Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


WELIN [weli:n], bagl., ser. Weli


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet681/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   677   678   679   680   681   682   683   684   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

WELIN [weli:n], bagl., ser. Weli. 
WELISIREMEK [weli:siremek], işl. Weli bolan 
bolmak, özüni weli ýaly öňden görüji edip görkezjek 
bolmak.
WELOSIPED [welsepi:t], at. Tigirleri aýagyň 
bilen pedala (basgyja) basylyp hereket etdirilýän ulag 
(serTigir).
WENA [ve:na], atlukmanç. Beden agzalaryndan 
we dokumalardan ýürege gan akdyrýan gan damary. 
WENEZZYNA [wenezzyna:], at. Nikasyz 
doglan, nikasyz doglup kemala gelen, çöpdüýbi. 
WENGER [venge:r], at, ser. Wengerler. Wenger 
dili. Wenger sungaty. 
WENGERLER [venge:rler], at. Wengriýanyň 
esasy ilatyny düzýän halk, majarlar. 


432 
WEPA [wepa:], at. 1. Birine ýa-da bir zada 
bolan gatnaşygyňda, borjuňy ýerine ýetirmekde 
durnuklylyk, sözüňden dänmezlik. Päheý, wadada 
wepa gaty bolmalydyr (H. Derýaýew). 2. Oglana 
dakylýan at. 

Wepasyny görmek hözirini görmek, eşretini 
görmek. Jepasyny çeken wepasyny görer (Nakyl). 
Bak, kim wepa görmüş biwepalardan (Magtymguly). 
WEPADAR [wepa:da:r], syp., ser. Wepaly. Biz 
doganlyk 
dostluga 
ömürbaky 
wepadar 
(J. 
Ilmyradow).
WEPADARLYK 
[wepa:da:rlyk], 
at, 
ser. 
Wepalylyk. Öweziň Görogla we Çandybil halkyna 
bolan wepadarlygy görkezilýär (

Görogly

). 
WEPALY [wepa:ly], syp. 1. Wepasynda berk 
durýan, sözünde, wadasynda tapylýan, birine ýa-da 
bir zada tüýs ýürekden berlip, öz borjuny ýerine 
ýetirýän, ygtybarly, wepadar. 2. Oglana dakylýan at. 
WEPALYLYK 
[wepa:lylyk], 
at. 
Wepaly 
bolmaklyk, wepasy barlyk.
WEPALYRAK [wepa:lyra:k], syp. Belli derejede 
wepaly. 
WEPASYZ [wepa:syz], syp. Wepasy ýok, wepasy 
bolmadyk, biwepa. Eger-de Jygaly beg wepasyz 
bolup çyksa, her wagt hem muny iline ýetirmän, 
başyny almaga wagt tapylar (

Görogly

). 
WEPASYZLYK [wepa:syzlyk], at. Wepasy 
ýokluk, wepaly dällik, biwepalyk. 
WEPAT [wepa:t]: wepat bolmak aradan 
çykmak, ölmek.
WERDIŞ, at. Türgenleşik endigi, endik, köp 
işlemek netijesinde gazanylan başarnyk. Tur-otura 
ýarandan soň nätdiler? Ýumuş buýrup işe werdiş 
etdiler (B. Kerbabaýew).
WESÝET, at. 1. Nesihat, tabşyryk. 2. Adamyň 
özüniň diri wagtynda mal-mülküni maşgala 
agzalarynyň näme etmelidigini dilden ýa-da ýazmaça 
anyklap galdyran tabşyrygy.
WESÝETNAMA [wesýetna:ma], at. Ýazmaça 
wesýet. Ol atasyndan galan wesýetnamany elinde 
saklap durdy. 
WESME, at. Ösümlikden alnan maddalar garylyp 
ýasalýan we gaşa çalmak üçin peýdalanylýan gara 
reňk. Saýat han hem gülgün lybaslar geýip, 
gaşlaryna wesme goýup, bag seýlige çykdy (

Saýatly 
– Hemra

). Ýüze gülap sürtüp, wesme gaşynda, 
Gyrmyz geýip dildarlyga ýeten gyz (Mollanepes). 
WESSALAM [wessala:m], Gürrün gutardy; 
tamam, soňy. 
Wessalam, söz tamam! (K. 
Gurbannepesow). 
WESSE, at. Jaýyň pürsleriniň arasyna kese
goýulýan gysga agaçlar, perwaz. Bu jaýyň wesseleri 
köp eken. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   677   678   679   680   681   682   683   684   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling