Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet699/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   695   696   697   698   699   700   701   702   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Yşarat kylmak (etmek) ümlemek. Tagt 
üstünde maňa kyldy yşarat (Magtymguly). 
YŞGALAŇ [yşğalaň], at, ser. . Ýaňky 
ýerkümäniň bir ýerinde azrak yşgalaň galyp, şol 
ýerden gün düşen eken (

Görogly

). 
YŞGALAŇLY [yşğalaňly], syp., dil.b. Süýkeş 
sesler ( watan, wepa, wada, waharman sözlerindäki 
[w] sesi tegelek yşgalaňly, abraý, abat, abadan, oba 
sözlerindäki b harpy bilen ýazylýan [v] sesi ýasy 
yşgalaňly çekimsizlerdir). 
YŞGYN [yşğyn], at. Gumda bitýän tegelek hem 
ýasy ýaprakly ösümlik. Türkmenler yşgyn bilen 
şatereňiň köküni çaý deregine-de içýär ekenler (N. 
Esenmyradow). 
YŞK [yşyk], at. Birine ýa-da bir zada bolan içki 
söýgi duýgusy, söýgi, mähir. Yşk başga, höwes başga 
(Nakyl). Bir yşk düşse adam serne, Uky gaçyp, köňül 
urna (Magtymguly). 

 Yşk hanjary yşkyň, aşyklygyň, söýginiň täsirli, 
ýiti duýgusy. Yşk hanjaryn tiz eýläp, Sen ýene hynzyr 
eýläp (Magtymguly). Yşk ody yşkyň ýakyp barýan, 
janyňy alyp barýan ýiti täsiri . Yşk oduna ýana-ýana, 
Köýer boldum ýar derdinden (

Hüýrlukga – Hemra

). 
YŞKY, syp. Yşka degişli bolan (yşky-liriki eser 
hakynda). Ol heniz ýaşajykka, köp yşky kitaplary 
agtaryp çykypdyr (

Nesil

). 
YŞNAKLANMAK, işl. Açylmak, ýagtylmak, 
gelşigine gelmek (ýüz, göz, keşp hakynda). Çaňjaran 
ýadaw ýüzi yşnaklandy (B. Gurbanow).
YŞNAKLY, syp. Gelşikli, görmegeý, owadan. 
Emma onuň gülümsireýän yşnakly gözlerinde 
üýtgeşik bir zat saýgarmady (B. Kerbabaýew). 
YŞNAKSYZ, syp. Görmeksiz, gelşiksiz, owadan 
däl. 
YŞRAMAK [yşyramak], işl., gepl.d. Ýagtylyp 
gitmek, şöhle düşüp, ýagtylmak; gün çykyp, 
maýylganlyk aralaşmak. Uzaga çeken gara gyşdan 
ýadan adamlar günüň yşraryna sabyrsyzlyk bilen 
garaşýardylar.  


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   695   696   697   698   699   700   701   702   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling