Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
TYKYRATMAK [ty:kyratmak], işl. Tykyramak katdyna ýetirmek, tykyramagyna sebäp bolmak, tykyramagyna ýol bermek. TYKYRAÝYŞ
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
TYKYRATMAK [ty:kyratmak], işl. Tykyramak
katdyna ýetirmek, tykyramagyna sebäp bolmak, tykyramagyna ýol bermek. TYKYRAÝYŞ [ty:kyraýyş], iş ady. Tykyramak ýagdaýy. TYKYRDABERMEK [tykyrdavermek], işl. Tykyrdap başlamak. TYKYRDAMA, iş ady. Tykyrdamak ýagdaýy. TYKYRDAMAK, işl. Tykyr-tykyr ses etmek, tykyrdyly ses çykmak, tykyrdy emele gelmek, döremek. Birden gapy tykyrdady. TYKYRDAMAKLYK, iş ady. Tykyrdamak ýagdaýy. TYKYRDAMAZLYK, iş ady. Tykyrdyly ses etmezlik. TYKYRDAŞMAK, işl. Tykyrdyly seslenmek. TYKYRDATDYRMAK, işl. Tykyrdyly sesleri döretdirmek. TYKYRDATMAK, işl. Tykyrdyly ses döretmek, çykartmak. Çagajyk elindäki oýnawajyny tykyrdatdy. TYKYRDAÝYŞ, iş ady. Tykyrdamak ýagdaýy. Ýeliň badyna gapynyň üznüksiz tykyrdaýşy bilen öwrenişmeli boldy. 393 TYKYRDY, at. Gaty zatlar biri-birine degende çykýan sesiň ady. Tigiriň tykyrdysy. Daşarda bir zadyň tykyrdysy bar ýaly-la? TYKYRGANMAK [ty:kyrğanmak], işl., ser. Tykyramak. Atam-enem göwnemez diýip tykyrganan boldum ( Edebiýat we sungat ). TYKYR-TYKYR, s.ş. aňl.söz. Gaty zatlar biri- birine degende çykýan sesler. TYL [ty:l], at. Frontuň yz tarapy, uruş meýdanyndan yzda galan territoriýa. Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň aýda iň ýokary möçberini 638 manat möçberinde bellemeli ( Türkmenistan ). TYLLA [tylla:], at. 1. Sary reňkli, lowurdaýan gymmat bahaly metal, gyzyl, altyn. Mal üçin ynjydyp gardaş-doganyň, Az bildiň tylladan satyp, sowanyň (Magtymguly). Tylla ýüzük. 2. Adam ady. TYLLAMAK, işl.,gepl.d. Ýekirmek (köplenç, aýal-gyzlar tarapyndan ulanylýan söz). Ýuwaş bolansoň, uly eltileri kiçi gelinlerini gaty tyllaýarlar. TYLLARLAMAK, işl., ser. Tyllamak. TYMSAL [tymsa:l], at. Mysal hökmünde getirilýän, aýdylýan gysgajyk gürrüň. TYŇKARMA, iş ady. Tyňkarmak ýagdaýy. TYŇKARMAK, işl.1. Doýup garny galyp durmak. Körpe ýorunjadan doýan guzynyň garynjygy tyňkaryp dur. 2. Semizlikden pökgerip durmak, dykyz eti-gany daşyna depmek. Ýaňagy tyňkaryp durmak. TYŇKARMAKLYK, iş ady. Tyňkarmak ýagdaýy. TYŇKARMAZLYK, iş ady. Tyňkaryp durmazlyk. TYŇKARTMAK, işl. Tyňkarmak katdyna ýetirmek. Garnyny tyňkartmak. TYŇKARYLMAK, işl. Tyňky görnüşe geçmek, tyňky bolmak. TYŇKARYŞMAK, işl. Birnäçe zat tyňkaryp durmak. Dok guzularyň garynjyklary tyňkaryşyp dur. TYŇKY, syp. Eti-gany ýetik, tyňzap duran, dykyz. TYŇŇYLDAMA [tyňňyllama], iş ady. Tyňňyldamak ýagdaýy. TYŇŇYLDAMAK [tyňňyllamak], işl., ser. Tyňňyrdamak. Tyňňyldyly ses etmek, tyňňyldyly ses çykmak, tyňňyrdamak. Dutaryň kirişleri tyňňyldap, ýakymly ses tamyň içine ýaýrap gitdi. TYŇŇYLDAŞMAK [tyňňyllaşmak], işl. Köp zat tyňňyldamak, tyňňyrdaşmak. TYŇŇYLDATMAK [tyňňyllatmak], işl. Kirşine kakyp, tyňňyldyly ses çykarmak, tyňňyrdatmak. Bagşy dutaryny tyňňyldadyp başlady. TYŇŇYLDAÝYŞ [tyňňyllaýyş], iş ady. Tyňňyldamak ýagdaýy. TYŇŇYLDY [tyňňylly], at. Saz gurallarynyň kirşine kakylanda çykýan sesiň ady. Öýden tyňňyldy eşidildi. TYŇŇYRDABERMEK [tyňňyrda:vermek], işl. Tyňňyrdap başlamak. TYŇŇYRDAMA, iş ady. Tyňňyrdamak ýagdaýy. TYŇŇYRDAMAK, işl., ser. Kirşine kakylan dutardan tyrňyldyly ses çykmak. TYŇŇYRDAMAKLYK, iş ady. Tyňňyrdamak ýagdaýy. TYŇŇYRDAMAZLYK, işl. Tyňňyrdyly ses çykmazlyk. TYŇŇYRDAŞMAK,işl., ser. Kirşine kakylýan birnäçe utar tyrňyldamak. TYŇŇYRDATMAK, işl., ser. Tyňňyrdyly seslendirip çalmak. TYŇŇYRDAÝYŞ, iş ady. Tyňňyrdamak ýagdaýy. TYŇŇYRDY, at, ser.Kirşine kakylan dutardan çykýan sesiň ady. TYŇZAMA, iş ady. Tyňzamak ýagdaýy. TYŇZAMAK, işl. 1. Içi suwuklykdan we ş.m. zatdan pugta doldurylandan soň ýaryljak ýaly bolup dyňzap durmak (meşik, ýanlyk we ş.m. hakynda). Ýanlygyň garny tyňzap durdy. 2. göç.m. Joşmak, möwç urmak, dyňzamak. Tyňzap gelen gülki. TYŇZAMAKLYK, iş ady. Tyňzamak ýagdaýy. TYŇZATMAK, işl. Dyňzar ýaly gaty doldurmak, dyňzatmak. Ganary tyňzadyp doldurmak. TYŇZAÝYŞ, iş ady. Tyňzamak ýagdaýy. TYPANÇAK [ty:pançak], syp., ser. Taýgançak. TYPANÇAKLYK [ty:pançaklyk], at ser. Taýgançaklyk. TYPDYRMAK [ty:pdyrmak], işl., ser. Taýdyrmak. Ol gyzjagazynyň elinden tutup, buzuň üstünden typdyrdy. TYPMA [ty:pma], iş ady. Typmak ýagdaýy. TYPMAK [ty:pmak], işl., ser. Taýmak I. Ýigitleriň aýaklaryndaky ädikleri, çokaýlary aýnanyň ýüzüne basylan ýaly typyp gidýärdi (B. Seýtäkow). TYPMAKLYK [ty:pmaklyk], iş ady. Typmak ýagdaýy. TYPMAZLYK [ty:pmazlyk], iş ady. Typmak hereketine amal etmezlik. TYPYBERMEK [ty:pyvermek], işl. Typmaga girişmek, typyp ugramak. TYPYŞ [ty:pyş], iş ady. Typmak ýagdaýy. TYPYŞMAK [ty:pyşmak], işl., ser. Taýyşmak. TYRK-TYRK, s.ş.aňl.söz. Agaç, taýak we ş.m. kakylanda, biri-birine urlanda çykýan ses. Birden onuň işigi tyrk-tyrk kakyldy (A. Gowşudow). TYRKYLDAMA [tyrkyllama], iş ady. Tyrkyldamak ýagdaýy. TYRKYLDAMAK [tyrkyllamak], işl. Gapy kakylanda we ş.m. ýagdaýda tyrkyldyly ses çykmak. Aman şol oýlardan başyny saýlamanka, gapy tyrkyldady (B. Kerbabaýew). TYRKYLDAMAZLYK [tyrkyllamazlyk], iş ady. Tyrkyldyly ses çykmazlyk. TYRKYLDAŞMAK [tyrkyllaşmak], işl. Köp ýerden tyrkyldyly ses çykmak. 394 TYRKYLDATMAK [tyrkyllatmak], işl. Tyrk- tyrk edip kakmak. Ahyry ol elindäki gamçysynyň sapy bilen derwezäniň gapysyny tyrkyldatdy (A. Gowşudow). TYRKYLDAÝYŞ [tyrkyllaýyş], iş ady. Tyrkyldamak ýagdaýy. TYRKYLDY [tyrkylly], at. Tagtadan ýasalan zadyň ýüzüne çalarak urlanda, kakylanda çykýan sesiň ady. Onuň gulagyna bir tyrkyldy eşidildi. TYRŇYLDAMA [tyrňyllama], iş ady. Tyrňyldamak ýagdaýy. TYRŇYLDAMAK [tyrňyllamak], işl. Dartylan kiriş kakylanda, yrgyldadylanda tyrňyldyly ses çykmak. Näzijek barmaklar tutýar erşini, Tyrňyldap ýatladýar dutar kirşini (Ç. Gurbangylyjow). TYRŇYLDAŞMAK [tyrňyllaşmak], işl. Birnäçe dartylan kiriş kakylanda, yrgyldadylanda tyrňyldaşmak bilen cykýan ses. TYRŇYLDATMAK [tyrňyllatmak], işl. Dartylan kirişleri kakyp, tyrňyldyly seslendirmek.Bagşy dutaryny tyrňyldatdy. TYRŇYLDY [tyrňylly], at. Dartylan kiriş kakylanda çykýan sesiň ady. Içerden dutaryň tyrňyldysy eşidilýärdi. TYRPMAK, işl., ser. Typmak. Güle-güle ýene tyrpdym, Basyp duran kesegimden (K. Gurbannepesow). TYRRYK, syp. Gysga, kelte (geýim hakynda). TYRRYLDAMA [tyrryllama], iş ady. Tyrryldamak ýagdaýy. TYRRYLDAMAK [tyrryllamak], işl. Kiçiräk motor ýa-da kiçi motorly mehanizmler işlände tyr-tyr edip ses etmek, tyrryldyly seslenmek. Motor tyrryldap geçip gitdi. TYRRYLDAŞMAK [tyrryllaşmak], işl. Birnäçe ýerde tyrryldamak. TYRRYLDATMAK [tyrryllatmak], işl. Tyrryldyly ses çykartmak. TYRRYLDAÝYŞ [tyrryllaýyş], iş ady. Tyrryldamak ýagdaýy. TYRRYLDY [tyrrylly], at. Kiçiräk motor ýa-da kiçi motorly mehanizmler işlände çykýan sesiň ady. TYRS-TYRS: tyrs-tyrs etmek ser. Tyrsyldamak. Itden gorkan çaganyň ýüregi tyrs-tyrs edip urýardy. TYRSYLDABERMEK [tyrsylla:vermek], işl. Tyrsyldap başlamak. TYRSYLDAMA [tyrsyllama], iş ady. Tyrsyldamak ýagdaýy. TYRSYLDAMAK [tyrsyllamak], işl. Tyrs-tyrs edip hereketlenmek, gymyldamak. Çerkeziň gapana düşen towşan ýaly tyrsyldaýanyna gözleri düşenden soň, olar sorag berip başladylar (B. Kerbabaýew). TYRSYLDAMAKLYK [tyrsyllamaklyk], iş ady. Tyrsyldamak ýagdaýy. TYRSYLDAMAZLYK [tyrsyllamazlyk], iş ady. Tyrsyldyly hereket etmezlik. TYRSYLDAŞMAK [tyrsyllaşmak], işl. Köp zat tyrsyldamak. Ýelliniň göriplik damarlary tyrsyldaşyp başlady (A. Gowşudow). TYRSYLDATMAK [tyrsyllatmak], işl. Bedeniň bir ýeri tyrs-tyrs etdmek, gymyldamak. Ol kinniwanja gara murtlarynyň uçlaryny tyrsyldadyp, topbuja ellerini maňa tarap uzadyp durdy (T. Gurbanow). TYRSYLDAÝYŞ, iş ady. Tyrsyldamak ýagdaýy. TYRSYLDY [tyrsylly], s.ş.aňl.söz. Damaryň, ýüregiň we ş.m. tyrs-tyrs edip urmasy, tirpildi. TYRYM-DYKYZ, hal. Içi dykylyp doldurylan ýaly bolan. Gozalary tyrym-dykyz dolan pagtaň bolsa açylmazlyga çäresi ýokdur (B. Kerbabaýew). TYSSYLDY [tyssylly], at. Pişigiň gahar bilen çykarýan sesiniň ady. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling