Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


WEÝRANLYK  [weýra:nlyk],  at,  ser


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet683/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   679   680   681   682   683   684   685   686   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

WEÝRANLYK 
[weýra:nlyk], 
at, 
ser. 
Weýrançylyk. Agzalalyk weýranlyga, gedaýlyga 
sebäp bolýar. 
WEÝ-WEÝ, üml. Bir zada öte geň galanyňda, 
haýran galanyňda aýdylýar. Weý-weý, beýle zat 
bolmaz ahyry! (B. Pürliýew).
WEÝ-WEÝ [we:ý-we:ý-], üml. Weýläp duran 
wagty çagalaryň yzly-yzyna aýdýan sözi.
WEÝ-WEÝ-EÝüml. Biliňi ýazmak üçin dyzyňy 
epeňde, oturjak bolup durkaň aýdylýar (köplenç, orta, 
ýokary ýaşlylar hakynda). 
WEZIPE [wezi:pe], at. 1. Bir edarada, kärhanada 
bir işi, borjy ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly 
gulluk. Bu wezipe Annagulynyň depesini göge ýetirdi 
(A. Durdyýew). 2. Ýerine ýetirilmeli, berjaý edilmeli 
, borç. Wezipäňi berjaý etmek. 3. Bir işi ýerine 
ýetirmegi, berjaý etmegi talap edýän mesele, hyzmat, 
tabşyryk, ýumuş.


433 
WEZIPELI [wezi:peli], syp. Bir wezipä, işe, 
gulluga eýe bolan, wezipesi bar (adam). Haýsy-da 
bolsa onuň ýokary wezipeli adamlardan biri bolup
jogapkärli orunda işleýäni bellidi (A. Gowşudow). 
WEZIPELILIK [wezi:pelilik], at. Wezipesi 
barlyk, wezipeli bolmaklyk. 
WEZIPEPARAZ [wezi:peparaz], syp. Wezipede 
ulalmagy söýýän, işde ösmäge dalaş edýän, uly 
wezipelerde bolmagy gowy görýän. 
WEZIPEPARAZLYK [wezi:peparazlyk], at. 
Wezipeparazyň gylyk-häsiýeti.  
WEZIPESIZ [wezi:pesiz], syp. Wezipesi ýok,
wezipesi bolmadyk. 
WEZIR [wezi:r], at. 1. taryh. Patyşanyň we 
hanlaryň köşgündäki ýokary wezipeli adam; şanyň 
ýakyn kömekçisi, maslahatçysy. Patyşanyň 
weziriniň hem bir ogly bar erdi (

Gül – Senuber

).  
Wezir nadan bolsa, hiç erki bolmaz (Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   679   680   681   682   683   684   685   686   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling