Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


urmak dabaraly ýöremek, ädimlemek. Kök urmak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet651/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   647   648   649   650   651   652   653   654   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

urmak dabaraly ýöremek, ädimlemek. Kök urmak
köküni ýeriň asagyna ýaýratmak. Kürek urmak 
gaýygy kürekläp, herekete getirmek. Möwç urmak  
möwjemek, güýçlenmek, ýokary derejä ýetmek. 
Naýza urmak naýzalamak. Perwaz urmak ganat 
kakmak, ýokarda uçmak; biriniň daşynda perwaz 
bolup uçmak. Ýük urmak ýük ýüklemek. Ýürek 
urmak ýüregi işlemek. Sowuk urmak aýazly 
howada ösümliklere sowuk degip, ýapraklary 
jansyzlanyp guramak. Zarba urmak boýun 
egdirmek, agdarmak, ýumurmak, ýeňmek maksady 
bilen güýçli çozuşy amala aşyrmak, zabt etmek. 

Urup aglamak etjegiňi edip mönsüremek, 
haýýarlyga salmak, aýbyňy ýaşyrjak bolup gaçalak 
etmek, öňürtjek bolmak. Urup çykmak özüňi 
oňarmak, başyňy çaramak, kişi kömegine zar 
bolmazlyk. Gör-de dur, seň gyzyň hem bir ýerden 
urup çykar (N. Pomma). Urup girmek gözi ýok ýaly 
çalt girmek, hiç zadyň pikirini etmän, göni girmek. 


405 
Töweregine gözüni elek-çelek edip, ol çaýhana urup 
girdi (A. Geldiýew). 
URNA [urno], at. 1. Tikilýän geýimlik mata 
azlyk edende urulýan bölek mata. Begresiň çykmasa, 
özüne meňzeş matadan urna edäýerler. 2. göç.m. 
Öňki işiň, aladaň üstüne goşulýan alada, iş. Bu-da 
urna bolup, birleşse bary, Bagyşlaň, elbetde, men 
günäkäri (A. Kekilow).

Urnanyň üstünde durna artykmaç (dert, azar).
URNABERMEK [urna:vermek], işl. Urnap 
başlamak.
URNALMAK [urnolmok], işl. Tikilýän geýime 
urna urulmak. 
URNALY [urnoly], syp. Köp urna urlan.
URNALYK [urnoluk], syp. Tikilýän geýime urna 
etmek üçin (bölek mata), urna üçin, urna bolar ýaly 
ýetne. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   647   648   649   650   651   652   653   654   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling