Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


WES-WEÝRAN [wes-weýra:n], hal. Bütinleý  zaýalanan, doly harap bolan.  WES-WEÝRANÇYLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet682/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   678   679   680   681   682   683   684   685   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

WES-WEÝRAN [wes-weýra:n], hal. Bütinleý 
zaýalanan, doly harap bolan. 
WES-WEÝRANÇYLYK [wes-weýra:nçylyk], 
at, ser. Wes-weýranlyk. 
WES-WEÝRANLYK [wes-weýra:nlyk], 
at. 
Bütinleý weýran bolmaklyk, doly harap bolmaklyk. 
WEŞEŇ-WEŞEŇsyp. Üýşüp ýatan, näçe diýseň 
bar, gereginden artyk, bol, köp (pul hakynda). Pul 
diýeniň weşeň-weşeň (N. Pomma).  
WETERAN [vetera:n], 1. Urşa gatnaşan 
söweşiji. Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň,
olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken 
weteranlaryň pensiýalarynyň aýda iň ýokary 
möçberini 638 manat möçberinde bellemeli 
(

Türkmenistan

). 2. Köp ýyllap zähmet çeken 
hormatly işgär. Zahmet weterany.
WETERINAR [veterina:r], at. Weterinariýadan 
ýokary hünärli hünärmen (serMal doktory). 
WETERINARIÝA 
[veterinari:ýa], 
at
Haýwanlaryň kesellerini, şol keselleriň öňüni 
almagyň we olary bejermegiň usullaryny öwrenýän 
ylymlar ulgamy. 
WEÝ, Adamyň geň galmaklyk, haýran galmaklyk 
ýaly içki duýgularyny aňladýan ümlük. 

Weý

diýip 
sypybilmersiň, sen meniň soragyma jogap ber (A. 
Durdyýew). Weý, möjek dost, seniň habaryň ýokmy? 
(

Türkmen halk ertekileri

). 
WEÝ [we:ý], üml

Utan

diýen manyda 
geňlemegi aňladýan söz (köplenç, çagalaryň dilinde).
WEÝLEMEK [we:ýlemek], işl. Geňleýändigiňi 
aňlatmak üçin gollaryňy öňe uzadybrak iki eliňi içine 
ýumýan ýaly görnüşde çalarak galgatmak (köplenç, 
çagalaryň dilinde). 
WEÝRAN [weýra:n], hal. Berbat bolan, harap 
bolan, ýumrulan, ýykylan, zaýalanan, çaşan. 
Komandir dykgatly göz gezdirende, weýran edilen 
ýerleri görüpdi (A. Kekilow).
WEÝRANÇYLYK [weýra:nçylyk], at. Ýaşalýan 
ýerlere, hojalyga, ykdysadyýete ýetirilen uly zyýan, 
zaýaçylyk, berbatlyk. Eger şeýle itiň bolmasa, onda 
dogumly, hilegär möjek her gün süriňe çozuş eder, 
weýrançylyk salar (B. Gurbanow).
WEÝRANHANA [weýra:nha:na], at. Weýran 
bolup galan köne şäher, ýumrulyp giden oba we ş.m. 
harabaçylyk. 
Atasy 
Hemraga 
weýranhanada,
mazarystanda we metjitde ýatmagyn diýip, üç sany 
wesýet edipdi (

Hüýrlukga – Hemra

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   678   679   680   681   682   683   684   685   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling