Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
YLALAŞDYRYJY,
syp. Ylalaşdyrýan, ylalaşdyrmagy guraýan. Aşgabat – ylalaşdyryjy merkez, hemişelik Bitarap ýurduň paýtagty. YLALAŞMA [yla:laşma], iş ady. Ylalaşmak ýagdaýy. YLALAŞMAK [yla:laşmak], işl. Biriniň pikirine goşulmak, biriniň pikiri bilen razylaşmak. YLALAŞMAKLYK [yla:laşmaklyk], iş ady. Ylalaşmak ýagdaýy. YLALAŞMAZLYK [yla:laşmazlyk], iş ady. Ylalaşyga gelmezlik. YLALAŞYK [yla:laşyk], at. 1. Bir mesele boýunça iki tarapyň barlyşygy, razylygy. 2. Belli bir mesele boýunça özara baglaşylan şertnama. YLALAŞYKLY [yla:laşykly], syp. Ylalaşyk gazanylan, ylalaşyga gelnen. Ylalaşykly edilen iş gowy bolar. YLALAŞYKSYZ [yla:laşyksyz], syp. Ylalaşygy ýok, ylalaşygy bolmadyk. Ylalaşyksyz öýüň gelni ogurlyk eder (Atalar sözi). YLALAŞYKSYZLYK [yla:laşyksyzlyk], at. Ylalaşygy ýokluk, ylalaşykly dällik, ylalaşygy bolmadyk. YLALAŞYLMAK [yla:laşylmak], işl. Belli bir iş, ýagdaý, mesele we ş.m. hakynda razylaşmak. YLAÝTA-DA [yla:ýta-da], Aýratyn hem , has hem , aýratyn-da , has-da diýen ýaly manyda ulanylýan söz. YLAÝYM [yla:ýym], at, ser. Ylahym. Ol günleriň geçdigi bolsun, ylaýym (M. Seýidow). YLAÝYK [yla:ýyk], syp., gepl.d., ser. Laýyk. YLGAMA [ylğama], iş ady. Ylgamak ýagdaýy. YLGAMAK [ylğamak], işl. 1. Aýagyňy ýerden çalt-çaltdan galdyryp, bir ugra çalasyn hereket etmek, ýüwürmek, ýortmak. Nedirguly ylgap barýardy (N. Jumaýew). 2. göç.m. Bir işi bitirmek üçin jan çekmek, zähmet çekmek. Seni adam edip ýetişdirmek üçin, baý, ugruňda ylgandyryn-a. YLGAMAKLYK [ylğamaklyk], iş ady. Ylgamak ýagdaýy. YLGAŞLAMAK [ylğaşlamak], işl. Kä ylgap, kä çalt ýöräp, öňe hereket etmek; ýakyn aralykda çalarak ylgamak. Aman şol yzyň ugruny syryp, ylgaşlap başlady (B. Soltannyýazow). YLGAŞMAK [ylğaşmak], işl. 1. Bir topar bolup bilelikde ylgamak. Ýakynrakda bolup eşiden adamlar ylgaşyp gaýtsalar-da, wagtynda ýetişip bilmediler (H. Derýaýew). 2. Ylgamakda ýaryşmak. Oglanlar biri- birinden ozjak bolup ylgaşdylar. 438 YLGAŞYK [ylğaşyk], at. Ylgamaklyk. Ol aýal oglum ylgaşyga gatnaşýar diýip öwünýär. YLGATDYRMAK [ylğatdyrmak], işl. Ylgatmaga mümkinçilik bermek, ýol berdirmek. YLGATMAK [ylğatmak], işl. Ylgamaga mejbur etmek; ylgamaga mümkinçilik bermek. – Bar-da eşegi suwa ýak! – diýip, Gurbany iki ýana ylgadýardy (A. Durdyýew). YLGAW [ylğow], at, 1. Çalt ädimläp ylgama (adam hakynda). Raýyşdan düşdi-de, ylgawyna gelip öýe girdi (N. Pomma). 2. Ylgaşyk arkaly geçirilýän ýaryş. Ylgawyňy ýazdyrmazlyk säginmän, durman ylgap gitmeklik. Ol oglan ylgawyny ýazdyrman, bularyň ýanyna gelip ýetdi (B. Pürliýew). YLHAM, at. Ruhy göteriliş, joşgun, hyjuw. Ylham etmek hyjuw bermek, joşgun bermek. Ylham etdi möwlam maňa (Magtymguly). YLHAMLYLYK, at. Ylhamy barlyk, ylhamly bolmaklyk. YLHANAT [ylha:nat], at. 1. Nejis, ýigrenji, pis. Olaryň biri burunlak, agzynda ýeke dişi ýok, kellesi saňňyldawuk, bir ylhanat kempir ekeni (N. Pomma). 2. göç.m. Gaty köne, egne geýer ýaly däl. Kimden galan ylhanat, ogşuk bahaly içmek (Kemine). YLKYRAMAK, işl., gepl.d. Näzirgemek, syrkawsyramak, ýaramadyksyramak, eljiremek, jögülik etmek. YLLA [ylla:], kön.s. Edil, hut, agyn, tüýs. Wagtyň özi ylla bir uçup barýan guş ýaly, neneňsi geçenini-de aňşyryp bolmaýar (A. Nazarow). YLLAT, at, k.d. Kesel, dert. Kanagat barça yllatyň dowasy (Sopy Allaýar). Bir gün bolar, yllat goýar janyňda, Ömrüňde ugraşyp gezseň şum bilen (Magtymguly). YLMY, syp. Ylmyň ýörelgelerine esaslanýan, ylmyň talaplaryna laýyk bolan, ylma degişli. Men ony size diňe bir tejribe bilen däl-de, ylmy deliller bilen tassyklaýaryn (B. Kerbabaýew). Ylmy makala. Ylmy iş. Ylmy maslahat. YLMY-BARLAG [ylmy-va:rlağ], at. Ylmy taýdan geçirilýän derňew, barlag, ylmy-derňew. YLMY-DERŇEW [ylmy-derňöw], at, ser. Ylmy-barlag. Umuman, pagta barasynda ylmy- derňew işleri kän geçirilýär (B. Kerbabaýew). YLMYLYK [ylmy:lyk], at. Ylmyň ýörelgelerine esaslanmaklyk, ylmyň talaplaryna laýyklyk, ylmy häsiýetlilik. YLYKDYRMAK, işl., gepl.d. Kimdir birini özüňe gaty öwrenişdirmek. YLYM, at. 1. Tebigatyň, jemgyýetiň we pikirlenmäniň ösüşindäki kanunalaýyklyklar hakyndaky bilimler ulgamy we daşky dünýä täsir ediş ýollary, şeýle hem bilimleriň aýry-aýry pudaklary. 2. Adamyň okamak ýa-da durmuş tejribesi arkaly alan bilimi, sowady, düşünjesi. Ylym almak – iňňe bilen guýy gazmak (Atalar sözi). YLYMDAR [ylymda:r], syp., ser. Ylymly. Ylymdar adam. YLYMLY, syp. 1. Bilim, ylym derejesi ýokary, bilimli, ylymdar. Ylymly adam. 2. Sowatly, düşünjeli. Obanyň hemme gyzlarynyň Bahar ýaly ylymly bolmaklaryny arzuw etdiler (A. Gowşudow). YLYMLYLYK, at. 1. Ylymy barlyk, ylymly bolmaklyk. 2. Sowatlylyk. Ylymlylyk adamyň dünýä- garaýşyny giňeldýär. YLYMSYZ, syp. Ylymy ýok, ylymy bolmadyk. YLYMSYZLYK, at. Bilimi, ylymy ýokluk, ylymly dällik, bilimsizlik. Ylymsyzlyk nadanlykdyr. YMAM [yma:m], at. 1. Dine, şerigata ýolbaşçylyk edýän we metjitde namaz okaýanlaryň öňünde durýan adam. 2. Oglana dakylýan at. YMAMLYK [yma:mlyk], at. 1. Ymamyň wezipesi, ýagdaýy. Sähet işanyň ymamlygynda hersi öz namazlygynda hatarlaýyn durup namaz okanlaryndan soň, özara her babatdan gürrüň ederdiler (N. Pomma). 2. Ymama dahyly bolan. Meniň ymamlyk işim çykdy. YMARAT [yma:rat], at. Uly jaý, beýik bina. YMGYR [ymğyr], syp. 1. Ýaýlyp ýatan, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, giden, uly, giň, çäksiz. Küýsedi ol gözel ýary, Ymgyr çölde ýok karary (Ç. Aşyrow). 2. Sansyz-sajaksyz, ummasyz. Ymgyr köp zat. YMMAT, at. Bir dine, mezhebe uýýan adamlar, halk. Muhammet Mustafa ymmaty özüm, Ýetişer günleriň geldi, ezizim ( Saýatly – Hemra ). Mynajat dagyna çykan, Ymmatyň çyragyn ýakan, Pygamber hyrkasyn geýgen, Weýis hem ötdi ogulsyz ( Hüýrlukga – Hemra ). YMSYNDYRMAK [ymsynnyrmak], işl. Ymsynmagyna sebäp bolmak, ymsynmagyna getirmek. Gowurmanyň ýakymly ysy Kyýasy ymsyndyrdy (N. Jumaýew). YMSYNMA, iş ady. Ymsynmak ýagdaýy. YMSYNMAK, işl. Görüp duran zadyňy iýesiň gelmek. Süýji, şireli iýmite ymsynýany üçin, diňe dodaklaryny ýalaýardy (B. Kerbabaýew). Sen bir zatdan ymsynyp, basyk bolupsyň ( Nesil ). YMSYNMAKLYK, iş ady. Ymsynmak ýagdaýy. YMSYNYŞ, iş ady. Ymsynmak ýagdaýy. YMSYNYŞMAK, işl. Birnäçe adam bilelikde ymsynmak. Ymsynyşyp oturmak. YMTYLMA, iş ady. Ymtylmak ýagdaýy. YMTYLMAK, işl. 1. Bir zatdan hantama, tamakin bolup garaşmak, göz dikmek. Daşarda ymtylyp seredip otyr ( Görogly ). 2. Bir zady göz öňünde tutmak, amala aşyrmagy maksat edinmek, bir zady ýerine ýetirmäge çalyşmak. Sen hemme aýdylan zady gönümel manysynda düşünmäge ymtylýarsyň (B. Kerbabaýew). YMTYLMAKLYK, iş ady. Ymtylmak ýagdaýy. YMTYLYŞ, iş ady. Ymtylmak ýagdaýy. YMTYLYŞMAK, işl. Birnäçe bolup ymtylmak. YMYKLY, syp. Çynlakaý, düýpli, pugta, mazaly. Ymykly işe girişmek. Oba gelmek ýüregiňde bar bolsa, ymykly göçüp gel. 439 YMYZGANMAK [ymyzğanmak], işl. Az wagtlyk uklamak, çala irkilmek. Dogrusyny aýdanda Nabat eje şol süýji hyýal bilen ymyzganypdy (A. Gowşudow). YNAM, at. Biriniň birine ýa-da bir zada bolan gatnaşygyna esaslanan, ak ýürekliligine, açyk göwünliligine, dogruçyllygyna, ynsaplylygyna ýa-da bir zadyň dogrulygyna, nädogrulygyna bolan ynanç, esas, abraý. Ynam bildirmek ynanmak. Ynam etmek ynanmak.Ynam etmeseňiz sözüme meniň, Görkezeýin, düşüň yzyma meniň! (A. Salyh). YNAMDAR [ynamda:r], syp. 1. ser. Ynamly 1. Ol özüne ynamdar adam gözleýärdi. 2. göç.m. Berk, tutanýerli, gaýduwsyz, ygtybarly. Jonnuk batyr ynamdar jogap gaýtardy (B. Kerbabaýew). YNAMDARLYK [ynamda:rlyk], at, ser. Ynamlylyk. – Bu ýerde her haýsyňyzyň bitiren işiňiz aýnada görnen ýaly görkezilipdir – diýip, özüniň hasap kartasyna ynamdarlyk bildirmek bilen öňki ornunda oturdy (A. Gowşudow). YNAMLY, syp. 1. Ynam edilýän, ynam edip bolýan, janyňy ynanyp bolýan, ygtybarly, ynamdar. 2. Edýän hereketiniň dogrulygyna ynam bilen garaýan, ynanýan. Işe ynamly ýapyşmak. Ynamly bolmak. YNAMLYLYK, at. Ynama mynasyplyk, ynançlylyk, ähtibarlylyk, ynamdarlyk. Şol tarapa ynamlylyk bilen ýöräp ugrady (N. Jumaýew). YNAMSYZ, syp. 1. Ynamy ýok, ynamy bolmadyk. Durmuşda ynamsyz ýaşamak kyn. 2. Ynama mynasyp bolmadyk, ynamy ödemeýän, ynam edip bolmaýan, ynanar ýaly däl. Ol şol sekuntda Bossana ynamsyz garan bolsa, häzir ol Bossanyň pikiri bilen razylaşdy (B. Kerbabaýew). YNAMSYZLYK, at. Ynamly dällik, ynamy ýokluk. Seniň ynamsyzlyk bilen bakyşyň, beýle sözler aýdyşyň maňa agyr degýär (B. Seýtäkow). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling