK [ýa:ğlamazlyk], iş ady.1
Ýaglamak işini etmezlik. 2. Bir ýeriňe ýag 
degirmezlik; 
ýag 
çalmazlyk. 
Üsti-başyňy 
ýaglaýmagyn
ÝAGLANMAK [ýa:ğlanmak], işl. 1. Ýag 
çalynmak. Ädik ýaglandy. 2. Ýagy aýrylmak. Deri 
ýaglandy. 
ÝAGLAŞDYRMAK [ýa:ğlaşdyrmak], işl. Bir 
ýan ujundan ýaglap çykmak. Olar arabalarynyň 
tigirlerini ýaglaşdyrýarlar. 
ÝAGLAŞDYRYLMAK [ýa:ğlaşdyrylmak], işl. 
Bir ýan ujundan ýaglanyp çykylmak, hemmesi 
ýaglanmak. 
ÝAGLAŞMAK 
[ýa:ğlaşmak] 
I
işl. 
1
Ýaglamaga kömek etmek. 2. Bilelikde ýaglamak. 
Oglanlar tigriň topuny ýaglaşyp otyrdylar. 
ÝAGLAŞMAK [ýa:ğlaşmak] II, işl. Deriniň 
ýagyny gyryp aýryşmak. Deri ýaglaşmak. 
ÝAGLATDYRMAK [ýa:ğlatdyrmak] I, işl., 
ser.Ýaglatmak
ÝAGLATDYRMAK [ýa:ğlatdyrmak] IIişl. 
Deriniň ýagyny gyrdyryp aýyrtdyrmak. Derini 
ýaglatdyrmak. 
ÝAGLATMAK [ýa:ğlatmak], işl. Ýaglamak işini
başga birine etdirmek (ýaglamak işliginiň 1-nji, 2-nji 
manylary boýunça). Tigriň topuny ýaglatdym. Köwşi 
ýaglatmak. Derini ýaglatmak. 
ÝAGLAW [ýa:ğlow], at. Pyçagyň tygynyň sapa 
birigýän ýeriniň iki gapdalyndaky ýasy tokga demir. 
Pyçagyň ýaglawy.  
ÝAGLAÝYŞ [ýa:ğlaýyş], iş ady. Ýaglamak 
ýagdaýy. 
ÝAGLY [ýa:ğly], syp. 1. Ýagy köp. Ýagly et. 2. 
Ýaga bişirilen, ýag goşulan, ýag çalnan. Ýagly çörek 

Eli ýagly(ja) jübüsi pulluja. Eliň ýaglyja 
bolmasa, käbir adamlar ýüzüňe seredýärmi näme? 
ÝAGLYJA [ýa:ğlyja], at. ösüml. Dagda bitýän 
gyrymsy ösümlik. 
ÝAGLYK [ýa:ğlyk], at. Köplenç, kellä daňmak, 
başa atmak we ş.m. üçin ulanylýan dürli ululykdaky
gülli dörtburç mata. Gelniň başyna ýüň ýaglyk 
atdylar. Köne ýaglygyny atyp başyna, çykdy 
gahrymanym tamyň daşyna (A.Kekilow). 

Ýaglyga towusmak adam boýundan has 
ýokarda asylgy ýaglygy (baýragy) böküp almak bilen 
bagly milli toý oýny. Milli oýunlarymyz bolan göreş, 


449 
at çapmak, ýaglyga towusmak adamlaryň
saglygyny mäkämlendirýär (

Edebiýat we sungat

). 
ÝAGLYPETIR [ýa:ğlypeti:r], at. Ýaýylan 
hamyra ýag çalnyp ýasalýan petir çörek, gatlama 
petir. Ýagly petirden dograma edýäris. 
ÝAGLY-ÝÜZLI [ýa:ğly-ýüzlü], at. Içine et-ýag 
atylyp bişirilen nahar. Indi ol bir hepdeden bäri 
ýagly-ýüzliniň garasyny görmändi (

Edebiýat we 
sungat

). 
ÝAGMA [ýağma] I, iş ady. Ýagmak ýagdaýy. 
ÝAGMA [ýağma] II, at, kön.s. Çapawul, alaman. 
ÝAGMAK [ýağmak], işl. 1. Sepelenip ýere 
düşmek, guýulmak, dökülmek (ýagyş, gar, doly 
hakynda). Ýagşyň tüýs gerek wagtynda ýagyp 
durmagy göwünleri galkyndyrdy. 2. göç.m. Yzly-
yzyna, yzy üzülmän gelmek. Eli açyk, güler ýüzli, 
döwletli ýigidiň öýüne çar tarapdan myhman 
ýagýardy. 3. Yzy üzülmän zyňylmak, atylmak (kesek, 
daş, ok we ş.m. hakynda). Söweş barýan ýerde 
asmandan doly ýaly bolup ok ýagýardy.

Ýüzünden gar ýagmak – ser. Ýüz. Berdi 
aganyň ýüzünden gar ýagýar, serederligi ýok 
(A.Durdyýew). 

ÝAGMAKLYK [ýağmaklyk], iş ady. Ýagmak 
ýagdaýy. 
ÝAGMALAMAK [ýağmalamak], işl. Çalarak 
ýagyp durmak, bir çisňäp, bir goýup ýagmak. Ýagyş 
ýagmalap dur. 
ÝAGMEŞIK [ýa:ğmeşik], at. Ýag guýmak üçin 
geçi derisinden ýörite taýýarlanan gap. 
ÝAGMYR [ýağmyr], at. 1. ser. Ýagyş. Rehim 
eýleýip, ýagmyr ýagdyr, soltanym (Magtymguly). 
Gara daşam wagtyň geçmegi bilen, Üýtgeýär 
ýagmyryň, ýeliň güýjünden (Ş. Borjakow). 2. Oglana 
dakylýan at. 
ÝAGMYRLY [ýağmyrly], syp., ser. Ýagyşly. 
Ýagmyrly gün. 
ÝAGNY [ýağny], Özünden öň gelýän sözlemi 
ýa sözi anyklamak ýa-da düşünikli etmek, 
aýdyňlaşdyrmak üçin ulanylýan baglaýjy.
ÝAGŞY [ýağşy], syp. 1. Göwne ýakymly, oňat, 
gowy. Ýagşy söz ýylany hinden çykarar (Nakyl). 2.
Mazaly, düýpli, doly, ýeterlik derejede bolan. Ýagşy 
dynç almak. 3. 

Bolýar; hoş

diýen manyda 
ulanylýan giriş sözi. Ýagşy onda, sag-aman oturyň! 4. 
Oglana dakylýan at. 

Ýagşy günüňe şärik biriniň şatlygyna, gowy 
durmuşyna begenip aýdylýan aňlatma. Biz-ä seniň 
ýagşy günüňe şärik, Bagtyň üçin bolsun diýýäs 
tutaryk (Ç. Gurbangylyjow). 
ÝAGŞYDAN-ÝAMANDAN 
[ýağşydan-
ýamannan], syp. Hiç hili, ne ýagşy, ne-de ýaman. 
Wepa hakynda ýagşydan-ýamandan bir agyz söz hem 
aýtmady (A. Gowşudow).
ÝAGŞYLANDYRMAK [ýağşylannyrmak], işl. 
Ýagdaýyny, hilini oňatlaşdyrmak, oňat hilli etmek
gowulandyrmak. Tebibiň beren emi nähoşy birneme 
ýagşylandyrdy. 
ÝAGŞYLANMAK [ýağşylanmak], işl. 1. Hil 
taýdan gowulanmak, oňat hilli bolmak, oňatlanmak. 
2. Daýanmak, ýagdaýy gowulanmak, bäri bakmak. 
Syrkawyň haly ýagşylanýar. 
ÝAGŞYLAŞMAK 
[ýağşylaşmak], 
işl
1. 
Birneme gowulaşmak, hil taýdan oňatlaşmak. 2. 
Birneme daýanmak, ýagdaýy gowulanmak, bäri 
bakmak. Ýazgül hem gün-günden ýagşylaşyp, aýak 
üstüne galdy (N. Pomma). 
ÝAGŞYLYK [ýağşylyk], at. 1. Tüýs
ýürekden edilýän ýardam; rehimlilik bilen edilýän 
goldaw. Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir,
ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir (Nakyl). Ol 
eden ýagşylygyňyz ýadymdan çykýan däldir (B. 
Pürliýew). 2. Oňat gylyklylyk, gowy häsiýetlilik, 
paýhaslylyk, asyllylyk, gowulyk, gowy niýetlilik. 
Ýagşylykda ile özün tanadan, Alkyş alyp, derejesi zor 
bolar (Magtymguly). 

Ýagşylyk ýüzüni görmezlik ýamanlykdan, 
bagtsyzlykdan gözüň açylmazlyk, edeniň ugur 
almazlyk. Elim ýagşylyga ejir çekeniň zyýan gören 
ýeri özünde ýa-da başga biriniň bedeninde el bilen 
görkezilende aýdylýan aňlatma. 
ÝAGŞYZADA [ýağşyza:da], at. Adamlar üçin 
jan çekýän, olara ýagşylyk edýän sylagly-
hormatly, keramatly adam. Ýagşyzadalar
ýoldaşyňyz bolsun! (Dileg). 
ÝAGTY [ýağty] I, at. 1. Daş-töweregi, älemi 
gözüň bilen aýyl-saýyl görmäge mümkinçilik
berýän tebigy ýa-da emeli şöhle. Aýyň
ýagtysy. Şemiň ýagtysy. 2. Köp şöhle düşýän, şöhleli. 
Jaýyň içi örän ýagtydyr. Ýüzüňi ýagta tutmak. 
Ýagtyda oturyp, kitap okamak. 3. göç.m. Şatlykly, 
bagtly, azat. Biziň ilimiz ýagty durmuşda ýaşaýar. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   703   704   705   706   707   708   709   710   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling