Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


TÜPEŇLEÝIŞ [tüpöňlöýüş], iş ady. Tüpeňlemek  ýagdaýy. Onuň guş tüpeňleýşini görüp haýran  galdym.  TÜRBET


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet633/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   629   630   631   632   633   634   635   636   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

TÜPEŇLEÝIŞ [tüpöňlöýüş], iş ady. Tüpeňlemek 
ýagdaýy. Onuň guş tüpeňleýşini görüp haýran 
galdym. 
TÜRBET [türvöt], at, k.d. Guburyň üstüne 
galdyrylan gümmez. 
TÜRGEN [türgön], syp.1. Bir hünäri kemsiz ele 
alan, ökdelän. Ol tüpeň atmaga gaty türgendi. 2. 
Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adam, sportçy. 
TÜRGENLEME 
[türğönlömö], 
iş 
ady. 
Türgenlemek ýagdaýy. 
TÜRGENLEMEK [türğönlömök], işl. Hünäriňe 
ökdelemek, türgen bolmak. 
TÜRGENLEMEKLIK [türğönlömöklük], iş 
ady. Türgenlemek ýagdaýy. 
TÜRGENLEŞDIRMEK [türğönlöşdürmök], işl. 
Türgenleşmegini ýola goýmak. 
TÜRGENLEŞIK [türğönlöşük], at. Haýsydyr bir 
ugurdan başarnygyňy, endigiňi ösdürmek üçin
geçirilýän okuw sapagy. Harby türgenleşik okuwlary 
türkmen goşunynyň doly derejede goranyşa 
taýýardygyny ýene bir gezek görkezdi (Gurbanguly 
Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga guwanmak, 
Watany, halky söýmek bagtdyr). 
TÜRGENLEŞMEK [türğönlöşmök], işl. Hünäri 
ele alyp, ökdeläp başlamak. Ol uzynlygyna we 
ýokarlygyna bökmäge gowy türgenleşdi. 
TÜRGENLIK[türğönlük], at.Hünäre, belli bir 
maşka we ş.m. ökdelik. 
TÜRGENLEÝIŞ 
[türğönlöýüş], 
iş 
ady. 
Türgenlemek ýagdaýy . 
TÜRK, at. 1. ser. Türkler. 2. gepl.d. Sada, 
ýönekeý, köpbilmiş däl (adam hakynda). 
TÜRKANA [türka:na], syp. Häsiýeti, bolşy sada, 
ýönekeý (adam).  
TÜRKANALYK [türka:nalyk], at. Sadalyk, 
ýönekeýlik. 
TÜRKÇE [türkçö], hal. Türk dilinde. Türkçe 
gepleşmek.
TÜRKI [türküý], syp. Türk halklaryna degişli 
bolan. Türki diller. Türki halklar. 
TÜRKLÜK [türklük], at, ser. Türkanalyk
TÜRKLER [türklör], at. Türkiýäniň esasy ýerli 
halky.  
TÜRKMEN [türkmön], at, ser. Türkmenler 
TÜRKMENÇE [türkmönçö], hal. Türkmen 
dilinde. Olar türkmençäni gowy bilýärler. 
TÜRKMENÇELEMEK [türkmönçölömök], işl. 
1. Türkmen dilinde sözlemek, türkmençe geplemek. 
Ol türkmençeläp bir zat diýdi. 2. Türkmenleriň edim-
gylymyna, edähedine laýyk hereket etmek, iş etmek. 
Ogullaryny türkmençeläp – gudaçylyga sawçy iberip, 
malyny geçirip, sähedini alyp, gelnalyjylap öýli-
işikli etdiler. 
TÜRKMENÇELEŞMEK [türkmönçölöşmök], 
işl. Biri bilen türkmençe gepleşmek, bilelikde 
türkmençelemek.
TÜRKMENÇILIK 
[türkmönçülük], 
at. 
Türkmeniň durmuşyna, ruhuna, medeniýetine, 
häsiýetine we ş.m. laýyklykda dörän ýol-ýörelge. 
Söwdanyň arasyna düşmek türkmençilikde gaty 
aýypdyr. 
TÜRKMENLER 
[türkmönlör], 
at.
Türkmenistanyň esasy halky, ilaty.  
TÜRKÜLEME [türkülömö], iş ady. Türkülemek 
ýagdaýy. 
TÜRKÜLEMEK [türkülömök], işl. 1. Türki 
dilleriň birinde geplemek, sözlemek. Ol sözüniň 
arasyda türküläp gepleýärdi. 2. göç.m. Sypaýylyk 
bilen düşnükli, göni, anyk aýtmak. Belki, hemmämiz 
düşüner ýaly türkülärsiň?! 
TÜRKÜLEMEKLIK 
[türkülömöklük], 
iş 
ady.Türkülemek ýagdaýy.  
TÜRKÜLEÝIŞ 
[türkülöýüş], 
iş 
ady. 
Türkülemek ýagdaýy. 
TÜRKÜŞYNAS 
[türküşyna:s], 
at. 
Türki 
halklarynyň dili, edebiýaty, taryhy, medeniýeti we 
ş.m. bilen iş salyşýan, olary öwrenýän alym. 
TÜRKÜŞYNASLYK [türküşyna:slyk], at. Türki 
halklaryň dilini, edebiýatyny, taryhyny, medeniýetini 
we ş.m. öwrenýän 
ylym. 
Soňky ýyllarda 
türküşynaslyk ylmynda düýpli işler edildi. 
TÜRME [türmö], at. Azatlykdan mahrum edilen 
adamlar saklanýan ýer, tussaghana, zyndan. 
TÜRNÜKat. Dik oturdylan iki sany direge kese 
berkidilen demir taýak görnüşindäki sport enjamy. 
TÜRPE [türpö], syp.,k.d. Gözel, owadan, ajaýyp, 
täze. Saňa iýdirdim körpe, Bedewler içinde türpe 
(

Görogly

). 
TÜRPELIK [türpölük], at. Gözellik, owadanlyk, 
kaşaňlyk, ajaýyplyk. 
TÜRRE [türrö], at. Oňurganyň çanaklyk süňki 
bilen birigýän ýeri. 
TÜRŞEK [türşök], at. Biýarasy gawun pazylyna 
çalymdaş ösümligiň ternä meňzeş düwünçegi. 
TÜSSE [tüssö], at. Bir zat ýananda, otlananda 
emele gelýän tütün. Gije oda gitme, gündiz tüssä 
(Nakyl). 
TÜSSEÇYKAR [tüssöçykar], at. Jaýlarda
ýakylýan peçleriň tüsse çykýan ýoly. 
TÜSSELEÇ [tüssölöç], syp. Tüssäniň reňkine 
meňzeş, tüsse reňkli. Tüsseleç goňur sakgal. 
TÜSSELEME [tüssölömö], iş ady. Tüsselemek 
ýagdaýy. 
TÜSSELEMEK 
[tüssölömök], 
işl. 
Tüsse 
çykmak, tüsse goýbermek, tütemek. 
TÜSSELEMEKLIK [tüssölömöklük], iş ady. 
Tüsselemek ýagdaýy. 
TÜSSELEŞMEK [tüssölöşmök], işl. 1. Köp zat 
tüsselemek, tüsse çykarmak, burugsamak. 2. göç.m. 
Çilim çekişmek. 
TÜSSELETMEK [tüssölötmök], işl. Tüsse 
çykartmak, tütetmek. 


390 
TÜSSELEÝIŞ [tüssölöýüş], iş ady. Tüsselemek 
ýagdaýy. 
TÜTE [tütö], at. Daşyna sapak saralýan içi deşik 
gargy ýa-da kagyzdan gatlanyp ýasalan bir garyş 
çemeli uzynlykdaky turbajyk. 
TÜTEME [tütömö], iş ady. Tütemek ýagdaýy. 
Oduň tütemesi galdy. 
TÜTEMEK [tütömök], işl.1. Ýanman tüsseläp 
durmak, tütün bolmak, tüsselemek, burugsamak. 2
göç.m. Gynançdan, gahar-gazapdan we ş.m. ýaňa 
ýüregi lowlap durmak. Onuň içi bizden ýaňa tütäp 
durandyr. 3. göç.m. Gaňşyrawugyňa berk, ýiti täsir 
etmek. 
TÜTEMEKLIK [tütömöklük], iş ady. Tütemek 
ýagdaýy. 
TÜTEŞMEK [tütöşmök], işl. Ýanman tüsseläp 
durmak (ýakylýan odun-çöpler). 
TÜTETMEK [tütötmök], işl.1. Ýakyp bilmän, 
ýakman tüsseletmek. 2. göç.m. Ýiti täsir etmek, 
güýçli burnuňa urmak. Gowy tutulan düýe çaly 
gaňşyrawugyňy tütedýär. 
TÜTÜNat. 1. ser. Tüsse2. Temmäki, çilim. 
TÜWDÜRIBERMEK [tüwdürivermek], işl. 
Tüwdürip ugramak. 
TÜWDÜRILIŞMEK [tüwdürlüşmök], işl., ser. 
Tüwdürilmek. Olar inişden aşak tüwdürilişip 
gitdiler. 
TÜWDÜRILMEK [tüwdürülmök], işl. Zyňlyp 
gitmek. Toýhana az galanda, at tüwdürilip gitdi. 
TÜWDÜRME [tüwdürmö], iş ady. Tüwdürmek 
ýagdaýy. 
TÜWDÜRMEK [tüwdürmök], işl.1. Birini ýa-da 
bir zady bat bilen ýykyp, atyp togalap goýbermek. 
Märekä uran at bir oglany kakyp, tüwdürip 
goýberdi.2. göç.m. Işden, gullukdan kowmak, 
çykarmak. 
TÜWDÜRMEKLIK [tüwdürmöklük], iş ady. 
Tüwdürmek ýagdaýy. 
TÜWDÜRMEZLIK [tüwdürmözlük], iş ady. 
Tüwdürip goýbermezlik. 
TÜWE [tüwö], at. Ikiýaşar urkaçy göle, gulajyn, 
gaçar. 
TÜWELEME [tüwölömö], üml. Bir işi gowy 
ýerine ýetiren adamy öwüp ýa-da onuň eden işi 
makul görlüp aýdylýan alkyş sözi. Tüweleme, uly iş 
bitirdiňiz! 
TÜWELEÝ [tüwölöý], at. Köwsarlap, burum-
burum bolup aýlanyp, dik ýokaryk galýan tozanly 
güýçli ýel. 

Tüweleý turuzmak 1) gopgun, galmagal 
etmek. Ol dükanyň içinde tüweleý turuzýardy. 2
tozan etmek, tozanlatmak.Ýeňil maşyn gumak ýolda 
tüweleý turzup barýar. Gara tüweleý ýerdäki 
gumlary we basga zatlary asmana göterýän güýçli 
tüweleý.
TÜWELEK [tüwölök], at, ser. Tüwlek. Biwepa 
pelek! Kän etdiň heläk, Ile gawun berdiň, Maňa – 
tüwelek (Aýdym sanawaçlary). 
TÜWLEK 
[tüwlök], 
at. 
Gawun-garpyzyň 
düwünçegi. Bir tüwlek terne. Köp wagtlap gawun-
garpyzlaryna seredişsem-de, maňa bir tüwlegini hem 
hödürlemedi. 
TÜWI [tüwü], at. 1. Iýmit üçin ulanylýan ak, 
süýnmek däne, bürünç. 2gepl.d. Palaw. 
TÜÝat.1. Adamlaryň we haýwanlaryň bedenine 
çykýan gyl. 2. Saç. 

Tüýüňi täzelemek täze geýim, egin-eşik 
edinmek, egin-eşigiňi täzelemek. 
TÜÝDÜBERMEK [tüýdüvermek], işl. Tüýdüp 
başlamak; tüýtmegi dowam etdirmek.Ýüňi eliňe al-
da, şeýdip tüýdüber. 
TÜÝDÜK, at. Gamyşdan ýasalyp, üflenip 
çalynýan, dilli gadymy türkmen saz guraly. Çopan 
tüýdügi. Tüýdük çalmak. Gamyşdan tüýdük ýasamak. 

Gargy tüýdük gargydan ýasalyp, uzynlygy 
750-800 mm, üst ýüzünde alty, aşagynda bir perde 
deşigi bolup, ujuna demir müşdük geýdirilip üflenýän 
tüýdük. Dilli tüýdük bir bogunly gamyşdan ýasalan 
tüýdük (dilli tüýdügiň üç-dört sany perde deşigi 
bolýar). Goşa dilli tüýdük tüýdügiň goşalandyrylan 
görnüşi. Meşikli tüýdük eýlenen geçi hamy meşik 
görnüşine getirilip, agzyna tüýdügiň özi birikdirilýän 
dört-bäş perde deşikli saz guraly.
TÜÝDÜKÇI [tüýdükçü], at. Tüýdük çalýan 
sazanda. 
TÜÝDÜKLIK 
[tüýdüklük], 
syp. 
Tüýdük 
ýasamak üçin, tüýdük ýasar ýaly (gamyş). Tüýdüklik 
gamyş. 
TÜÝDÜLMEK [tüýdülmök], işl. 1. Ýaplygan
ýüň çekilip-çekişdirilip, übtük-übtük edilmek. 
Tüýdülen ýüňi saýgyçdan geçirmek. 2. Könelip, 
geýilip ýyrtylmak. Seniň geýen eşigiň derrew 
düýdüläýýär-le?!  
TÜÝDÜM, at. Ýüň, pagta, we ş.m. zatlaryň 
tüýdülen übtügi. Birtüýdüm ýüň. 
TÜÝDÜM-TÜÝDÜM
hal. 
Ýolum-ýolum, 
ýyrtyk-ýyrtyk bolan, dargan. It telpegi tüýdüm-
tüýdüm edip taşlady. 
TÜÝDÜŞiş ady. Tüýtmek ýagdaýy. 
TÜÝDÜŞDIRMEK [tüýdüşdürmek], işl. Bölek-
bölek, tüýdüm-tüýdüm etmek, bir ýanyndan tüýdüp 
çykmak. Ol ýerde ýatan galak-gaçak ýüňleri
tüýdüşdirdi. 
TÜÝDÜŞMEK [tüýdüşmök], işl. 1. Tüýtmäge 
kömekleşmek. Gyzy ejesine ýüň tüýdüşdi. 2. Birnäçe 
bolup bilelikde tüýtmek. Aýallar ýüň tüýdüşip otyrdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   629   630   631   632   633   634   635   636   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling