Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet653/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   649   650   651   652   653   654   655   656   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

URUŞ
at. 
1
Sögüşmek, 
ýakalaşmak, 
ýumruklaşmak bilen ýüze çykýan dawa, gopgun, 
jenjel, uruş-sögüş. Uruş, sögüş, ýaraşyga ýer goý 
(Nakyl). Bu gün uruş ýaman boldy (

Görogly

). 2
Döwletler arasyndaky ýaragly söweş, jeň. Geçen 
uruşda wepat bolanlaryň ählisi Türkmenistanyň milli 
Gahrymany diýlip yglan edildi (

Türkmenistan

). 

 Urşuň geňeşi ýok işe girişibermeli, garaşmagyň 
geregi ýok, maslahatlaşmagyň näme hajaty 
bar.

Urşuň geňeşi ýok

diýipdirler, ir günümizi 
gijikdirmän, bag ekmäge başlalyň! 
URUŞ-ÇYKYLYK [uruş-çy:kylyk / uruş-
şy:kylyk ], at. Uruş, uruş-jenjel. Gülala günümiz bar, 
uruş-çykylyk bolmasa bolýar. 
URUŞDYRMAK [uruşdurmok], işl. 1. Iki adamy 
biri-biri bilen ýakalaşdyrmak. Çagalary biri-birleri 
bilen uruşdyrmak bolmaz. 2. Döwletler arasynda 
ýaragly çaknyşyk döretmek. 3. Güýç synanyşdyrmak 
üçin 
garpyşdyrmak, 
süsüşdirmek 
(haýwanlar 
hakynda). Itleri uruşdyrmak. Horazlary uruşdyrmak. 
4. Çem gelen zady urup, döwüp, ýykyşdyryp 
çykmak. Ol uruşdyryp gelşine, onuň çarygynyň 
apgyrdyndan basdy (N. Saryhanow). 
URUŞGAN [uruşğon], syp. 1. Uruşmaga ökde,
urmagyň tilsimlerine ökdelän. Bä, meň kakam şeýle 
uruşgan boldumyka? (B. Kerbabaýew). 2. gepl.d. 
Uruşmaga, ýakalaşmaga endik eden. Bir bezzat 
uruşgan adam bolupdyr (A. Salyh). 
URUŞGANLYK [uruşğonluk], at. 1. Uruşmaga 
ökdelik. 
Şol 
söweşde 
biziň 
esgerlerimiziň 
uruşganlygyna haýran galypdyrlar. 2. gepl.d. 
Uruşgan halda bolmaklyk, uruşmaga meýillilik, 
yrsarap urşasy gelip duraganlyk. Oglum, uruşganlyk 
erbet gylykdyr. 
URUŞ-JENJEL,at. Adamlar arasynda närazylyk 
zerarly döreýän uruş we galmagal. Ozal hem uruş-
jenjel bilen ol janawerleriň örüsini daraltdyk 
(

Edebiýat we sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   649   650   651   652   653   654   655   656   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling