Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Dişin yşramak (yşramazlyk)


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet700/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   696   697   698   699   700   701   702   703   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Dişin yşramak (yşramazlyk) gowy gün 
görmek 
(görmezlik), 
hezil 
edip 
ýaşamak 
(ýaşamazlyk).
YŞYK, at. 1. Ýagtylyk, şöhle. 2. Daş-töwerege
yş berýän ýagtylyk şöhlesi, çyra, ot. Garaňky gijede 
örän alysdan görünýän ot yşyklary-da öçüşdi (B. 
Gurbanow).
YŞYKLAMA, iş ady. Yşyklamak ýagdaýy.
YŞYKLAMAK, işl. Birine ýa-da bir zada 
ogrynça yşdan, yşgalaňdan we ş.m. seretmek, 
garamak, jyklamak. Her haýsy yş tapan ýerinden 
yşyklaýardy (A. Gowşudow). 
YŞYKLANDYRMAK [yşyklannyrmak], işl. 
Çyra, yşyk we ş.m. bilen ýagtylandyrmak, tok 
çekmek. Olaryň yşyklandyrýan meýdanlary has 
giňelýär (B. Seýtäkow). 
YŞYKLANMAK, işl. Yşyk bilen ýagtylmak. 
YŞYKLAŞMAK, işl. Birnäçe bolup yşdan, 
yşykdan seretmek. Olar işikden yşyklaşyp durdular. 
YŞYKLATMAK, işl. Birine yşdan, yşgalaňdan 
seretdirmek. 
YŞYKLYsyp. Yşygy bolan. 
YTYGSAMAK 
[ytyğsamak], 
işl., 
ser. 
Tygsamak. 
YZ [y:z], at. 1. Adamyň, haýwanyň, mör-
möjekleriň aýagynyň we süýrenijileriň ýerde 
galdyrýan şekili, sudury. Batgalygyň gyrasynda 
ýekegapanyň yzy bardy2. Bir zadyň täsiri netijesinde 
galan bellik, nyşan, çapyk. Eşrebiň çep ýaňagyndaky 
ýaranyň çukur yzy-da häzir çala saýgarylýardy (B. 
Kerbabaýew). 3. Giňişlikde yzky, arka tarap. Ol 
yzdan gelýardi. Haýdap gelýän oglanjyk birden
yzyna seretdi. 4. göç.m. Bir zatdan galan täsir. 
Garaşsyzlygyň kalbymda galdyran yzy öçmez. 5. 
göç.m. Tohum-tiç, nesil. Ogullynyň yzy ýitmez (Atalar 
sözi). Gyzy baryň özi bar, ogly baryň yzy bar 
(Nakyl). Ol goşundan dolanyp gelende, yzynyň sag-
aman horlanman ýaşandygyny gördi (B. Seýtäkow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   696   697   698   699   700   701   702   703   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling