Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet660/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   656   657   658   659   660   661   662   663   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

 
 
Ü 
 
 
 
Ü [ü:], Türkmen elipbiýiniň ýigrimi altynjy harpy. 
ÜBTÜK [üvtük], at. Pamyk, ýüň, ýüpek we ş.m. 
zatlaryň sütük görnüşli bölejigi. Sary maýaň sütügi, 
Gyrmyzy ýüpek übtügi (Hüwdüden).
ÜBTÜJEK [üvtüjök], at, Has kiçijik übtük. 
Pagtanyň bir übtüjeginem zaýa etmeli däl. 
ÜÇ, san. 1. 3 belgisiniň ady we onuň aňladýan 
sany. 2ser. ÜçlükSynagda fizikadan üç aldym. 
ÜÇBIR [üçvi:r], hal. Üç-üçden, üç bolup. Bir 
salymdan ikibir, üçbir bolup gürrüňe başladylar. 
ÜÇBURÇ [üçvurç], syp. Üç burçdan ybarat, 
burçy üç bolan. Üçburç kagyzlar ýatyr saralyp, 
Okady käsini eline alyp (A. Kekilow). 
ÜÇBURÇLUK [üçvuruşluk], at. Üç sany göni 
çyzygyň kesişmegi netijesinde üç sany içki burç 


412 
emele getirýän geometrik şekil, şeýle-de şonuň ýaly 
şekildäki her bir zat. Göni üçburçluk. 
ÜÇEK [üçök], at Üsti suwalan tamyň ýokarsy, 
üsti. Çyk üçege, bak ýola, Daýyň geler wagtydyr 
(Hüwdi). Arzygül çykar üçege, Ýalkymy düşer köçäge 
(Seýdi). 
ÜÇEM [üçöm], at. 1. Bir wagtyň özünde bir 
eneden bolan üç çaga.  Üçem çaga. 2. Bir wagtyň 
özünde bir eneden bolan üç owlak, üç guzy. Üçem 
owlak. Üçem guzy. 3. Oglanlaryň üç sany aşygy sülüp 
oýnaýan oýny. Oglankak üçemi köp oýnandyrys. 
Üçem gelmek oklanýan üç aşygyň üçüsi-de 
meňzeş ýatmak (üçüsi-de alçy gopmak ýa-da dükge, 
ýa jikge ýatmak) 
ÜÇGAT [üçğat], at, ösüml.d.  Tegelek ýaprakly, 
ak-gyrmyzy gülli, kendire meňzeş gabykly gyrymsy 
agaç.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   656   657   658   659   660   661   662   663   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling