Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


WOLEÝBOLÇY [waleýbo:lçy], at, sport.  Woleýbol oýnuny oýnaýan oýunçy. WOLFRAM


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet685/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   681   682   683   684   685   686   687   688   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

WOLEÝBOLÇY [waleýbo:lçy], at, sport. 
Woleýbol oýnuny oýnaýan oýunçy.
WOLFRAM [volfyra:m], at. Açyk-çal reňkli 
eremesi kyn agyr metal, himiki element.
WOW-WOWüml. It üýrende çykýan ses.

 Wow-wow etmek üýrmek. Garaja güjük wow-
wow etdi, Sesi onuň gala ýetdi (Matal). 
WUJUT [wuju:t], at, kön.s. 1. Göwre, beden. 
Wujudyňy bu köňlüm jan diýmişdir (Şah Ysmaýyl). 

Wujuda gelmek döremek, emele gelmek. 
WULKAN [wulka:n], at, ser. Ýanardag.
WÜŞI [wüşü], syp., gepl.d. Gözi şully, gözüniň 
kirpigi düşüp, çürşüp duran. 
WYJYR-WYJYR: 
wyjyr-wyjyretmek 
ser. 
Wyjyrdamak
WYJYRDABERMEK [wyjyrda:vermek], işl. 
Wyjyrdap başlamak. 
WYJYRDAMA, iş ady. Wyjyrdamak ýagdaýy. 
WYJYRDAMAK, işl. Çalt-çaltdan düşnüksiz
geplemek, wyjyr-wyjyr edip gürlemek (çaga 
hakynda). Ol enaýyja wyjyrdady. 
WYJYRDAMAZLYK, iş ady. Wyjyr-wyjyr edip 
gürlemezlik. 
WYJYRDAŞMAK, işl. Ýerli-ýerden bilelikde 
wyjyrdamak. Daşarda çagalaryň wyjyrdaşýan
sesleri eşidilýärdi. 
WYJYRDY, 
at. 
Çalt-çaltdan 
düşnüksiz
geplenende ýüze çykýan sözleýiş.
WYŽDAN [wyžda:n], at. Daş-töweregiňdäki 
adamlaryň, jemgyýetiň öňünde özüňi alyp barşyň
babatynda ahlak jogapkärçiligi duýgusy. 


434 

Wyždanyňy satmak wyždanyň tersine nädogry 
hereket etmek, adamkärçilik sypatyňy ýitirip, 
nädogry iş görmek, ynsabyňy ýitirmek. 
WYŽDANLY [wyžda:nly], syp. Wyždany bar 
bolan.
WYŽDANLYLYK [wyžda:nlylyk], at. Wyždany 
barlyk, wyždanly bolmaklyk 

WYŽDANLYRAK [wyžda:nlyra:k], syp. Belli 
derejede wyždanly. 
WYŽDANSYZ [wyžda:nsyz], syp. Wyždany 
ýok, wyždany bolmadyk. 
WYŽDANSYZLYK 
[wyžda:nsyzlyk], 
at. 
Wyždany ýokluk, wyždansyz bolmaklyk.
 WYSAL [wysa:l], at. Duşma, duşuşma, 
gowuşma (antonimi: hijran hem-de pyrak). Ajy 
aýralyk ýamandyr, wysaly dilär göwnüm (

Görogly

). 
Wysala doýmak olmaz, hijrana dözmek olmaz 
(Magtymguly). 

Wysal bolmak (olmak) duşmak, duşuşmak. 
Ugradym Ylýasa, Hyzr oldy wysal (Magtymguly). 
WYZLAMAK 
[wyzylamak], 
işl., 
ser.  
Wyzzyldamak. 
WYZLAŞMAK 
[wyzylaşmak], 
işl., 
ser. 
Wyzzyldaşmak 
WYŞY-WYŞY, at. Pyşyrdalyp edilýän gürrüň;
gulaga 
eşidilýän 
hyşy-wyşy. 
Wyşy-wyşyňyzy 
goýsaňyzlaň 
WYZYRDABERMEK [wyzyrda:vermek], işl. 
Wyzyrdap başlamak, 
WYZYRDAMA, iş ady. Wyzyrdamak ýagdaýy. 
WYZYRDAMAK, işl. Wyzyrdyly ses çykmak, 
wyzyr-wyzyr edip seslenmek (köplenç, siňek, ary we 
ş.m. uçan ýagdaýynda). 
WYZYRDAMAZLYK, iş ady. Wyzyrdap 
uçmazlyk. 
WYZYRDAŞMAK, işl. Ýerli-ýerden wyzyr-
wyzyr edip uçmak. 
WYZYRDY, at, ser. Wyzzyldy. 
WYZYR-WYZYR: wyzyr-wyzyr etmek ser. 
Wyzyrdamak. 
WYZ-WYZ: 
wyz-wyz 
etmek 
ser. 
Wyzzyldamak. Bir siňek wyz-wyz edip gelipdir-de
Soltansöýüniň ýüzüne gonupdyr (

Myraly

). 
WYZZYLDABERMEK [wyzzylla:vermek], işl. 
Wyz-wyz edip başlamak. 
WYZZYLDAMA 
[wyzzyllama], 
iş 
ady. 
Wyzzyldamak ýagdaýy. 
WYZZYLDAMAK [wyzzyllamak], işl. Wyz-
wyz etmek, wyz-wyz edip seslenmek. Siňek 
wyzzyllaýar. 
WYZZYLDAMAZLYK [wyzzyllamazlyk], iş 
ady. Wyz-wyz etmezlik. 
WYZZYLDAŞMAK 
[wyzzyllaşmak], 
işl. 
Köpçülikleýin wyz-wyz etmek. Bal arylar gül 
üstünde wyzzyldaşýardylar. 
WYZZYLDY [wyzzylly], at. 1. Siňegiň we käbir 
mör-möjekleriň uçýan wagtynda ganatyny here- 
ketlendirende çykýan sesiň ady. 2. göç.m. Bolgusyz 
iňirdi. Wyzzyldyňyzy bes ediň!  

 
Y [y:], Türkmen elipbiýiniň ýigrimi sekizinji 
harpy. 
YBADAT [yva:dat], at. Hudaýa gulluk etme, 
doga, namaz okama. Dilaram hudaga şükür kylyp, 
ybadatga meşgul boldy (

Melike – Dilaram

). 

 Ybadat eýlemek hudaýa gulluk etmek, namaz 
okamak. 
YBADATHANA [yva:datha:na], at. Ybadat 
edilýän, hudaýa tagzym edilýän, doga okalýan ýörite 
jaý. Asly hany hammama äkidip, zynat berip, 
ybadathanaga alyp bardylar (

Asly – Kerem

). 
YBALY [y:va:ly], syp., ser. Ibaly. Türkmen 
bolsa, kesekä boýun egenden, boýnunyň oňrulanyny 
ybaly görýän halk! (B. Kerbabaýew). Men it 
sarkydyny içip sagalanymdan, ölenimi ybaly görerin 
(B. Kerbabaýew). 
YBARAT [yva:rat], Bir ýa-da birnäçe zatdan 
durýan, bir topar zady öz içine alýan.
YBRAT [yvrat], at. 1. Görelde, öwüt-nesihat. 
Siz şondan ybrat alyň, dowla düşmäň, näme karara 
gelseňiz, maslahat bilen geliň, müwessa goýuň! (B. 
Kerbabaýew). 2. göç.m. Geň galma, haýran galma. 
Her bir zähmetiň netijesine ybrat-görelde bilen bak 
(

Edebiýat we sungat

). 
YGAL [yğal], at. Gar, ýagyş we ş.m. görnüşinde 
asmandan ýagýan ýagyn. Şu ýylyň ýazy amatly geldi, 
ygalam ýeterlik ýagdy (

Türkmenistan

). 
YGALLY [yğally], syp. Köp ýagynly, ýagmyrly.
YGALLYK [yğallyk], syp. Köp ýagynly, 
ýagmyrly, ýagyn köp ýagýan, ýere köp ygal düşýän, 
ygally. Ygallyk ýyl
YGALSYZ 
[yğalsyz], 
syp. 
Gar-ýagmyr 
ýagmaýan, ýagynsyz, gurak. Ygalsyz ýylda suw 
gelmeýäni üçin, jar taňkyrap galardy (

Edebiýat we 
sungat

). 
YGLAN [yğla:n]: yglan etmek bir habary 
köpçülige äşgär etmek, ýaýratmak, hemmeler biler 
ýaly etmek.
YGRAR [yğra:r], at. Bir zat barada berlen söz, 
wada, lebiz, messep, äht.  
YGRARLY [yğra:rly], syp. Ygrary bolan
sözünde durýan, messepli, lebizli. Bu gün halkymyz 
Türkmenistanyň 
Konstitusiýasynda 
kesgitlenen 
mizemez 
hukuklaryna 
daýanyp, 
Magtymguly 
Pyragynyň agzybir, parahat, oňşukly ýaşamak 
baradaky ündewlerine ygrarlydygyny subut etdi 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, 
Garaşsyzlyga 
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). 
YGRARLYLYK [yğra:rlylyk], at.Ygrary barlyk, 
lebizlilik. Ygrarlylyk türkmene mahsus häsiýetdir. 
YGRARSYZ [yğra:rsyz], syp. Ygrary ýok, 
ygrary bolmadyk, messepsiz. Ygrarsyz adam. 


435 
YGRARSYZLYK [yğra:rsyzlyk], at. Ygrary 
ýokluk, messepsizlik.
YGŞYLDAMA [yğşyllama], iş ady. Ygşyldamak 
ýagdaýy. 
YGŞYLDAMAK [yğşyllamak], işl. Şemala 
ýuwaşja seslenip, kadaly yrgyldamak (köplenç, 
maýsa, bugdaý we ş.m. hakynda). Ygşyldap oturan 
maýsalar. 
YGŞYLDAMAKLYK [yğşyllamaklyk], iş ady. 
Ygşyldamak ýagdaýy. 
YGŞYLDAŞMAK [yğşyllaşmak], işl. Köp zat 
ygşyldap seslenmek. Ýapraklaryň parça-parça, 
Ygşyldaşar, ak jöwenim! (M. Garryýew).
YGŞYLDATMAK [yğşyllatmak], işl. Ygşyldyly 
ses döretmek. Ýuwaş öwüsýän ýumşajyk ýel ekinleri 
ygşyldadýardy (R. Seýidow).
YGŞYLDAÝYŞ 
[yğşyllaýyş], 
iş 
ady
Ygşyldamak ýagdaýy. 
YGŞYLDY [yğşylly], at. Ýeliň we ş.m. täsiri 
sebäpli agaçdyr ösümlik ýapraklarynyň biri-birine 
degmegi netijesinde döreýän sesiň ady. Bu sapar 
gelmedi ýaňky çygşyldy, Diýdim çöp-çalamlar edýär 
ygşyldy (N. Pomma).
YGTYBAR [yğtyva:r], at, ser. Ynam. Ärden 
gitse ygtybarlar, Sowar ondan dosty-ýarlar 
(Magtymguly). Diýgen sözlerime hiç kim ynanmaz, Il 
içinde ygtybarym ýok meniň (Kätibi). 
YGTYBARLY [yğtyva:rly], syp. Ynamly, 
ynamdar, ygtybary bar bolan.
YGTYBARLYLYK [yğtyva:rlylyk], at, ser. 
Ygtybary barlyk, ygtybarsyz dällik.
YGTYBARSYZ [yğtyva:rsyz], syp. Ygtybary 
ýok, ygtybary bolmadyk. Hak, pygamber, halk 
bizardyr, Düýbi ygtybarsyz ärden (Magtymguly). 
Ygtybarsyz pelek, biwepa dünýä, Saňa gelen Gylyç 
jany neýlediň? (Talyby). 
YGTYBARSYZLYK [yğtyva:rsyzlyk], at, ser. 
Ygtybary ýokluk, ygtybarly dällik. 
YGTYKAT [yğtyka:t], at, k.d. Bir düşünjä bolan 
ynanç, ynam. Didaryň görmesem, tutarmen ýasyň, 
Ygtykadym bol, başyňa döneýin! (Kätibi). 
YGTYMAT [yğtyma:t], at, k.d. Ynam, ynanç,
daýanç. Zerre ygtymatym galmady janda (

Şasenem 
– Garyp

). 
YGTYÝAR [yğtyýa:r], at1. Bir zada bolan erk.  
Ol meseläni çözmäge meniň ygtyýarym ýok. 2
Rugsat, razylyk. Ygtyýar berseňiz, jogapdan öňürti 
bir soragym bar! (

Myraly

). 
YGTYÝARLY [yğtyýa:rly], syp. 1. Bir zada 
hak-hukugy, ygtyýary bolan, erki bolan, hakly. Men 
erkli döwrüň ygtyýarly ýigidi bolup, näme üçin öz 
pikirimi, öz islegimi oňa mälim edip bilemok? (B. 
Kerbabaýew). 2. Rugsat edilen, rugsatly. Ygtyýarly 
bolsaňyz, baga girip bilersiňiz.  
YGTYÝARLYLYK 
[yğtyýa:rlylyk], 
at
Ygtyýary, erki barlyk. Ol ruhy älemine ygtyýarlylyk 
etjek bolup synanyşdy, emma başarmady (G. 
Kulyýew).
YGTYÝARSYZ 
[yğtyýa:rsyz], 
syp
1
Ygtyýary, erki ýok, ygtyýar berilmedik, erksiz. 
Ygtyýarsyzlyk onuň elini baglaýardy.2. Öz erkine, 
ygtyýaryna bagly bolmadyk, biygtyýar. Myradyň 
gara gözlerinden ygtyýarsyz ýaş akdy (B. 
Kerbabaýew).  3. Rugsatsyz, bidin, idinsiz, izinsiz. Ol 
okuwdan ygtyýarsyz galypdyr. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   681   682   683   684   685   686   687   688   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling